12:19 Mäne babadan hekaýatlar /-3 | |
Ýigrimi birinji hekaýat Hoja Abubekr Mueddep şeýle diýen: «Biziň şyhymyz Abu Seýit Nyşapurda mejlis gurap, wagyz edýärdi. Ol mejlisiň ara-synda: «Ussat Ymam gijä galýar» diýdi. Soňra iki gezek: «Geň zat, geň zat» diýdi. Bir sagatlap wagyz edenden soň, ýene şeýle diýdi: «Biziň kalbymyz ussat Ymamy görýär, ol düýn köp azap¬lar görüpdir». Şu sözi aýdandan, ussat Ymam işikden içeri ätledi, adamlaryň arasynda gowur başlandy. Şyh ussada ýüz¬lenip şeýle diýdi: «Eý, ussat, biz seniň düýnki ýagdaýyňdan bi¬habar däldik. Men seniň düşen günüňi tymsal bilen düşün¬dir¬ýärin. Bir gün bir mülkdar oturan wagty bir daýhan täze ýetişen hyýardan birnäçesini oňa getirip beripdir. Mülkdar öýdäki adam sanyny hasaplap, hersiniň öňünde bir hyýar goýupdyr, özüne ýeten paýy bolsa gapdalynda duran hyzmatkärine berip¬dir. Mülkdaryň özüne zat ýetmändir. Hyzmatkär hem hyzmat edýärdi, hem işdämenlik bilen hyýar iýýärdi. Mülkdaryň onuň iýşine agzy suwaryp, bir bölejik bermegini haýyş edýär. Mülk¬dar hyýary agzyna alyp görse, ol awy ýaly ajy eken. Ol hyz¬mat¬käre ýüzlenip: «Eý, gulam, şeýle ajy hyýary nädip işdä¬menlik bilen iýip bilýärsiň?» diýende, ol: «Men hojaýynyň elin¬den şunça ýyllap şirin tagamlary iýenimden soň, men nädip ony iýmän bilerin» diýen. Eý, ussat, ine, onuň aýdan zady! Eý, dost, her bir ownuk zada gyýlyp durma, Yşk käte dertdir, käte-de şatlyk, Eýämiz hor etse, ol hem aýyp däl, Mylakatly bolsa ýene derdiň sowaşar. Ýüz ýagşylygy bir horluk üçin unutma, Tikeninden gorksaň hurma ýetmersiň, Gahar etse, ondan ötünç sora, Her gün täze magşuk gözläb-ä bolmaz. Ussat bu sözi eşidenden, gapdala ýykylyp, özünden gid-ýänçä nagra çekdi. Mejlis gutaryp, adamlar dargaşandan soň, şyh öýünde galdy we sopular ussat Ymamyň ýanyna gelip, düýn nämeleriň bolup geçendigini soradylar. Ussat şeýle diýdi: «Düýn men özümi erbet duýdum we birneme howsalalydym. Öz ýanymdan: «Juma metjidine baraýyn, howuzda täret kylyp, şyhlaryň mazaryna baryp aýat-töwür edeýin» diýen niýet bilen juma metjidine gelip, howzuň gyrasyna bardym, geýimlerimi namazlygyň arasyna salyp, dolap diwardaky tagtaçada goý¬dum. Suwa girenim hem şoldy welin, biri gelip geýim-gejim¬lerimi, köwşümi alyp gaçyp gitdi. Men muňa gynandym we ýag¬daýym has-da erbetleşdi. Ýalaňaçlygyma suwdan çykdym we hanaka baryp, tapan-tupanymy geýişdirip, ýüregime düwen zatlarymy amala aşyrmagyň kül-külüne düşdüm. Zyýarata bar¬mak niýeti bilen juma metjidiniň gapysyna baranymdan, daşa büdräp, aýagymy erbet agyrtdym, selläm bolsa başymdan uçup gitdi, näbelli bir kişi bolsa ony alyp ogurlap, gürüm-jürüm bol¬dy. Şonda men şeýle diýdim: «Eý, bar Hudaýa! Eger saňa Abyl¬kasym gerek bolmasa, ol seniň bu salan ýaraňa we şar¬pygyňa çydam edip bilmez, çünki Abylkasymyň zyýaraty we haýyr-dogasy seniň üçin ahyry, eger bular saňa gerek bolmasa, men