18:23 Kürekçi / hekaýa | |
KÜREKÇI − Boluň, haýdaň, birgiden ýal ýagylary! Kürekbaşy gamçysyny howada gaýta-gaýta şabyrt etdirip oturanlaryň injiklerini saňňyldadýar. Hemmesiniň ýeňse çukuryny görüp duranam bolsa, hamana, öňlerinde duran ýaly haýbatly. Görünmeýäni üçin oturanlar ony hasam haýbatly göz öňüne getirýär. Şu sözi eýýäm müňlerçe gezek eşidýän, ýene müňlerçe gezegem eşiderin. Müňden ýokarda hem san bardyr welin, men bilemok. “Şu bäş sözi gaýrat et çalyş” diýip dyzyma çöküp ýalbarasym gelýär. Gamçy bilen ursun welin, şu sözi aýtmasyn. Endamyň urgusyna çydap bolýar, gulagyňdan girip, beýniňi ýekedaban bilen çagşadýan sözlere welin çydap bolanok. Özi ýadamaýarmyka şol bir sözden? Ne bir arzuwa, pikire çümüp oturansyň welin, ýalaw ýaly aýpaltany aýlap-aýlap hyýalyňdan urýar. − Boluň, haýdaň, birgiden ýal ýagylary! Şular ýaly çirkin seslini bilgeşleýin tapyp goýýandyrlar. Bor-la! Özüme söz berdim üns berjek däl diýip. Bir sydyrgyn işledilýän kürekler. Bileniň-biteniň kürek. Eşitmeli däl zady eşidip ýadan gulagyň töwereklerinden syrygyp gaýdan der, eliň aýasyna çenli gelip küregiň agaç süňňüne siňýär. Derden ýaňa ýylmanaklaşyp, gap-gara bolup gidipdir. Ýa şu ýerzeminiň özi garaňky, bilmedim. Bar syrdaşym küregim. Syrdaşam däl, diňleýjim. Muňa menden başga ýene iki sany adam syryny aýdýar, nädip syrdaşym bolsun. Diňleýämikä bir! Zeýiň ysy gelip dur. Gämiň her gapyrgasynda 50 kürek, ikisini goşsaň 100 bolýar. Her kürekde üç adam bar diýseň jemi 300 adam bolýar. Baý-bow, şu wagta çenli hasaplabam görmändirin. Esli bar ekenik. Her gün şu ýüzleri görýän. Her gün diýemden nähili düşündirjegimi bilemok, her gün bolanda hiç dynmaýan bir gün ýaly. Bir-biriňi görüp ýadaýaň. Şoň üçin hemme kişiň ýüzi aşak. Kürekbaşy biz utanjymyzdan şeýdýäsmikäk diýýändir. Hemmämiz bir-birimize meňzeýäs. 299 sany men. Men ýaman kän-laý. Özümi aýnada görüp bilemok diýip gynanmaly däl. Ýöne aýnajygym bolsa nähili gowy bolardy. Hut özüňi görseň başga hili bolýandyr. Ýatan wagtym özümi synlap-synlap ýatardym. Iň soňky gezek haçan özümi gördümkäm? Aýna − sag tarapyňy çep, çep tarapyňy sag görkezýän eser. Seni tersine öwrüp öňüňde goýýar. Aýnada özümi göresim gelýär. Ýok, göresim gelenok öýdýän. Sakgal-sarmyk basyp gidendir ýüzümi. Egin-başym sal-sal, tüýdüm-tüýdümdir. Çorlap giden ellerimi, aýaklarymy nirämde gizläýin. Geýim-gejimimi näçe wagtdan bäri çalşyp bilemok. Eşik hiç-le! Arzuwlarymy çalşyp bilemok, muňa näme diýjek, hä? Bar arzuwym şu ýerden çykyp, çagalarymyň arasyna barmak. Öýden gaýdanma 10 ýyl bolup gelýär. Çagalarym henizem oglan-uşak göz öňüme gelýär. Bu wagt hersi ers-mers daýaw pyýada bolandyr. Dogrymy aýtsam, öýden çykyp gaýdamda wagty durzup gaýdypdym. Öýe barsam, belki, pitiwa edenem bolmaz. Töňňe duran ýaly gararlar. Ine, arzuwlarymam hiç hili ösenok. Gaýtam tapgyr-tapgyr opurlyp gopýar. Ýöne pikirlem