Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

09:05
Mansuryñ taryhy
TÜRKMENISTANYŇ MILLI MEDENIÝET «MIRAS» MERKEZI
TÜRKMENBAŞY ADYNDAKY TÜRKMENISTAN MILLI GOLÝAZMALAR INSTITUTY

Abulfazaýyl Muhammet ibn Aly Hamawy

MANSURYŇ TARYHY

Taryhy hadysalaryň gysgaça açyklamasy we beýany

ابو الفضايل محمد بن علي الحموي

التـاريخ المنصوري

تـلخيص الكشف و البيان في حوادث الزمان

Arap dilinden terjime eden
we çapa taýýarlan
Nursähet Şirimow

AŞGABAT «MIRAS» 2005
UOK 950
H20

H20 Hamawy M.
Mansuryň taryhy, A.: Türkmenistanyň milli medeniýet «Miras» merkezi, 2005, 288 s.

REDAKTOR
A. Mämmetjumaýew, dil-edebiýat ylymlarynyň kandidaty

Türkmenistanyň Ömürlik Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň howandarlygynda we gönüden-göni tabşyrygy esasynda türkmen dilinde ilkinji gezek neşir edilýän bu kitap XII-XIII asyrlarda ýaşap geçen arap alymy Muhammet Hamawynyň «Mansuryň taryhy» atly eseridir. Dünýä taryhyny öwrenmekde ygtybarly çeşmeleriň biri hasaplanýan bu eser türkmen taryhynyň unudylan parçalaryny öwrenmekde, merdana ata-babalarymyzyň heňňam gatlaryndaky harby, syýasy, jemgyýetçilik we ruhy ýagdaýlaryny bilmekde ähmiýetli maglumatlary özünde jemleýär.

TMMMM №43

TDKP №74 2005 KBK 63.3(5)

© Türkmenistanyň milli medeniýet «Miras» merkezi, 2005 ý.
Hamawy M., Mansuryň taryhy, 2005 ý.
Şirimow N., terjime, çapa taýýarlama, sozsoňy 2005 ý.
Garaşsyz we baky Bitarap Türkmenistanyň Ilkinji we Ömürlik Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň howandarlygynda neşir edilýär.

GEÇMIŞIŇ ÝAŇY — GELJEGIŇ DAŇY

Türkmeniň ykbal asmanyndan nur saçýan Garaşsyzlyk halkymyza diňe bir Altyn eýýamyň altyn gapysyny açyp bermän, eýsem onuň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýol-ýörelgelerini, däp-dessurlaryny, edim-gylymlaryny täzeden dikeltmeklige, medeni we ruhy miraslarynyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine hem giň mümkinçilik berdi. Bu bolsa häzirki türkmen döwletiniň berk taryhy binýat esasynda gurulýandygyny alamatlandyrýar.
Türkmen topragy müňlerçe ýyllaryň dowamynda dünýä medeniýetiniň umumy taryhy üçin ähmiýetli wakalaryň mesgeni boldy. Bu toprak ekerançylyk, maldarçylyk, ylym, medeniýet we sungat sallançagy boldy. Alymlar biziň eýýamymyzdan 6 müň ýyl öň türkmenleriň ata-babalarynyň öňdebaryjy bilimleri özleşdirendigini nygtaýarlar. Irki ekerançylyk zamanasyndaky türkmen jemgyýetleri Garadepe, Göksüýri, Ýylgynly ýaly oturymly ýerleri — ajaýyp ýadygärlikleri miras goýdy. Gadymy oguz-türkmen döwleti, Parfiýa zamanasy, seljuk türkmenleriniň döreden onlarça döwletleri, osman türkmenleriniň soltanlyklary we beýleki türkmen döwletleri adamzadyň syýasy taryhynda özboluşly adalat baýdagy bolup pasyrdady. Hut şonuň üçin hem Türkmenistany dünýä taryhynyň ösüşinde Hytaýyň, Mesopotamiýanyň, Müsüriň hatarynda goýýarlar. Ata-babalarymyz dünýä gymmatlyklarynyň arasynda özboluşly, milli öwüşgin bilen lowurdaýan ruhy we medeni baýlyklary bize miras galdyrdy.
Medeni miras — bu perzendiň üstünde kökenek gerýän türkmen enesiniň hüwdüsidir, agras türkmen gojasynyň pendi-nesihatydyr. Mukaddes topragy gany bilen goran gaýduwsyz gerçegiň iň soňky demdäki wesýetidir, naçar doganyň gerçegiň jesedini ýuwýan ajy gözýaşydyr.
Medeni miras — bu türkmeniň şan-şöhratdan doly geçmişine buýsanjydyr, şu gününe söýgüsidir, ertirine ynamydyr.
Medeni miras — bu gadymy hem müdimi halkymyzyň asyrlaryň dowamynda hoşalap çöplän paýhas hakydasydyr, şu gününe ygtybarly ynamydyr, ertirine ýol çelgisidir. Mahlasy, medeni miras türkmeniň geçmişidir, barlygydyr, dowamatydyr.
Türkmen halkynyň gadymdan gözbaş alyp gaýdýan edebi akabalarynyň, sungat däpleriniň adalaty, erkinligi, agzybirligi, mertligi we bitewiligi wasp etmedik döwri bolan däldir. Bu gün şol asylly däpler biziň beýik Garaşsyzlygymyzyň beren süýji miweleri, röwşen ertiriniň mukaddes umytlary bilen birleşip, türkmen abraýynyň, mertebesiniň has-da belende göterilmegine hyzmat etmelidir.
Ruhnamada belläp geçişim ýaly, «Biz türkmen halkynyň mirasdüşerleri hökmünde ata-babalarymyzyň taryhyň gatlarynda galan medeni, edebi gymmatlyklaryny tapmalydyrys, täzeden jana getirmelidiris. Bu ata-babalarymyzyň öňünde biziň ogullyk borjumyzdyr». Biz ata-babalarymyzyň öňündäki şol ogullyk borjumyzy berjaý etmek maksady bilen hem Türkmenistanyň milli medeniýet «Miras» merkezini döretdik.
Asyrlaryň gatlaryna siňen medeni mirasymyzy düýpli öwrenmek, Ruhnamanyň ruhunda ylmy esasda özleşdirmek, dünýäniň dürli künjeginde beýik döwletleri döreden halkymyza degişli miraslary tapmak, olary täzeden jana getirmek, ajaýyp kitaplara öwrüp, gaýtadan halkymyza hem-de dünýä ýaýmak «Miras» merkeziniň işgärleriniň öňünde duran gaýragoýulmasyz borçdur!
Eziz halkym!
Siziň eliňizde «Miras» merkeziniň taýýarlan kitaby. Bu kitabyň biziň ata-babalarymyzyň döreden ruhy we medeni gymmatlyklaryna teşne kalbyňyza teselli berjekdigine ynanýaryn. Käbelerimiz hem kyblalarymyz hakyndaky ýüreklerimiziň töründäki gyzgyn söýginiň oduny alawlandyrjakdygy mende ýakymly duýgy döredýär.
«Miras» merkeziniň çykarjak kitaplarynyň höwrüniň köp boljakdygyna ynanýaryn we oňa ak ýol arzuw edýärin.
Işiň rowaç, ýollaryň ýagty bolsun!