olary terk edýärin». Bu bolup geçen zat barada dünýäde bilýän adam ýokdy, bu gün bolsa şyh: «Düýn biz siz bilendik» diýýär. Eger ol şeýle syrlary bilýän bolsa, biziň köp sanly rys-walyklarymyzdan habarlydyr» diýen. Ýigrimi ikinji hekaýat Men bu gürrüňi Abylfath Gazaýyrydan we şyh Abubekr Ja¬narydan eşidipdim, olar şeýle diýýärdiler: «Biz her gün ikindi namazymyzy Nyşapuryň Adana Kuýan köçesindäki hanakada okaýardyk. Bu ýerde bir dükan bardy. Onuň içini-daşyny suw¬lap-süpürip, düşek ýazypdyrlar. Şyh şol ýerde otyrdy, ýaşu¬lular onuň töwereginde ornaşypdylar, ýaşlar bolsa golaýda ha¬tar gurap durdular, adamlaryň wagtlary hoşdy, keýpleri kökdi. Başga bir gün hem şyh şeýle ýagdaýda otyrdy. Ol öňe eglibräk şeýle diýdi: «Allanyň dergähiniň habarçysyny görmek isleýärsiňizmi? Ol gelýär, siz oňa pugta serediň». Adamlar se¬redişdiler, ýöne hiç kime gözleri düşmedi. Şol wagt ussat Ymam köçe tarapdan göründi, ýakyna gelende salam berip, geçip gitdi. Şyh onuň yzyndan seredip: «Ussat ussat bolýar-da» diýdi. Ýigrimi üçünji hekaýat Aýtmaklaryna görä, bir gije ussat ymam Abylkasym Ku-şaýry öz ýanyndan şeýle pikir edipdir: «Ertir şyhyň metji¬dine baraýyn-da, ondan: «Şerigat nämedir, tarykat nämedir? diýip soraýyn, ol näme diýerkä?». Ertesi gün ol säher bilen şyhyň mejlisine gelip oturypdyr. Şyh şol wagt wagyz edýän eken. Ussat Ymam heniz sowal berip ýetişmänkä, şyh şeýle diýen: «Eý, şerigatyň we tarykatyň nämedigini soramak islän kişi, bilip goý, biz şerigaty we tarykaty bir beýtde ýatlaýarys. Ine, ol beýt: Dostdan habar geldi: «Arassa et, arassa et işiňi» – budur şerigat, «Ýürek mährin öňe sür, gybat-ýalanyň goý-da», – budur tarykat. Ymam Harameýn (Mekgäniň we Medinäniň ymamy) Abu Magaly Jüweýni (Alla onuň ruhuny şat etsin!) şeýle diýen: «Bi¬ziň kitaplarda okap, ýazyp, düşündirip ençeme azaplar çe-ken zadymyzy ol tarykat soltany şyh Abu Seýit bir beýtde beýan edip geçipdir». Ýigrimi dördünji hekaýat Hoja Abylfath Gazaýyry şeýle rowaýat aýdardy: «Ussat Abu Aly Dakagyň gyzy Patma hanym ussat Ymam Kuşaý¬ry-nyň maşgalasydy. Ol adamsyndan biziň şyhymyz Abu Seýidiň mejlisine baryp, diňlemäge rugsat bermegini haýyş edipdir, em¬ma ol rugsat bermekden saklanypdyr. Ol köp gezek haýyş edip duransoň, ussat Ymam bir gün oňa rugsat berip, şeýle diýen: «Rugsat bereýin, ýöne hiç kim seniň kimdigiňi bilmez ýaly ör¬tü¬nip, köne çadyryňy başyňa atyp git» diýen. Patma hanym onuň diýeniňi doly berjaý edip, köne çadyryny başyna atyp, bürenip şyhyň mejlisine baryp, üçekde, beýleki aýallaryň arasynda otu¬ryp¬dyr. Ol gün ussat Ymam şyhyň mejlisine gelmändir. Şyhy¬myz sözüniň başynda ussat Abu Aly Dakak barada gürrüň edip, şeýle diýen: «Bu gün onuň özi aňyrda galsa-da, onuň bir bölegi biziň aramyzda». Patma hanym bu sö¬zi eşidenden, heýjana düşüp, essi aýyldy we üçekden aşak gaçdy. Şyh: «Hudawenda, özüň goraweri» diýip