10:59 Küýsediňmi? | |
KÜÝSEDIŇMI? Düýşlerimde Düşlediñ. Maña heniz beýle ýakynlaşmadyñ. Sussupes ruhumyñ keýpi göterler, Taryplara ýuwan ýaly setirler, Aradan aýryldy kilometrler. Ädilmesiz ädimlerem ädilýär, Alma ýañaklardan posa gädilýär. Gujagmy bezeýär Jennet jemalyñ, Tapyşdy taýyna teşne bu ýürek, Ýüpek saçlaryñda taýýar ellerim, Iñ süýji lezzetden datdy leblerim, Gelmegiñe kän garaşdym leglegim... Çaýymyzy süýji gürrüñläp içdik, Arzuwlardan ganat ýasanyp uçduk. Gözleriñde mähir, dişiñde gülki, Eliñ aýasynda ýüregmiñ mülki, Men seniñki, sen meniñki. Sensiz kalbym, Ýarym göwün bir ýetim, Dünýäm seniñ bilen bolar büs-bütin. Meýletin, Bedenim terk etdi ruhum, Uky ýarym ölmek dälmi ahbetin?! Hanha saçyn ütüp otyr aýralyk, Ar alyp bilmedi intizar edip. Bagtyñ çür başyndan aýak sallaýas, Gaýgy-gussalaryñ jañyn almaýas. Galgaýas, Yşyklar bürän asmanda, Nämeler bolmaýar ýürek islände. Oýarmañ, Sagadyñ dili süýşmesin, Küýsediñmi, Düýşlerimde düşlediñ! © Süleýman Teķäýew | |
|
Ähli teswirler: 0 | |