Türkmenistanyň Prezidenti
Saparmyrat TÜRKMENBAŞY.

BEÝIK ALLANYŇ ADY BILEN

Ähli zatlary danalyk bilen ýaradan Beýik Biribara hamdy-sena bolsun. Bu pany dünýäde bolup geçýän hadysalaryň biri-birinden üýtgäp durmagy bolsa Onuň ebediliginiň subutnamasydyr. Ol ölüleri direldiji we dirileriň janyny alyjydyr. Bu ýaradylan zatlaryň ählisi Allatagalanyňkydyr. Ol asmanlary hiç hili diregsiz ýaratdy. Siz hem Allatagalanyň diregsiz haldaky asmanlary ýere gaçyrman saklap durandygyny görýärsiňiz. Ol ýeri suwuň üstüne tekizläp ýaýdy we olaryň arasyny pesli-beýikli edip tapawutlandyrdy. Allatagalanyň bize beren nygmatlary öwgä mynasypdyr. Ol öz mahluklaryny zyýan beriji bela-beterlerden goraýjydyr. Allatagalanyň birligine we oňa şäriklik edip biljegiň ýokdugyna şaýat bolýaryn. Allatagalanyň bendesi Muhammediň (SAW) Onuň ilçisidigine şaýat bolýaryn.
Abuljildiň aýtmagyna görä, ýer ýigrimi dört müň parsah meýdandan ybaratdyr. Sudanlylaryň ýeri on iki müň parsahdan, rumlularyň ýeri sekiz müň parsahdan, parslaryň ýeri üç müň parsahdan, araplaryň ýeri bolsa bir müň parsahdan ybaratdyr. Ýahýa ibn Kesiriň aýtmagyna görä, Allatagala müň sany mahluk ýaratdy we olaryň alty ýüz sanysyny deňizde, dört ýüz sanysyny bolsa gury ýerde ýerleşdirdi. Anygyny Alla bilýär.
Hezreti Adamyň NESLINIŇ KÖPELIP BAŞLAÝŞY