gygyrandan, aýallar ellerini uzadyp, jaýyň üstüne çykarýançalar, ol howada asyl-asyl bolup durdy. Ol öýe gelenden, ussat Ymama bolup geçen zatlary gürrüň berdi. Ýigrimi bäşinji hekaýat Men bu hekaýaty şyh Zeýnettaýypa Omar Şöwkanydan eşi¬dipdim. Bir gün biziň şyhymyz Abu Seýit, ussat Ymam Abyl¬ka¬sym Kuşaýry bir topar sopy bilen Nyşapuryň bazaryna bar¬ýarlar. Bir dükanda gaýnadylan şalgamy üýşürip goýupdyrlar. Bir derwüşiň oňa gözi düşenden, şondan iýesi gelip başlapdyr. Şyhymyz ýagdaýa bada-bat göz ýetirip, gidip barýanlary sak¬lady we Hasana şeýle diýdi: «Ol adamyň dükanyna bar-da, bar şalgamy we şugundyry satyn alyp gel». Ol ýerde bir metjit bar¬dy. Şyh ussat Ymam we sopulary bilen şol metjide bardy. Ha¬san şol dükanda bar bolan şalgamlary we şugundyrlary satyn alyp, metjide getirdi. Derwüşler getirilen zatlary iýmäge başla¬dylar, şyh hem olara goşulyp iýýärdi, ýöne ussat Ymam baza¬ryň ortarasynda töweregi açyk metjitde zat iýmekden saklandy we ýüregi bilen bu hereketi inkär etdi. Ol: «Ýoluň ortarasynda zat iýýärler» diýip, olary unamady. Ussat Ymam getirilen zat¬lara ellerini uzatmady, şyh bolsa, öňki adaty boýunça, oňa hiç zat diýmedi. Şondan iki-üç gün geçenden soň, biziň şyhymyzy, ussat Ymamy sopular bilen bile bir ýere çagyrýarlar. Çagyrylan ýerde saçak ýazyp, üstüni dürli-dümen tagamlardan doldurýar¬lar. Aňyrrakda duran bir tagamdan iýmegi ussat Ymamyň ýü¬regi küýsäp başlaýar, ýöne oňa eli ýetmändir, soramaga bolsa utanypdyr, iýmek islegi bolsa durdugyça güýçlenýärmişin. Şon¬da şyh oňa ýüzlenip şeýle diýen: «Eý, ussat! Özüň iýesiň gelmeýän wagty-ha ile-de iýdirmeýärdiň, seniň iýesiň gelýän wagty hem saňa bermeýärler» diýen. Şondan soň ussat Ymam bolup geçen zada toba edipdir we bu onuň üçin temmi bo¬lupdyr. Ýigrimi altynjy hekaýat Aýtmaklaryna görä, Abu Abdylla Bakuýynyň ýüreginde biziň şyhymyza bolan müňkürlik kök uranmyş. Ol kätä biziň şyhymyzyň ýanyna salama gelip, uzak wagtlap oturar eken, özara gyzykly söhbetler edişer ekenler, ýöne şyh Abdylla şy-hyň semasyny we raksyny ýürekden ýigrener eken. Ol bu piki¬rini köpçüligiň arasynda hem aýdyp ýörüpdir. Bir gije Abdylla ýatyrka düýş görýär. Düýşünde gaýypdan gelen bir ses: «Ýeriňden tur-da, raks et, Hak Subhanyň we Ta-galanyň ýolunda hyzmat et.» Ol ukudan oýanyp: «Lä hawle we lä kuwwete illä billähil aliýil azym» , bu bir şeýtanyň oýnap ýören ýalan düýşüdir» diýdi-de, ýene uka gitdi. Ikinji gezek uka gidende, gaýypdan gelen ses ýene-de ony oýardy. Onda ýene-de: «Oýan-da, raks et» diýilýärdi. Ol: «lä hawläni» aý¬dyp, yzyndan hem Gurhany Kerimden iki-üç sany süräni aýdyp uka gitdi. Üçünji gezek uka gidende, şol ses ýene-de gaýta¬landy. Ol üçünji gezekden soň, gören düýşüniň hakdygyna, ora¬şandygyna göz ýetirdi, säher bilen turup, bu zatlaryň hem¬mesiniň şyha müňkürlikden, raksy inkär edenliginden bolan¬dy¬gyna akyly