20:01 Küýseg / hekaýa | |
KÜÝSEG Kakam köçeden geçip giden ak «JEEP» ulagyny tapçanda ýatan ýerinden görüpdir. — Bar, oglum, gör hany, ýene Jemal ejeň dagy gelipdirmi? Men kimiň gelendigini derwezäň ýanyna baryp görmämde-de bilýärdim, ýöne barybir «belki, olar däldir» diýen umyt bilen görmäge gitdim. Şolar eken. Men «hawa» diýen terzde baş atanymdan soň, kakamyň ýüzüne birhili gussaly ýylgyryş indi. — Aý, gatyk almana gelendirler — diýdi. Ejem dymyp durup bilmedi. — Günde-günde-de bir gatyk almak bormy?! Oturmana gelendirler. Günde-günaşa gatnap durlar jigileriniň ýanyna. Ýekeje gün: «Sag-gurgun oturanmysyňyz?» diýip, gelip bilenoklar. Ýarawyň ugrunyň ýokdugyny bilýäler özem — diýip, ejem hüňürdendi. Yzyndanam: — Hamala, sen öweý ýaly — diýip suňşurdy. Ejem diýse-de diýdi welin, kakamyň sesini çykarman derwezä seredip ýatyşyny görüp, ony gynandyranyna gyýyldy. Men kakamyň gapa seredip ýatyşyny synlap: — Bizem sygyr alnaýalyň! Gatygymyz bolsa, bize-de gelerler — diýip, öz ýanymdan meseläni çöp döwen ýaly etdim. Ejem ýüz bermedi. Kakam: «Alnarys!» diýdi-de, göwünlik berdi. Aslynda, ejem mamlady. Kakam dagy on bir dogan. Üç dogan bir syrgynda ýaşaýar. Biz, bizden aňyrda-da kakamyň iki jigisi. Ýöne meniň bir zada akylym çatmaýardy. Şol on dogandan bize gelýäni seýrekdi. Setanda-seýranda biri geläýmese, kän gara bermezdiler. Diňe kakamdan kiçisi köpräk gelerdi. Men özüme-de sorag bersem berýärdim welin, ejemden has köp gezek sorandyryn: «Bize näme üçin gelenoklar olara gelişleri ýaly?» diýip. Ejem gaharlanyp: «Orazdurdy kakaňlaňky ýaly traktorymyz bolsa, Amandurdy kakaňlaňky ýaly sygrymyz bolsa... gelerdiler bize-de» diýerdi janynyň ýangynjyna. Men ýene öňki heňime tutýan. «Bizem alnalyň-da onda?! Şu dynç güni mal bazardan sygyr alsak, soňam traktor alnarys-da?!». Ejem gürlemäň deregine ýumuş buýrardy: «Bar, oglum, daşardan elegi alyp gel...». * * * Kakam gaty bir gamlanyp ýören adam-a däldi. Gülşüp-degşip oturmany gowy görýärdi. Aýdyma hiňlenmek iň oňat görýän pişesi. Käwagtlar radionyň sesini iň soňkuda goýup, diňlär oturardy. Indi-indi biraz durmuş diýlen zadyň gyrasyndan çala-çula girip ugralym bäri, pikir edýän weli, köp zatlary aýdym bilen ýeňäýmeseň, ýeňer ýalam däl. Birmahalky çaga duýgularyňdan, çagaça aladadyr hysyrdylaryňdan nam-nyşan galmaýan eken. Kalpda bolup geçýän zatlar düýbünden öňki däl. Aňyňdaky döreýän pikirleri diýsene. «Bu zatlar haçandan bäri meniň kelläme girip ýör» diýip, haýranlar galýarsyň. Ulalaňsoň, öňküler ýaly, islän wagtyň baraga-da gapysynyň agzynda gygyryp dostuň adyny tutup, oýnamaga-da gidip bolanok. Islän wagtyň sen-men ýok baryp, oturmagam ýok. Her kimiň iş-aladasy özüne ýetik. Çaga wagty adam durmuşy ulanýan eken, ulalanyňdan soň bolsa durmuş seni. * * * «GAZ-69» geçip gitdi köçeden. Kakam bu gezek: «Bar, gör!» diýmedi. Sebäbi ulagyň alatakyrdysyndan tanaýardy kakam ulagyň kimiňkidigini. Içinden gülşüp-degşip ep-esli adam çykdy. Meniň çaga bilesigelijiligim artdy. Göresim geldi ulagda kimleriň barlygyny. Derwezäň ýanyna ylgap bardym. Görsem, kakamdan uly aýal dogany gelipdir jigisiniňkä. Hemme çagalaram bar. Men yzyma seredip: «Gülnäz ejemler gelipdir!» diýip «buşladym». Ýok, buşladym diýmeli däldim. Başga has agyrrak sözlem ýazmalydym. Ýeri, bor-da... Birazdan Gülnäz ejemiň ogly geldi. Kakam tirsegine galdy. Döwran gelip salamlaşanda men bir zada üns berdim. Kakamyň gözi Döwranda däl-de, derwezededi. Men Döwran bilen gowy oňuşýardym. Toýda-tomaşada bileräk tirkeşenimizi kem göremizokdyk. Onuň kümüşsöw owadan sagadam bardy. Kä toýda azajyk dakynmaga-da berýärdi... Döwran dagy Aman kakamlara gezmäge gelipdirler. Agşam şolarda bolýan ekenler. Menem çagyrdy. Gidesim geldi. Kakamyňam, ejemiňem ýüzüne soragly seretdim. Dogrusy, ejemiň goýberesi gelmedi, ýöne kakam: «Bar, gidäý!» diýenden soň sesini çykarmady. * * * Men şo-ol kakamyň umydygär garap ýatan derwezesiniň düýbünde otyryn. Kellämde-de kakamyň geýýän agymtyk sary papagy. Ony täze alypdy. Geýen bolsa, soňky bir ýylyň içinde dört-bäş gezek geýendir. Daş-töweregime garanjakladym. Kakamyň hemme dogany jemlenipdir. Hemmesem geldiler bu gün. Kakamyň olary gowy görşi ýaly, olaram kakamy gowy görýän ekenler. Haýran galaýmaly, hemmesi kakam üçin gelipdir. Begenesim geldi. Ýylgyrjak bolup çytraşdym. Bolmady. Sebäbi men düşünemok. Näme üçin geldilerkä bu gün? Gapymyzda molap duran sygrymyzam ýok, tarlap duran traktorymyzam. Näme üçin geldilerkä? Indi kakamam-a ýok. Näme üçin gel... © Maksatmyrat ÇARYÝEW | |
|
Ähli teswirler: 3 | |
| |