Ol nesil taryhy geçmişdäki kyssaçylaryň ýatlap geçişi ýaly görnüşde köpelipdir. Anygyny Alla bilýär.
Ol barada Töwratda aýdylýan maglumatlardan çen tutsak, onda olaryň köpelip başlan döwründen bäri häzirki alty ýüz otuz birinji ýyla çenli dört müň ýedi ýüz altmyş bäş ýyl geçipdir.
Emma rumlular barada Töwratda aýdylýan maglumatlara esaslansak, onda ol nesliň köpelip başlan döwründen şu ýyla çenli alty müň alty ýüz togsan bäş ýyl geçipdir.
Huzama diýlip atlandyrylýan Zertuştyň ady beýan edilýän kitapda parslar barada hem aýdylyp, olar Adam atanyň döwründen häzirki wagta çenli dowam edip, şondan bäri dört müň ýedi ýüz elli bir ýyl geçipdir.
Emma pelsepeçiler hem bu barada dürli pikirdedirler. Olaryň ynançlaryna görä, Adam ata gadymky toprakdan şol döwürde ýasalypdyr. Birnäçeleriň pikir edişlerine görä bolsa, onuň asly gadymky toprakdan bolup, giçkiräk döwürde ýasalypdyr.
Emma dindar adamlar Hezreti Adamyň aslynyň gijräk döwrüň topragyndan bolup, onuň özüniň has giçki döwürde ýasalandygyna ynanypdyrlar. Esasy maksat bu hakykatlaryň belli birini makullamak däldir.
Aýtmaklaryna görä, taryhyň özakymlaýyn dowam etmegi we köp wagtyň geçmegi bilen adamlaryň sözleýiş dilleri üýtgäpdir.
Geçmişde türki hökümdarlary «hakanlar» (hanlar) diýlip, deýlem hökümdarlary «kyýanlylar» diýlip, nabaty hökümdarlary «nemrutlar» diýlip, rum hökümdarlary «kaýsarlar» diýlip, pars hökümdarlary «kesralar» diýlip, kybt hökümdarlary bolsa «pyrgun» diýlip atlandyrylypdyr. Bu hökümdarlar baradaky habarlar ýatdan çykyp, täsirleri ýitdi hem-de olar barada gürrüň etmäge zat galmady.
Biz pygamberleriň taryhyndan pygamberimiziň Mekgeden Medinä göç eden wagtyna göçüşine çenli bolan zerur yslamy garaýyşlar barada ýatlap geçeliň. Adam alaýhyssalam Jennetden ýere düşeninde, özi bilen duşuşmaklygyny talap edip, Hezreti How ene hem geldi. Ol Hezreti Adama hormat-sarpalar etmek bilen ony öz ýanynda belent mertebelere göterdi. Olar Arafat dagynda duşuşmak bilen biri-biriniň hal-ýagdaýyny soraşdylar. Aýtmaklaryna görä, Hezreti Adam ilki Meýsan diýen ýere inderildi we şondan soňra ol Übülle diýen ýere bardy.
Aýtmaklaryna görä, Adam alaýhyssalamyň boýy öz tirsegi bilen altmyş tirsek ölçeginde bolupdyr. Onuň ýere düşeninden bir ýüz ýigrimi ýyl geçeninden soňra bir göwreden Kabyl we Habyl atly iki sany oglunyň dünýä inendigi barada aýdýarlar. Takyk rowaýata görä, Habyl Kabyly öldürýär. Çünki Kabylyň ady onuň gurbanlygynyň kabul edilmegi bilen, Habylyň ady bolsa onuň habaldygy bilen baglanyşdyrylýar. Şunlukda, Hezreti Adamyň nesillerinden ilkinji gurban bolan ynsan Kabyldyr. Adam alaýhyssalam bu ýagdaýa gynanyp, kyrk ýyl gussaly halda gezdi.
Aýtmaklaryna görä, Hezreti Adam bu dünýäde dokuz ýüz otuz ýyl ýaşanyndan soňra wepat boldy. Ol Mukaddes Mekgedäki Abu Kaýs dagynda jaýlanyldy. Adam alaýhyssalamyň ornuna mirasdüşerlik etmek üçin Allatagala oňa Şis atly perzent berdi. Ol ähli adamlaryň nesilbaşysy hökmünde palçykdan we daşdan Käbäni bina etdi. Hezreti Adamyň nesillerinden ilkinji bolup, Alla tarapyn oňa elli sahypa inderildi. Şis dokuz ýüz on iki ýaşynda gurban boldy. Ol Abu Kaýs dagynda ejesiniň we kakasynyň gubrunyň ýanynda jaýlanyldy.
Şisiň yzynda Anuş diýen ogly galyp, ol kakasyndan soňra Adam alaýhyssalamyň nesillerine baştutanlyk etdi. Anuş dokuz ýüz on ýaşap, dünýäden ötdi.
Anuşyň yzynda hem Kynan diýen ogly galyp, ol kakasynyň yzyny dowam etdirdi. Kynan dokuz ýüz elli ýaşap dünýäden ötdi.
Kynanyň yzynda bolsa Mihlaýyl atly ogly galyp, ol hem kakasynyň yzyny dowam etdirdi. Mihlaýyl bolsa sekiz ýüz togsan bäş ýaşanyndan soňra dünýäden ötdi. Ol köp sanly şäher gurdurmak bilen magdan çykardan ilkinji adamdyr. Mihlaýyl Babyl we Susan şäherlerini gurdurdy.
Mihlaýyldan soňra onuň yzyny Ýart diýen ogly dolandyrdy. Ýart dokuz ýüz ýetmiş iki ýaşap dünýäden ötdi. Ol öz döwründe köp sanly heýkeller ýasatmak bilen, Şisiň dini düşünjesinden ýüz dönderdi. Ýatlanyp geçilen bu adamlaryň ählisi Hezreti Adamyň döwründe dünýä indi.
Adam alaýhyssalamyň nesillerinden öz ajalyna wepat bolan ilkinji adam Idrisdir. Ol hökümdarlyk işlerinde Harmes Musallas ady bilen tanalan Ahnuhdyr. Ol Hezreti Adam wepat bolanyndan bir ýüz altmyş ýyl geçeninden soňra dünýä indi.