ýetdi. Şyhyň hanakasyna gelip, biziň şyhymyz Abu Seýidiň didaryna garaşyp oturdy. Haçan-da şyh hanakanyň içine girenden: «Ýeriňden tur-da, raks et» diýdi. Şyh Abu Ab¬dyl¬lanyň biziň şyhymyz bilen sema aýdandan we raks edenden soň, keýpi kök boldy, betgümanlyk bolsa düýp-teýkary bilen aýrylyp gitdi. Ýigrimi ýedinji hekaýat Şol günleriň birinde şyh Abu Abdylla Bakuýy biziň şyhy-my¬zyň ýanyna görme-görşe gelýär. Gelse, şyh her gapdalynda iki ýassyk goýup, olara ýaplanyp, soltan ýaly bolup gyşaryp ýatyrdy. Bu ýagdaýdan şyh Abu Abdylla Bakuýynyň ýüreginde müňkürlik döredi. Onuň ýüregine betgümanlyk aralaşan ba¬dyna, şyh oňa tarap öwrüldi-de: «Sen dört sany ýassyga bak¬ma-da, bolşuma, gylyk-häsiýetime bak» diýdi. Şeýle diýmek bilen şyh oňa örän aýdyň düşündiriş berdi, çünki esasy zat yn¬sa¬nyň daşky keşbi däl-de, içki häsiýetidir. Abu Abdylla şyhdan bu gysga we aýdyň düşündirişi eşidenden, kalbyndaky betgü¬man¬lygy süpürip taşlapdyr we gaýdyp müňkürlik etmejekdi¬gine äht edipdir. Ýigrimi sekizinji hekaýat Ymam Harameýn (Mekgäniň we Medinäniň ymamy) Abu Magaly Jüweýni (Alla onuň ruhuny eziz etsin!) şeýle gürrüň be¬ren: «Şyh Abu Seýit Nyşapura gelende, kakam onuň aý¬dan-la¬ryny düýbünden ret edýärdi we onuň ýanynda şyhymyz bara¬da kelam agyz söz aýdyp bolmaýardy. Bir gün säher bilen namaz okap, doga edenden soň maňa: «Eşikleriňi geý, şyh Abu Seýit Abylhaýry görmäge gideli» diýdi. Men onuň bu aýdan¬la¬ryna haýranlar galdym. Iki bolup tirkeşip şyhyň hanakasynyň gapysyna bardyk. Şol wagt şyh Abu Seýit: «Eý, Hudaýyň Halyly , Hudaýyň Habybynyň ýanyna gel». Men bu söze geň gal¬dym. Kakam içeri girdi. Hüjrede şyhyň ýeke özüdi. Ol: «Me¬¬ni galdyryň!» diýip, müritlerine gygyrdy, çünki şyhyň go¬jalan döwri aýaklarynda erbet agyry peýda bolupdy we aýak üs¬tüne galyp bilmeýärdi, iki adam bolup, hersi bir goltugyndan tutup turuzýardylar. Bu onuň köp çillä oturanyndan we sansyz gezek guýa başaşak sallanyp, Gurhany Kerimi hatm edeninden bolupdy, şonuň üçin ol, köplenç, tagtda oturýardy. Beýigräk ýer¬de otursa, oňa ýerinden turmak aňsadrak bolýardy we aýak¬laryny sallap, iki eli bilen tagtdan tekgeläp turýardy. Ýöne her gezek ýerinden turjak bolanda, müritlerinden iki adam ylgap gelip, onuň goltugyndan galdyrýardylar. Şyh kakamy gujaklap oturtdy we bir sagat özara gyzykly söhbet etdiler. Şondan soň ussat Ymam Abylkasym Kuşaýry geldi we olar hem bir sagat töweregi gürrüňleşip oturdylar. Şondan soň ussat Ymam ýerin¬den turup gitdi, kakam ussat Ymam Abylkasymyň yzyndan seredip otyrdy. Şyh Abu Seýit kakamyň gulagyna agzyny eltip, bir zatlar diýenden, kakam şyhyň budundan öpdi. Men bu günki saparyma haýranlar galýardym. Soňra kakam ýerinden turup, gaýtmak bilen boldy. Haçan-da hanaka ýetenimizden, şu günki geň galan üç ýagdaýym barada kakamdan soradym. Olar¬dan biri kakamyň şu wagta çenli Abu Seýide şeýle