beýle däl. Pikir etmek iň gowy gaçybatalga. Nähili endigan lezzetli. Keçje ýeri, hiç kim oňa päsgel berip bilenok. Daşyna çitenek sim aýlajak gümanyň ýok. Arman, bulary ýazyp bilemok. He-he, aýdybam bilemok. Gel, bir pikirimi ýazdym diýeli. Men nirden bileýin, näçe pikiri ýazmadygymy, näçe pikirimi ýazmajagymy. Ýazan zadyňa gaňrylyp seretjek tapsaňam ýazsaňam bolar welin, bärdäkiler hiç zada üns bilen seretmeýär, gözastyndan synlaýalar. Näme diýip durun men, ýazmaga şertiň bir barmy diýsene. Şoň üçin bar pikirimi okeana akdyryp otyryn. Käwagt umman joşýar diýip gürrüň edýäler, habarlary ýok, her gün pikir guýup otyryn. Şeýtmesem aram tapamok. Wawwaly mesele, pikirimi haýsy söz bilen beýan etmeli diýen pikir gerdenime has agram berýär. Aglap wägirip duran bäbegi gundamak ýaly. Bu eýýäm iki esse pikir bolýar. Birinjisi ýeňil, ikinjisi agyr. Garaz, göwreli bolmak aňsat, dogurmak kyn. Sözler, sözlemler bilen öňünde durjak bolsaň eýgerdenok. Käbirlerini ýadymda çüýläp goýasym gelýär welin, ýa çüý tapamok, ýa çekiç, ýa-da diwar. Bulam bir kitaby ýarsyna ýetip taşlan ýaly ala-sarmyk duýgulara gark edýär. − Şeýdip ýelkeniň garny şemaldan gerk-gäbe bolsa arkamyz sypalanýar. Il deňinde tijeneýin. Kim sakalynyň ujuna teňňe daňypdyr, kim saçyny örüp, daşyna mata orapdyr. Nähili-aý bular?! Kimler çignine ýüp daňypdyr. Bir hili goşmaça daýawam görünýär. Hanha, çepiksiň birem şeýdip daňypdyr. Beter aýyby açylypdyr. Şu ýerde-de görünjek bolup heläk-dä biz. Gyýşyk-çaýşyk itiň ýalagynda nahar iýýän diýenok. − Inim, inim, eşidýäňmi? − Hawa, agam, aýdyberiň! Aýtjak sözüni sözme-söz ýatdan bilýän. “Men indiki ýyl boşaýan” bilen “Nesip bolsa, boşadygym seňkilerem görüp gaýtjak”. Hamana birinji gezek eşidýän ýaly diňlemeli. Gel-gel, her gezek maňa aýdýar. Pyşdyrdaýar özem, zordan eşidýän. − Men indiki ýyl boşaýan! − Hä, şeýlemi ýaşuly, tüweleme gözüň aýdyň! − Çüş, çüş, hiç kime aýdaýma! Nesip bolsa boşadygym seňkilerem görüp gaýtjak. Nireden diýipdiň? − Hatap galadan! − Hä, hä, Hatap galasy diýsene! Baryp görüpdim. Owadan ýerler. Sümme tokaýlyklary diýsene... − Hawa, hawa! Barmadyk ýeriňiz ýok öýdýän agam siziňem. − Päheý, meň paşmagymyň basmadyk ýeri ýokdur. Kap dagynyň nirdediginem bilýän. Şu ýaşuly ýedi ýyldan bäri “indiki ýyl boşaýan” diýip gelýär. Öz-özüňi aldap-aldap ýalançy bolunjak eken. Şu görgülini boşatsalaram bolýar-a. Kürekden aslyşyp agram berýär gaýtam. Entegem, ýanyndaky iki sany äpedeň alyp çykaýýar. − Boluň, haýdaň, birgiden ýal ýagylary! Gamçyň ujy içini hümledip oturan kürekçiň döşüniň sag tarapyndaky ýara baryp degdi, ýagyrnysyna uzyn tagma basylan ýaly etdi. Esli wagt demini çykarman, gara der bolup küregini işletdi. Öňe, biliňi göneldip yza. Öňe, biliňi göneldip yza... − Boluň, ýetip barýas! Kim bilýär ýetip barýasmy, ummanyň ortarasynda durusmy ýa-da ýaňy kenardan uzaklaşdykmy? Ýeri, ýeteňde näme diýsene! Kime görä ýetmek, ha-ha-ha. Haçandan bäri gülmändim-aý. “Boldy, besdir, indi küreklejek däl” diýip ýerimden syçrap turasym gelýär. Ýöne bu duýgymy söndürjeklerini bilip, özüm derrew söndürýän. Olar söndürse gözümde ot ýakýalar. Gözüňde ot ýansa wagty bilen sönenok. Göz ýaşyňy suw ýaly daşap-daşap zordan söndürýäň. Kyrk gulakly gazan ýaly bolmaly, sabyrly. Bolmasa maksada ýetip bolmaz. 