Adam atanyň nesillerinden ilkinji bolup Idrise ösen aň-düşünje berildi. Ol ilkinji bolup galam bilen hat ýazdy we adamlara geýmek üçin geýim tikdi. Şondan soňra adamlar deriden tikilen eşik geýip başladylar. Şeýle hem, Idris ilkinji bolup, Allanyň ýolunda yhlas eden ynsandyr. Idris öz duşmanlary bilen bolan söweşde üstün çykanyndan soňra Habylyň nesillerinden ilkinji bolup, ýesir alan adamdyr. Soňra oňa Alla tarapyn otuz sahypa inderildi. Idris üç ýüz altmyş ýaşynda asmana gaýyp boldy.
Idrisiň yzynda Metuşalyh atly ogly galdy. Metuşalyh kakasy altmyş bäş ýaşyndaka dünýä indi. Ol hem dört ýüz ýaşap dünýäden ötdi. Metuşalyhyň hem Elmek atly ogly bolup, ol kakasy wepat bolanyndan bir ýüz kyrk ýyl geçeninden soňra dünýäden ötdi. Elmek umumy dört ýüz ýyl ýaşady. Ol Nuh alaýhyssalamyň kakasydyr.
Elmek bir ýüz segsen ýedi ýaşyna ýeteninde, onuň Nuh atly ogly boldy. Aýtmaklaryna görä, Nuh dokuz ýüz elli ýaşap dünýäden ötüpdir. Ol Hezreti Adam dünýäden öteninden, ýedi ýüz on iki ýyl geçeninden soňra doglupdyr. Dünýäniň ýüzüni suw alanda, Nuh alaýhyssalam alty ýüz ýaşapdy. Tupan turan wagty bilen Adam alaýhyssalamyň ýere inderilen wagtynyň arasy iki müň iki ýüz kyrk iki ýyldyr.
Aýtmaklaryna görä, Nuh alaýhyssalamyň gämisiniň uzynlygy üç ýüz gary, ini elli gary, dikligine bolsa otuz garydy. Onuň gämisi üç gatdan ybarat bolupdyr. Gäminiň birinji gatynda iri haýwanlar, ikinji gatynda guşlar we ýyrtyjy haýwanlar, üçünji gatynda bolsa Hezreti Adamyň nesilleri ýerleşipdir.
Selman Parsyň aýtmagyna görä, Nuh alaýhyssalam öz gämisini saj (hindi duby) agajyndan dört ýüz ýylyň dowamynda ýasap gutarypdyr. Rowaýatlaryň birinde gelşine görä, Nuh alaýhyssalam bilen gämä münen adamlaryň anyk sany barada, Sam bilen Ham barada we bu ikisiniň haýsynyň gark bolandygy barada adamlaryň arasynda gapma-garşylykly pikirler ýüze çykypdyr. Birnäçe adamlar Nuh alaýhyssalamyň ogullaryndan Ýamyň gämä münendigini aýdýarlar. Sam barada Töwratda aýdylyşyna görä, onuň sil gelen döwründen ýüz ýyl geçeninden soňra doglandygy barada aýdylýar. Anygyny Alla bilýär.
Nuh alaýhyssalam ömrüniň ahyrky günlerinde öz ogly bilen ýeriň ortasy hasaplanýan Ýemeniň we Omanyň töweregindäki Harm diýen ýerde ýaşady. Pygamberleriň ählisi Nuhuň ogly Samdan gaýdandyr. Sam alty ýüz ýaşap dünýäden ötdi.
Wähbiň makullamagyna görä, Nuh alaýhyssalamyň ogly Ham akýagyz owadan keşpde bolupdyr. Soňra Alla Hamyň we onuň nesilleriniň bedenini garaýagza öwrüpdir. Onuň ýaşy Samdan uly bolupdyr. Samyň ähli pygamberiň atasy bolanlygy üçin biz ony Hamdan öňde getirdik. Sam we onuň nesilleri Nil derýasynyň aňry taraplaryna, Kybta we Afrika gidip ýaşadylar.
Hamyň ogly Mesraýym bolsa Faryk ady bilen tanaldy. Şeýle hem Hamyň Kengan diýen ogly bolupdyr. Bularyň iň kiçisi Ýafes ibn Nuh bolmak bilen olar Rumuň demirgazyk tarapyndaky ýerde we Sisiliýada ýaşadylar. Burjanlar we türkiler bolsa Hytaýa hem-de ýajujlaryň we mäjujlaryň ýerlerine tarap süýşdüler.
Allatagala Oman bilen Hazramöwdiň aralygynda mesgen tutunan Samyň nesillerini güýçli, üznüksiz ýel bilen heläk etdi. Soňra Allatagala ýerdäki ýaşaýşyň dowam etmegi üçin Adam alaýhyssalamyň nesillerinden Sama Hut diýen perzent berdi. Aýtmaklaryna görä, Huduň birnäçe nisbesi bolupdyr. Ol Şalyh ibn Abu Fahşez ibn Sam diýip atlandyrylýan Abyrdyr. Başga birnäçeleriň aýtmaklaryna görä, onuň doly ady Hut ibn Abdylla ibn Ryýah ibn Jalut ibn Ad ibn Ywazdyr. Adam alaýhyssalamyň nesillerinden Hut Hezreti Adama has meňzeşdi. Hut üç ýüz ýaşy arka atan kakasynyň wepat bolan pursatyndan köp wagt geçmänkä dünýä inipdir. Ol umumy bir ýüz elli ýaşap, wepat bolupdyr. Aýtmaklaryna görä, Huduň mazary Hazramöwtde ýerleşipdir. Olaryň nesilleriniň mesgen tutunan ýerleriniň meýdany ýigrimi dört müň parsah bolup, umumy ýeriň dörtden bir bölegini tutandygy barada aýdylýar. Şonuň ýaly-da, sintleriň we hindileriň ýerleri on iki müň parsah meýdany öz içine alypdyr. Bulardan Hytaý sekiz müň parsah meýdany tutup, ol ýerde Ýafes ibn Nuhuň nesilleri mesgen tutunypdyr. Şeýle-de, rumlular üç müň parsah meýdany tutupdyrlar. Araplar bolsa, bir müň parsah meýdany tutup, olar Sam ibn Nuhuň nesilleridir.