müňkür bolup, şu gün säher bilen maňa: «Ýeriňden tur-da geýin, şyh Abu Seýidiň ýanyna zyýarata gideli» diýmegidi, ikinjisi, ha¬çan-da biz şol ýere baranymyzda: «Eý, Hudaýyň Halyly, Hu¬daýyň Habybynyň ýanyna gel» diýmegi, üçünjisi bolsa ussat Ymam gaýtmak üçin daş çykanda, kakamyň onuň yzyndan seretmegi, şonda şyhyň kakamyň gulagyna bir zatlar pyşyr¬dan¬da, kakamyň şyhyň budundan öpmegidi. Şonda kakam şeýle jo¬gap berdi: «Düýşümde owadan, sapaly, jana ýakymly bir ýer¬den geçip barýardym. Görsem, şol sapaly ýerde şyh Abu Seýit mejlis gurap oturan eken, töweregindäkileriň bolsa hetdi-hasa¬by ýokdy. Onuň aýdanlaryny ýürekden makullamaýanlygym üçin, men ýüzümi sowup geçdim. Şonda gaýypdan: «Sen me-niň ýerdäki dostum mertebesindäki adamdan ýüzüňi sowýar-syň» diýen owaz geldi. Şol sözi eşidenimden dünýä täzeden ge¬len ýaly boldum we öz ýanymdan «Eger ol Allanyň dosty bol¬sa, men kimkäm?» diýip pikir etdim. Şonda gaýypdan «Sen Alla¬nyň Halylysyň» diýen owaz geldi. Men ukudan oýana-nymda göwnümde şyha müňkürlikden nam-nyşan galmandy, belki, her müňkürligimiň ýerine müň sany dostluk duýgusy dö¬redi. Şonuň üçin şu gün irden saňa: «Tur, geýin, şyhyň ýanyna zyýarata gideli» diýdim. Haçan-da biz gapa baranymyzda, ol: «Eý, Hudaýyň Halyly, Hudaýyň Habybynyň ýanyna gel» diýdi. Şonda men onuň düýnki düýşümden-de habarlydygyna we keramatynyň çäksizdigine göz ýetirdim. Haçanda ussat Ymam gaýtmak üçin ýerinden turup ugranda, meniň kelläme: «Eger şyh Habyp derejesinde bolsa, meniň derejäm Halylyň dereje¬sinde bolsa, ussat Ymamyňky nähilikä?» diýen pikir geldi. Şyh şonda agzyny meniň gulagyma golaýladyp: «Ol Allanyň Keli¬mul¬lasydyr « diýdi. Men şonda şyhyň Haktagala we Subhanyň bendeleriniň ýagdaýyndan nähili habarlydygyna we onuň nähili derejededigine göz ýetirdim, özümi ýitirip, başymy galdyryp, şyhyň budundan öpdüm». Men şonda kakamdan: «Olaryň şeýle derejedediklerini, halatlydyklaryny nähili delillendirip bolar?» diýenimde, ol Pygamberimizden galan şu hadysy aýtdy: «Me¬niň ymmatymyň alymlarynyň derejesi Ysraýyl ogullarynyň py¬gamberliklerine barabardyr». Kakam şondan soň her gün şyhyň ýanyna salama barýardy ýa-da meni iberýärdi. Ýigrimi dokuzynjy hekaýat Amyt Horasany barada şeýle rowaýat aýdýarlar: Ol şeýle diýen: «Biziň şyhymyz Abu Seýide we onuň perzentlerine aýratyn hormat goýmagyma sebäp bolan zat şundan ybarat: Men ilki Nyşapura gelemde, ýönekeý bir atlydym we Azra der¬wezesiniň ýakynynda düşläpdim. Maňa «Hajyp Muhammet» diýýärdiler. Her gün iki gezek şyh Abu Seýit Abylhaýyryň ha¬na¬kasynyň ýanyndan oňa seredip geçip giderdim we ony gör¬ýärdim. Ol gün maňa mübärek günleriň biri boldy, çünki ony oňat yrym edipdim. Bir gije ýatyrkam, şeýle pikir etdim: «Ertir şy¬hyň ýanyna baraýyn we sowgat-salam elteýin». Täze zik¬ge¬lenen müň dirhem puly ýaglyga düwüp goýdum. Olaryň otuzy bir dinar