Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

16:53
Köp gürrüňi edilýän tema
KÖP GÜRRÜŇI EDILÝÄN TEMA

Göwnüme bolmasa şeýle ýaly. Ýöne meselä has giňräk, has çuňrak seredesim, asyl sebäbini bilesim, oňa düşünesim gelýär.
Ýaňy ýanyma biri geldi – ogul öýerjek, restoran üçin bir maşynyň bahasyny bermeli. Onam karz-kowal bilen» diýip nalaýar. «Ogluma-da gep düşündirip bilemok. Käşgä gürlesedi, şzünkiň dogrudygyny subut etsedi, diňkesini bir burça dikýär-de, sesini çykarman otyr. Senem janygýaň, gürleýäň, ahyram gury janyňy ýakanyňa gaharyň gelip goýýaň. Olam turup gidýär» diýip jibrinýär. Menem, bir zatlar diýýän, «Düşübdirjek bolmaly, zamanasy gelýändir-dä» diýen ýaly boş takal otarýan.
Näme üçin beýlekä? Biziň kakamyz bir zat diýse, hökümediň kanundan berkdi. Hökman şoňa boýun bolaýmalysyň. Indi näme tersine bolaýdy. Biziň kakamyz ýaly ýaşuly däldigimizdanmikä? Ýa-da ýaşlar biziň ýaly dälmi? «Pygamberimiziň döwründe beýle däldi» diýipdir biri, şonda o wagtlar sahabalaryň öň hatarynda Dört Çaryýarlar bardy» diýip beýlekisi ýagdaýy düşündiripdir. Ýok, özümizi Dört Çaryýarlara deňejek bolmaýanyma düşünýänsiňiz, ýöne mesele nämede? Muňa anyl jogap tapyp bilemok. «Rak keseliniňem nämedigine, nämeden döreýändigine anyk düşünip bolsa, onuň bir alajyny derrew tapardylar» diýýäler.
Gürrüňini edýän zadymam şol kesel ýaly bir zatmyka? Ulaldyp oturan bolmagym mümkin. Toýdur, çykdajy ediler, il-gün kömek eder, soň ogluň-gelniň gaýrat edip bergileri üzer, mesele-de bolmadyk ýaly geçer gider. Edil şol tarhandöker toýuň bir gijede sowulyp gidişi ýaly. Emma, mesele puldamyka? Ogullar atalary diölemese, atalar ogullaryna gepini düşündirip bilmese – bu bir ýönekeý, wagtlaýyn, geçip gidýän meselemikä? Bu bir ýapyk, çykalgasyz aýlawmy? Orslar aýtmyşlaýyn «Zamknutyý krug» bolýarmy?
Köklerimize gidýän «Belaň körügi «bolşewikde», «komsomolda», «Hudaýsyzlykda» diýen pikir aklymda aýlanýar. Ony diýsemem, bolşewigi, komsomoly görmedik Eýranda-da, Owganda-da… ýagdaý biziňkiden gowy dälmikä diýýän. Dogrusy, «Muny derňedim, sosiologiki derňew geçirdim» diýsem ýalançy. Ýöne birki ýyl Eýran türkmenlerinden bir oglany öýümde sakladym, şondan, şoň eden gürrüňlerinden çen tutýan.
«Zamanasy gelipdir» diýýäler. Hawa, Ýer togalagy ahyrzamana tarap togarlanyp barýar. Ýöne ahyretde Ýer togalagynyň bu togalanmasyny (ösüşmi, yza gaýdyşmy) özüme tutalga, pena, dagy bolmasa gaçypatalga edinip bilermikäm? Ogluň seni diňlemeýän bolsa, senden jogap soralmazmy? Ýa-da ogul atasyny diňlemese, oguldan hasap talap edilmezmi? Ahyret…
Biz şu dünýämizi ahyrete öwürip baramyzokmy?
Ýüregiňizi gysdyrmaýyn. Özümiň örtenip oturanymam ýeterik, ýöne bu meseläniň çykalgasy bardyr. Munuň bardygyna ynanýan. Sebäbi älemi ýaradan Alla bar, onuň iberen Pygamberi bar, ynsana berlen akyl, düşünje bar – bularyň hemmesiniň (hersiniň derejesine görä) çykalgadygyna ynanýan. Emma, akylsyza, düşünjesize, akmaga özünden başga duşman gerekmi? Alla näme etsin? Pygamber neýlesin?
Garrylar, ýaşlar! Şu köp gürrüňi edilýän, çykalgasy tapylmaýan meseläniň çözgüdini tapalyň. Her kim özüçe tapsyn, ýöne tapsyn. Muňa biparhlyk etsek ýa-da etjek alajyň ýok diýsek – biz hiç, agtyk-çowluklarymyzyň ýagdaýy has kyn bolar.

Çeşmesi: http://www.ekizler2.com/index.php?q=1&ac=blogs&id=207. 07.12.2022ý.
Bölümler: Publisistika | Görülen: 66 | Mowzugy paýlaşan: Bagabat | Teg: Hydyr Amangeldi | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 0
avatar

Старая форма входа
Total users: 203