Nuh alaýhyssalamyň dört sany ogly bolupdyr. Olar Kengan, Sam, Ham we Ýafesdir. Araplar, Suwadyň halky, parslar, Ahwazyň ilaty, Jeziräniň we Mosulyň ýaşaýjylary Samdan gaýdypdyr. Sudanyň halky, kybtylar, andaluslylar, sintler, hindiler we berberler Hamdan gaýdypdyr. Türkiler, ýajujlar, mäjujlar, rumlular, Hulwanyň, Horasanyň we Hytaýyň halklary bolsa Ýafesden gaýdypdyr. Beýik Ýaradyjy Allatagala halklary ýokardaky görnüşde ýaratdy. Anygyny Alla bilýär.
Salyhyň doly ady Ibn Ubaýt ibn Aşaf ibn Fasyh ibn Ubaýt ibn Hazyr ibn Semutdyr. Onuň nesilleri Wadyýyl Kura diýen ýer bilen Şamyň arasyndaky daşlyk ýerde mesgen tutdular. Salyh mydama aýakýalaňaç gezipdir. Onuň aýratynlygy bolsa Alla tarapyn oňa düýe inderilmegidir. Aýtmaklaryna görä, Salyh bir ýüz segsen ýaşap dünýäden ötüpdir.
Ybraýym Halylyň doly ady Ibn Azer Argus ibn Falyh ibn Abyrdyr. Onuň pederleriniň içinde ady tutulýan Abyr bolsa, ýokarda ýatlanylyp geçilen Hutdyr. Ol Nemrut ibn Kuş ibn Ham ibn Nuhuň hökümdarlygyndaky Babylda dünýä inipdir. Ybraýym otuz ýaşyna ýeteninde, Nemrut ony oda oklaýar. Ýöne Allanyň gudraty bilen Nemrudyň bu jezasy oňa hiç hili täsir etmeýär. Soňra ol agyr sütemden halas bolmak üçin agasynyň gyzy bolan öz aýaly Sarany we doganynyň ogly Luty öz ýany bilen alyp, gaçyp gidýär. Olar Harrana baryp, ol ýerde bäş ýyl bolanlaryndan soňra Şama gidýärler. Ýöne ol ýerde açlyk bolanlygy sebäpli Ybraýym ýanyndaky hossarlary bilen mejbury halda Müsüre barýar. Ol ýerdäki pyrgunlaryň biri Ybraýyma Hajar diýen gyrnagy peşgeş berýär. Soňra olar Palestina dolanyp barmak bilen şol ýerde ýaşap başlaýarlar. Bu ýerde az wagt bolanlaryndan soňra, Lut olardan aýrylyp, Sedum şäherine gidýär we şol ýerde ýaşap başlaýar.
Ybraýym perzentsiz halda segsen bäş ýaşa ýeteninde, onyň aýaly Sara öz adamsyna Hajar diýen gyrnaga öýlenmäge rugsat berýär we olara nika gyýylýar. Soňra bularyň Ysmaýyl atly ogly bolýar. On bäş ýyldan soňra Saranyň hem Yshak atly ogly bolýar. Ybraýym bir ýüz ýetmiş bäş ýaşap dünýäden ötýär.
Aýtmaklaryna görä, Adam alaýhyssalamyň ýere inderilen wagtyndan Ybraýymyň doglan wagtyna çenli üç müň üç ýüz otuz ýedi ýyl geçipdir.
Allatagala Lut ibn Hazan ibn Azeri Sedumyň ilatyna ýolbaşçylyk etmäge ugradypdy. Soňra bu şäheriň ilaty diňe keýpi-sapa işleri bilen meşgul bolup başladylar. Allatagala Sedum şäherine öz perişdelerinden birini ugratdy. Bu perişde her elini Sedum şäheriniň bir tarapyndan aşaklygyna ýere tarap ýedi ýüz gary ölçeginde sokdy. Şol wagt şäherdäki itleriň we horazlaryň sesini asmandaky perişdeler eşider ýaly derejä ýetýänçä, şäheri ýokary göterdi we ony tutuşlugyna beýlesine öwrüp goýdy. Bu waka Ybraýym ýüz ýaşyndaka bolup geçdi.
Adamlar Ybraýymyň ogly Ysmaýyl barada dürli pikirde boldular. Olaryň birnäçesiniň aýtmagyna görä, Allatagala Ybraýym pygamberiň takwalygyny synap görmek üçin Ysmaýyly gurban etmegi emr edipdir. Şeýle-de, olar Ysmaýylyň ilkinji bolup, ýabany atlary münendigini, eldekileşdirendigini hem-de ýaý bilen äpet haýwanlary awlandygyny aýdýarlar. Ysmaýyl bir ýüz kyrk ýaşap dünýäden ötüpdir.
Käbir adamlaryň aýtmagyna görä bolsa, Allatagala Ybraýym pygamberiň takwalygyny synap görmek üçin onuň ogly Yshaky gurban etmek barada emr edipdir. Soňra Allatagala onuň deregine gurban etmek üçin Jennetden bir goýun iberipdir. Ybraýym pygamber goýny Beýtilmukaddesiň golaýynda öldürip, onuň kellesini Käbäniň ternawyndan asyp goýupdyr. Yshak bir ýüz segsen ýaşap dünýäden ötüpdir. Onuň wepat bolan ýyly Ýusubyň zyndandan çykyp, Pyrguna wezir bolan wagtyna gabat geldi. Yshak hem kakasynyň gubrunyň golaýynda jaýlandy.
Yshagyň ogly Ýakup bolsa Ysraýyl diýlip atlandyrylypdyr. Onuň on iki sany ogly bolup, olar esbatlar diýlip atlandyrylypdyr. Aýtmaklaryna görä, Ýakubyň neberesinden on iki sany adam pygamber bolupdyr. Ol pygamberler şulardyr: Nuh, Hut, Ysmaýyl, Yshak, Salyh, Lut, Eýýup, Şugaýp, Ybraýym we Muhammetdir. Ýakup bir ýüz elli ýaşap dünýäden ötdi. Ol ogly Ýusubyň gubrunyň ýanynda jaýlanyldy.