hasaplanýardy. Men bu puly iki bölüp, ýarysyny kagyza doladym: «Ertir irden şyhyň ýanyna salama baramda, bu kümüş puly öňünde goýaryn» diýdim. Öýde menden başga iňlär siňek ýokdy we bu barada men hiç kimiň ýanynda dilimi ýarmandym. Soňra göwnüme düwünçege düwen zadym köp gö¬ründi: «Bäş ýüz bolanda hem bolýar ahyry» diýip, düwün¬çek¬däkini ikä böldüm we galan bäş ýüz dirhemi ýassygyň aňyr¬synda goýdum. Irden turup, namazymy okadym-da, puly alyp şyhyň ýanyna gelip salam berdim, soňra getiren kümüş pulla¬rymy Hasan Mueddebe berdim. Hasan minnetdarlyk bilen şy¬hyň gulagyna: «Hajyp Muhammet az-owlak pul getiripdir» diý¬di. Şyh: «Mübärek bolsun, ol hemmesini getirmän, ýary¬sy¬ny ýassygyň aňyrsynda goýupdyr, ol Hasana müň dirhem ber¬gili. Hasanyň ýüregi rahatlyk tapar ýaly galan puluny hem getir-sin» diýdi. Men bu sözi eşidenimden, haýdan-haý öýe çapar iberip, ýassygyň aňyrsyndaky puly getirdip, Hasana ber¬dim. Soňra: «Eý, şyh, günämi öteweriň!» diýdim. Şyh meniň eli¬mi gysyp: «Boldy, sag-aman bar» diýdi. Şondan soň meniň işlerim ugruna bolup başlady, hiç zada hor-zar bolmadym, hiç hili muşakgata sezewar bolmadym we işim ilerläp gitdi. Men her gün şyhyň ýanyna salama gelýärdim. Bir gün ol meniň yzym¬dan garap: «Bu ýigide ýagşy işler garaşýar» diýdi». Otuzynjy hekaýat Merwde Muhammet Abu Nasr Habyby atly Mawerannahr şyhlaryndan biri bolan. Haçan-da Bugra han Mawerannahr so-pularyny gyrmakçy bolanda, beýleki şyhlar bilen gaçyp, Mer-we gelipdir. Muhammet Habyby şol döwre çenli biziň şyhy-myz Abu Seýidi görmän eken, çünki ol Merwe gelende, biziň şyhymyz Nyşapurda eken. Şol döwürde Merwde Abubekr Ha-typ atly ymam bolan, ol ymam Kaffadan ders alan eken. Onuň ýüreginde Nyşapura gitmek höwesi döreýär. Pir Muhammet Ha¬byby onuň ýanyna gelip, şeýle diýen: «Meniň gulagyma ýetýän habarlara görä, sen Nyşapura hyýallanýarmyşyň, biziň saňa bir ýumşumyz hem bar». Ol: «Näme ýumuş?» diýende: Ol oňa: «Şyh Abu Seýitden sora we jogabyny şol durşuna gylyny gymyldatman getir, ýöne ol şu soragy meniň soranymy bil¬me¬sin, men barada Alladan başga hiç kim hiç zat bilmesin». Ymam Abubekr näme soramalydygyny soraýar. Ol maňa: «Zat galman ýok bolmagy mümkinmi?» diýende: «Bu zat meniň ýa¬dym¬da galmaz, sen gowusy ony hata ýazyp ber» diýdim. Ol ýene-de tekrarlap, şyha özi barada hiç zat duýdurmazlygymy haýyş etdi. Abubekr Hatyp şeýle diýen: «Men Nyşapura gelip, kerwensaraýda ýük ýazdyrdym. Şol wagt iki sany sopy ker-wen¬saraýa gelip: «Merw kerweninde gelen hoja ymam Abu-bekr kim bolýar?» diýip soradylar. «Men» diýip jogap bere-nim¬den soň, olar meniň ýanyma gelip: «Şyh Abu Seýit salam aýdýar we: «Biz seni kerwensaraýda ýerleşdirip, bu ýerde rahat bolup bilmeris, goý, ol biziň ýanymyzda bolsun» diýýär. Men: «Hammama girip, boý täretini alanymdan soň, salama bararyn» diýdim. Soňra meniň ýadyma onuň halatlydygy hakyndaky