5-10 ýylda birini dabara bilen boşadýalar welin, ymsynanyňy, ymtylanyňy bilmän galýaň. Näme, her kim boşamak ýaly şirelije tamakinçiligiň girdabynda wepalylyk bilen kürek çekýär. Iň soňky göýberilen-ä gitmedi, “men şu ýerde bagtly” diýýämiş. “Öýüm-öwzarym ýok” diýenden geçen. Hanha, iň öňdäki hatarda küreklän kişi bolup oturandyr. Aramyzda birhili nägilelik bilen ýugrulan göriplik bar. Bize berekella diýmeli, adam sypatyna meňzemesegem, adamçylygymyzy saklap oňşup ýörüs. Tupan turmasa bolýar, galan zat bilen oňuşsa boljak. Bir turaýsa, zyr-zöwranlyk başlaýar. Kesel edýän gorkunçlyk. Garaňkyň üstünden garaňky abanyp gelýär. Eliňi hem görüp bileňok. Küregem başly-barat çekseň çekersiň. Her sapar ölerinmikäm diýip gorkýan. Küregiň daşyna çykýan boşlaňrak tegelek ýerinden sähel umman görünýär. Daşary bilen ýekeje baglanşygymyz. Onda-da diňe suwy görýäň. Gün görseň, Aý görseň. Wah, umman bolaýsaň. Keýpiň tutanda gülala-güllük. Tolkunlaryň bilen aýdyma hiňlenip, ýylçyr gaýalaryň böwrüni gyjyklap oturmaly. Ýeňse damaryň gatanda däliliň tutup bolmajyn bolsaň. Ýyldyrymlar gorkup öwrän-öwran çakýar, biliber onsoň. Bir-iki gämini başaşak göýberýär, şöhle barmaýan çuňluklara. Soň ýene imi-sala ýylgyrýaň, gämileri eliňde hüwdüläp, hallan atdyryp. Umman − asmanyň ekiz taýy. Göm-gök eýmendiriji asudalyk. Gözýetim bilen özüňçe çyzyk çyzaýmasaň düşünip bolmaýan çäksiz giňişlik. Gözüňe syganok. Üstüňe agdarylyp gelýär. Adamyň soňuna çykylmaýan pikirleri, hyýallary. Soňsuz, tükeniksiz sözleriň soňsuz sinonimleri bolsady. Her bir pikir, her bir duýgy tükeniksizlikden ganasy gelýär, ölümsizlige atygsaýar. Arman ýetdirenok. Emma ki, şu iki sözi zol ulanýaň welin özüňe düşündirjek bolýan matlabyň gypjynýar. Owkalap oturansyň ynjan ýeriňi. Bakylyk bolmasa bu dünýede heýem bir many barmy, bu irdenden agşama şo bir ýerde gymyldaman oturan ýaly manysyz içgysgynç. Içgysgynçlyk aryň çakyşyna meňzeýär. Bir kemi, wagty bilen çişi gaýdanok. Gyzaryp, mesäp dur, dömer ýerde dömenok. Käwagt şol durşuna galýar. Içimiň endam-jany pakga-pakga. − Hffs, hffs... Güýzän garpyzyň ysy gelýär. Çym-gyzyl garpyzyň şiresini döşüňden, tirsekleňden sarkdyryp iýäýseň şu wagt... Biz – heniz bize aýdylmadyk etmişimiz üçin kürekçilik jezasyna sezewar bolanlar. Men näçe ýyldan bäri gelenime 10 ýyl boldy diýip ýörün, bilemok. Hasap ýitdi. Ýiteni gowy, 10 ýyllygyna dursun. Bolmasa howpurgaýan. 05.09.23 © Musa ÝUSUP | |
|
Ähli teswirler: 9 | |
| |