Ýusup ibn Ýakup ibn Yshak örän owadan keşpde bolupdyr we onuň doganlary bilen baglanyşykly meşhur kyssa bardyr. Ýusup ýigrimi iki ýaşyna ýeteninde kakasyny taşlap gidýär. Şondan soňra ol tä wepat bolýança kakasy bilen diňe on ýedi ýyllap bile ýaşapdyr. Ýusup bir ýüz ýigrimi ýyldan gowrak ýaşap, dünýäden ötüpdir. Ilkibaşda Ýakup we onuň nesillerinden ýetmiş sanysy Müsüre barýar. Soňra olar ýanynda alty ýüz müň söweşijisi bolan Musa bilen çöle çykýarlar. Ýakubyň Müsüre gireninden soňra, Musanyň öz kowumyny alyp, ol ýerden çykyp giden wagtyna çenli dört ýüz kyrk ýyl geçipdir. Aýtmaklaryna görä, şol wagt Musa Ýusubyň tabydyny öz ýany bilen alyp gidipdir.
Eýýup pygamber barada aýdylanda bolsa, ol rum taýpasyndan bolup, onuň doly ady Dareh ibn Awyl ibn Yýs ibn Yshakdyr. Onuň aýaly Rahyma bolsa, Yfraýym ibn Ýusup ibn Ýakubyň gyzydyr. Eýýubyň ejesi bolsa, Lutuň gyzydyr. Ol çölde ýaşanynda ýedi ýyl syrkaw gezeninden soňra, ýetmiş bäş ýaşynyň içinde düýäden ötdi.
Aýtmaklaryna görä, Şugaýbyň doly ady Besrun ibn Seýfun ibn Ykan ibn Sabyt ibn Medýen ibn Ybraýymdyr. Allatagala Şugaýby Medýen şäherine çarwa hökümdarlarynyň ýanyna iberdi. Ýöne adamlar bu waka ynanmazçylyk edip, ony aldapdyrlar. Soňra Allatagala ol adamlaryň üstüne bulut inderdi. Bu adamlar buludyň kölegesinden lezzet alyp, onuň aşagynda topar-topar boldular. Şol wagt ol ýerde ot emele gelip, azgyn adamlaryň ählisi oda ýandy. Aýtmaklaryna görä, Şugaýp dört ýüz ýaşap, dünýäden ötüpdir.
Aýtmaklaryna görä, Hydyr Ybraýymyň zamanasynyň başlarynda ýaşan Zülkarneýniň döwürdeşidir. Ol «Haýwan» diýip atlandyrylan çeşmäniň boýunda ýaşapdyr. Hydyr Ýehudyň neslinden bolan Urmyýa ibn Halkyýanyň kowumyndan bolupdyr.
Musa bilen Harun bolsa Ymran ibn Musgar ibn Wehep ibn Lawy ibn Ýakup ibn Yshagyň ogullarydyr. Ol ikisi Welit ibn Musgap diýlip atlandyrylýan zalym pyrgunyň huzuryna bardylar. Musa bilen Harun meşhur bolup, Müsürde kyrk ýyl ýaşadylar. Soňra Musa pyrgunyň kowumyndan bolan kybtylardan birini öldürip, Medýen şäherine gaçyp gitdi. Soňra ol Şugaýbyň gyzy Safura öýlendi. Otuz dokuz ýyldan soňra, Allatagala ony ýene-de pyrgunyň ýanyna iberdi. Musa Müsürde bir ýyl bolanyndan soňra, ol ýerdäki Beni Ysraýyl taýpasyna baş bolup, çöle çykdy. Pyrgun bolsa, olary yzarlap barýarka, derýadan geçjek bolanynda gark boldy. Musa öz kowumy bilen çölde kyrk ýyl ýaşanyndan soňra, bir ýüz ýigrimi ýaşynyň içinde dünýäden ötdi.
Aýtmaklaryna görä, üç sany pyrgun ýaşap geçipdir. Olaryň birinjisi, Sinan ibn Aşal bolup, ol Ybraýymyň döwründäki Nemrutdyr. Olaryň ikinjisi, Ryýýan Ibn Welit ibn Musgap bolup, ol Musanyň döwründäki pyrgundyr. Olaryň üçünjisi bolsa, Welit ibn Musgapdyr.
Soňra Musanyň yzyny Ýuşag ibn Nun ibn Yfraýym ibn Ýusup ibn Ýakup dowam etdirdi. Allatagala Ýuşaga pygamberlik iberip, oňa Aryha gitmek barada emr etdi. Ýuşag pygamber ol ýere barýarka, ýolda oňa talaňçylar duşdy. Ol talaňçylar bilen söweşip, olardan üstün çykanyndan soňra Erihona bardy. Ýuşag bir ýüz on ýaşap dünýäden ötdi. Ol Musadan soňra, Beni Ysraýyl taýpasyna ýigrimi sekiz ýyl baştutanlyk etdi.
Şondan soňra Beni Ysraýyl taýpasyna Galyp ibn Mowkyýa ýigrimi ýyl ýolbaşçylyk etdi. Ol Hazkyl ibn Böri ady bilen tanalyp, öz diýarlaryndan çykyp giden müňlerçe adamdan ybarat bolan kowumyň baştutanydyr. Aýtmaklaryna görä, ol bir kempiriň ogly bolupdyr, ýagny ol ilkibaşda önelgesiz bolan ýaşy bir çene baran aýaldan doglupdyr.
Ylýas ibn Yýzar ibn Harun ibn Ymrany bolsa, Allatagala Baalbege ugratdy. Şol wagt Baalbegiň ilaty Baal atly heýkele çokunýan ekenler. Olar Ylýasa garşy çykdylar. Soňra Allatagala Baalbegiň ilatyny ýazgaryp, üç ýyllap olaryň üstüne ýagyş ýagdyrman gurakçylykda saklady. Şonuň netijesinde, olaryň ähli mallary heläk boldy. Soňra Baalbegiň halky eger Alla özlerini guraklykdan halas etse, oňa iman getirjekdikleri barada Ylýasa ýüz tutdular. Emma Allatagala olary kynçylyklardan halas edip, güýç-kuwwat bereninden soňra hem olar toba etmediler. Şondan soňra Ylýas Baalbek ilatynyň mekirliginden, ýalançylygyndan halas bolmak üçin Alladan özüniň ruhuny almagyny sorady. Allatagala ony ýelek bilen örtüp, öz perişdelerinden biri edip ýaratdy.