gür¬rüňler düşdi, çünki ol halatly bolmasa, meniň gelendigimi nireden bilsin, bizden has tiz gelip, başga bir adamyň habar bermedigem belli zat. Ol men we meniň ýagdaýlarym barada nireden habarly bolduka? Ine, saňa keramat we halat!» Men hammamda ýuwnup, boý täretini alanymdan soň, hammamyň ga¬pysynyň agzynda duran şol derwüşlere gözüm düşdi, olaryň ellerinde gülap we ud bardy. Olar: «Şyhymyz bizi seniň hyz¬ma¬tyňa iberdi. Men olar bilen şyhyň ýanyna ugradym. Şyh meni görenden «Hoş geldiňiz» diýdi-de: Hoşluk bilen bagt dileýärin pygambere we dostlaryna, Iberileniň ýüzi pygamberiň ýüzi ýaly mübärekdir. Salam berdim, ol salamymy alanyndan soň, şeýle diýdi: «Ol gojanyň iberen zady hem ýanyňda bolsa, biz ony hormat bilen kabul ederis, sen Merwden bu ýere gelýänçäň, biz sizden men¬zilme-menzil habar tutup durduk». Ymam Abubekr Hatyp: «Meniň dilim tutuldy» diýen. Şyh «Ýanyňda näme bolsa ber we gojanyň sargydyny aýt» diýdi. Abubekr Hatyp: «Şol dem şyhdan şeýle bir howum basyldy welin, bar bilýän zadym ýat¬dan çykdy» diýen. Men «Eý, şyh, ýadymdan çykdy, men ony bir kagyza ýazypdym, ýöne ol hem ýol egin-başymda galyp¬dyr» diýdim. Şyh: «Gojanyň aýdan zatlary bölek-büçegräk hem ýadyňda galmadymy» diýenden has-da aljyradym. Şyh ýene-de: «Eger men gaýtalasam, onuň sowallary ýadyňa düşermi?» diýdi. Men: «Şyhyň aýdyşy ýaly bolar» diýdim. Şyh: «Sowal şundan ybarat, zat galman ýok bolmagy mümkinmi?!» Men: «Edil şyhyň diline gelşi ýaly» diýdim. Şyh maňa ýüzlenip: «Eger onuň jogabyny saňa häzir aýtsam, sen haýal etmän yzy¬ňa öwrülmeli bolarsyň, gowusy, sen häzir öz işleriňi bitir, soragyň jogabyny bolsa gaýtjak bolanyňda aýdaryn» diýdi. Nyşapurda bolan günlerim her agşam onuň ýanyna gelýärdim we ol meni uly hezzet-hormat bilen garşylaýardy. Haçan-da yzyma dolanmaga hyýallanamda, şyhyň ýanyna gelip: «Goja¬nyň jogabyny aýdaýsaňyz?» diýenimde şyh: «Ol goja aýt: «Ol birinem galdyrman oda köýdürer» şeýle bolar we nam-nyşan galmaz»diýdi. Men: «Başymy egdim, ýöne düşünmedim. «Şy-ha şeýle düşündir» diýdim. Şyh: «Bu danalar babatynda beýle däl, şu beýti öwren-de, oňa aýt» diýdi. Beýt: Jismim durky gözýaş bolup, iki çeşmim girýan boldy, Göwräm seniň yşkyňda ýaşamaly. Menden hiç zat galmaz, bu yşk näme? Men durşuma magşuga öwrüldim, aşyk kim? Men: «Şyh muny delil üçin bir ýere ýazsa, gowy boljak» diýdim. Onuň buýurmagy bilen Hasan Mueddep ýazyp, maňa berdi. Men Merwe ýetenimden, goja Muhammet Habyby geldi. Men oňa: «Eý, goja, sen meni soltanyň ýanyna iberipsiň, dün-ýäniň ähli syry onuň öňündäki tabagyň içindäki ýaly mälim» diý¬dim we bolup geçen zatlary oňa birin-birin aýtdym, mese-läniň jogabyny hem beýan etdim. Ol bu beýti eşidenden, nagra çekip, essinden gitdi. Iki adam bolup, göterip öýüne eltdiler we ol bende ýedinji gün diýlende amanadyny tabşyrdy. Alla oňa rehmet etsin! | |
|
Ähli teswirler: 1 | |
| |