Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

16:26
Küştdepdä

Çözläp-çözläp köňül tarym, işip-işip aň ýüpün,
Ylham bilen birleşemde, kalbyma sen gelersiň.
Men sungatyň muşdagy men,
synladym tansyň köpün,
Sen olaň baryndan zyýat, baryna deň gelersiň.

Heňiň seniň ne syrlydyr, geçmiş içre ýaňlanan,
Meniň kalbym heserlidir,
sen−kalbyma ýaň salan.
Synlan çagy bir-de gülüp, bir-de joşup hamsygan,
Bu göwnüme käte kybap, käteler geň gelersiň.

Eger «Küşt depeliň!» diýip çykylsa gyr-deştlere,
Meger, «Keşt edeliň» diýip çykyldygy geçmişe.
Çünki heňiň ho-ol asyrlaň aňyrsyndan eşdilip,
Aýdym-mukam-gazal içre gurat hem jem gelersiň.

Seni gören maýyl bolup, ýüreklerde ýol alýaň.
Toý-tomaşa jaýyň bolup, hökman seni soralýar.
Bu gün bolsa halk bolup däl, dünýä bolup goralýaň,
Indi aýdym-saz agzalsa, sen aňa öň gelersiň.

Öz halkyna Arkadagyň görjegi ýalkawlydyr.
Taryhyny sarpalanyň geljegi ýalkymlydyr.
Älemde meşhur sungada ussatlar Balkandadyr,
Gel, sungatym, her günüm toý,
toý bolsa sen gelersiň!

© Aýgül GARAÝEWA
Bölümler: Goşgular | Görülen: 83 | Mowzugy paýlaşan: aygull | Teg: Aýgül Garaýewa | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 3
avatar
0
1 Mergenowna • 11:35, 29.06.2023
СУПЕР!!!
avatar
0
2 Мango • 04:06, 01.07.2023
synladym tansyň köpün,
Sen olaň baryndan zyýat,

Aýgül hanym, birini taryplamak üçin beýlekini peseltmegi men-ä dogry hasaplamok.
küştdepdiniň öz orny, öz gymmaty bar.
emma "synlan beýleki tanslaryňam" pesläp bolmaz.
meň özüm afrika halklarynyň hereketli tanslaryny höwes bilen synlaýan.
hindileriň her hereketi many aňladýan tanslary gaty gadymy.
gürjüleriň dogum çogup duran hereketli tanslary....
hersi bir baýlyk. hersiniň ýeri aýry.
küştdepdi - taryhy gadymlara direýän ritual tansmyka diýýän.
biz-de küştdepdiden başga tansam ýokmyka diýýän.
umuman, aýdanlarym öz pikirim.
avatar
1
3 Medicall • 12:36, 01.07.2023
Her ýurduñ öz tansy ýerinde owadan, ýöne küştdepdä taýy ýok meñ üçinem, hakykysyny depenlerinde şeýle özem. "Dehistan" tans toparynyñ küştdepdisini ýaýlymda däl-de ýanyndan tomaşa edeniñde duýýañ şol duýgyny.

Emma her topar özüçe "küşt depjek" bolup manysyny gaçyrýarlar, şondan adaty bir tans ýaly görünýär köp ýerde...

Aýgül haýsy temadan ýazsañam halatmagy başarýañ, goşgyny haladym, galamyñ, ylhamyñ joşly bolsun!
avatar

Старая форма входа
Total users: 203