Ýasyg ibn Hutub bolsa Ylýasyň şägirdidir. Allatagala ony Beni Ysraýyl taýpasyna ýollady. Ol taýpanyň ilaty bolsa köp erbetlikler edip, Alla ybadat etmekden boýun gaçyrdylar. Şondan soňra Allatagala amalyk taýpasynyň hökümdarlaryny olara garşy goýdy. Ol hökümdar Beni Ysraýyl taýpasyny boýun etmäge howlugyp, olara ezýet berip başlady. Ýuşag dünýäden öteninden soňra, Ýasyg wepat bolýança dört ýüz altmyş ýyl geçdi.
Eşmuýyl ibn Baly barada jöhitleriň aýtmaklaryna görä, ol Ysmaýyldyr. Allatagala ony Beni Ysraýyl taýpasyna ýolbaşçylyk etmek üçin iberdi. Şunlukda, ol amalyk taýpasynyň hökümdarlaryna urgy edip, olary Beni Ysraýyl taýpasyndan daşlaşdyrdy.
Şondan soňra Beni Ysraýyl taýpasynyň ilaty Allatagaladan özleri üçin pygamber ibermegini soradylar. Ýöne şol döwürde pygamberler neslinden Hanna atly bir önelgesiz aýaldan başga hiç bir ynsan galmandy. Ol Allatagaladan özüne bir ogul perzent bermegini sorady. Şondan soňra onuň Eşmuýyl atly ogly boldy. Onuň doly ady bolsa Semgun Uştukdyr. Soňra Alla tarapyn oňa güýç-kuwwat inderildi. Ol Kaht ibn Lawy ibn Ýakubyň ogludyr. Eşmuýyl ýigrimi iki ýaşyna ýeteninde, Dawut alaýhyssalam dünýä indi. Eşmuýyl kyrk ýaşyna ýeteninde, Allatagala oňa pygamberlik inderdi. Soňra ol Talutyň başyny sypady. Şol wagt ilatyň öňüne düşýän hökümdar ýokdy. Şondan soňra adamlar iki sany öküze goşulan tekerli tabyt alyp, Eşmuýylyň ýanyna geldiler. Bu bolsa onuň Beni Ysraýyl taýpasyna ýolbaşçylyk etmäge çagyrylmagynyň alamatydy. Soňra olar Eşmuýyla ynanyp, Taluty onuň ýanyna getirdiler. Şol wagt olaryň ýanynda kümüşden we altyndan bezelip, agaçdan ýasalan tabyt bardy. Onuň içinde pygamberleriň kalplaryny ýuwmak üçin legen we Musa inderilen hasa bardy. Soňra Talut üç ýüz on üç adam bilen Jaluty öldürmek üçin gitdi. Şol wagt Dawut eýýäm Jaluty öldüripdi. Talut bolsa Jalutyň gyzyna öýlenipdi. Şeýle-de bolsa Talut hem ony göripçilikde öldürmek isläpdi. Ýöne ol bu işi başarmandy.
Dawut ibn Iýşi ibn Awnat bolsa Ýehut ibn Ýakubyň ogludyr. Ol kelte boýly gysga saçly adamdy. Allatagala oňa Talutyň mülküni we Eşmuýylyň pygamberligini bagyş etdi. Şondan soňra Beni Ysraýyl taýpasy Dawudyň tabynlygynda boldy.
Şunlukda, ol köp sanly ýeňişler gazanyp, öz tabynlygyndaky ýerleri giňeltdi. Allatagala oňa Zebury inderdi we demir bilen iş salyşmagy öwretdi. Dawut pygamber daglara we guşlara emr etdi. Haçanda Dawut pygamber Allatagala öwgi-sena aýdanynda, olar hem Allatagala hamdy-sena aýdardylar. Allatagala Dawut pygambere şeýle bir owazly ses berdi welin, onuň ýaly labyzly sesi Ol öz ýaradanlarynyň hiç birine bermändi. Ol altmyş ýaşa ýeteninde, Ubar ibn Hannanyň rugsat bermegi bilen onuň aýalyna öýlendi. Dawut pygamber bir ýüz ýaşap dünýäden ötdi. Aýtmaklaryna görä, onuň jynazasyna kyrk müň adam ýygnanypdyr. Dawut pygamber altmyş ýyl hökümdarlyk etdi.
Dawudyň ogly Süleýman bolsa, kakasyndan soň hökümdarlyk etdi. Süleýman on sekiz ýaşyna ýeteninde Allatagala jynlary, ynsanlary, guşlary we ýelleri onuň ygtyýaryna bermek bilen oňa pygamberlik bagyş etdi. Süleýman pygamber mejlislere baran wagtynda, onuň töweregi guşlardan doly bolýardy. Şeýle-de jynlar we ynsanlar hem onuň ýanynda bolýardy. Süleýman pygamberiň güýçli ýele emr edişi barada hem meşhur kyssa bardyr. Ol dört ýyl hökümdarlyk edeninden soňra, Beýtilmukaddesi bina etmek işine başlady. Bu binany tamamlamak üçin Süleýman pygambere ýedi ýyl gerek boldy.
Onuň hökümdarlyk edip başlanyna ýigrimi bäş ýyl bolanynda, onuň ýanyna sabeýleriň zenan hökümdary Bylkys geldi. Bu waka barada hem meşhur kyssa bardyr.
Aýtmaklaryna görä, şeýtan Süleýmanyň ýüzügini alyp, onuň kürsüsinde kyrk gün oturypdyr. Süleýman pygamber bolsa, ondan gaçyp gidipdir we adamlardan çörek diläp gününi görüpdir. Soňra şeýtan hem pygamberiň köşgünden gaçyp gidipdir we onuň ýüzügini deňze zyňypdyr. Ýüzügi bolsa bir balyk ýuwutdy. Şondan soňra, ol balygy bir balykçy tutdy we ony satmak üçin bazara çykaranynda, şol balygy bir garakçy satyn aldy. Ol balygy ýaga gowrup, bişiren wagtynda onuň gapysyndan Dawudyň ogly Süleýman pygamber dilegçilik edip bardy. Ol garakçy gapysyndan gelen örän aç haldaky Süleýmany balyk bilen naharlady. Şol wagt Süleýman pygamberiň iýip oturan balygynyň içinden ýüzük çykdy we Allatagala oňa hökümdarlygyny gaýtaryp berdi. Süleýman pygamber elli iki ýaşynda hasasyna ýaplanyp duran ýerinde ölüp galdy. Şu wakadan soňra hökümdarlygy onuň ogly Ruhbagam on ýedi ýyl dolandyrdy.
Soňra Beni Ysraýyl taýpasynyň adamlary köp sanly ownuk toparlara bölündiler. Şol wagt Eşgyýa alaýhyssalam bir döwürde Isa bilen Muhammet pygamberiň (Olaryň ikisinede Allanyň salamy we salawaty bolsun) dünýä injekdigi barada buşlady. Soňra Allatagala Eşgyýany Beni Ysraýyl taýpasyna baş bolmak üçin iberdi. Ol taýpanyň adamlary bolsa Eşgyýany öldürdiler. Şu wakadan soňra Allatagala olara hökümdarlyk etmek üçin Buhtunnasry iberdi. Ol bu taýpadaky azgyn adamlaryň ählisini öldürdi. Bu waka Buhtunnasryň Beni Ysraýyl taýpasyna birinji gezek baştutanlyk eden döwründe bolup geçdi. Soňra ol dört ýüz elli üç ýyllap Dawudyň nesillerine hökümdarlyk etdi.
Soňra Şam derbi-dagyn edilen görnüşde boldy. Ýetmiş ýyllap ol ýerde samra taýpasyndan başga hiç hili taýpa ýaşamady. Şol wagt Babyl ilatyna Urmyýa hökümdarlyk edýärdi. Beni Ysraýyl taýpasynyň ilaty ýaramaz işlere baş goşup, Allanyň gaharlanmagyna sebäp bolanlarynda, Allatagala olary ýola getirmek üçin Urmyýany iberdi. Ol uly tagallalar edeninden soňra, hökümdarlygy ynamly ýagdaýda dolandyrdy.
Şondan soňra Allatagala Beni Ysraýyl taýpasyna baş bolmak üçin Buhtunnasry ikinji gezek ol ýere iberdi. Ol bu taýpanyň ilatyny öldürmek, haja çüýlemek, gul etmek bilen bir hatarda Beýtilmukaddesi hem derbi-dagyn etdi. Urmýýa bolsa Müsüre gidip, şol ýerde ýaşaýardy. Soňra Allatagala oňa Beýtilmukaddese dolanmak barada emr etdi. Urmyýa haraba öwrülen şähere gözi düşeninde şeýle diýdi:
― Allatagala bu ýagdaýdaky şäheri nädip düzedip bilerkä?
Şondan soňra, Allatagala Urmyýany ýüz ýyllap öli halda saklady we Beýtilmukaddesi doly düzedeninden soňra hem oňa täzeden jan berdi.
Danyýal bilen Uzaýr hem Buhtunnasryň elinde ýesirlikde boldy. Soňra Buhtunnasr öz ýesirleri bilen Babyla gitdi. Bir gün Buhtunnasr düýş gördi. Onuň düýşünde Danyýal onuň ýamanlygynyň üstünden geçip, oňa ýagşylyk edýär. Soňra Buhtunnasr Danyýal bilen Uzaýryň ikisini hem ýesirlikden boşatdy. Buhtunnasryň elindäki ýesirlerden dört sanysy has güýçli bolupdyr. Olar şulardyr: Danyýal, Uzaýr, Şumaýl we Hunaýýadyr. Buhtunnasr wepat bolanyndan soňra, olar Beýtilmukaddese dolanyp barypdyrlar. Aýtmaklaryna görä, Danyýal Huzystan topragyndaky Sus diýen şäherde wepat bolupdyr. Uzaýr bolsa Töwrat oda ýananyndan soňra ony jöhitlere gaýtaryp beripdir.
Aýtmaklaryna görä, Danyýal pygamber bolmandyr. Ýagny ol diňe sahy adam bolupdyr.
Dawudyň dünýä inen wagtyndan tä Uzaýr wepat bolýança bäş ýüz altmyş dört ýyl geçipdir. Uzaýr Beni Ysraýyl taýpasyna baştutanlyk eden wagtynda, ol pars hökümdarlaryny ýok edipdir.
Soňra Şamda Zülkarneýin Isgender peýda boldy. Şu wakadan soňra ol öz şäherinden çykyp gidýänçä alty ýyl geçipdir. Hezreti Adamyň ýere inderilen wagtyndan tä Zülkarneýin Isgenderiň hökümdarlygyna çenli bäş müň ýyl geçipdir. Zülkarneýin Isgenderiň hökümdarlyk edip başlan döwründen hijri senesi boýunça alty ýüz ýigrimi dördünji ýyla çenli aralyk bir müň bäş ýüz kyrk üç ýyla deň bolupdyr.
Allatagala Ýunus alaýhyssalamy Neýnewi şäheriniň ilatyna pygamberlik etmek üçin ýollady. Ol Süleýman pygamberiň hökümdarlygyndan alty ýüz ýyl geçeninden soň iberildi. Ýunus ibn Mettanyň kyrk günläp läheň balygyň içinde bolşy barada belli kyssa bardyr. Allatagala şeýle diýdi: «Eger ol hamdy-sena aýtmadyk bolsa, tä ahyret gününe çenli läheň balygyň içinde galardy». Ýagny Ýunus alaýhyssalam tümlügiň içinde «Hiç ylah ýok, meger, Özüň barsyň, eý päk Perwerdigär, hakykatdan hem, men (öz janyma) jebir ediji bolup galdym» diýip doga okady.
Zekerýa ibn Hanna bolsa Süleýman ibn Dawudyň ogludyr. Zekerýa bilen Merýemiň kakasy Ymran iki aýal dogana öýlenýärler. Zekeriýanyň aýaly Ýahýanyň ejesidir. Ymranyň aýaly bolsa Merýemiň ejesidir. Merýem dünýä inen wagtynda, Zekerýa ony eklemegi öz üstüne aldy. Çünki Merýemiň kakasy wepat bolupdy. Ýahýa doglanyndan üç ýyl geçeninden soňra Merýem Isany dogurdy. Beni Ysraýyl taýpasy bolsa Merýemiň çaga dogurmagynda Zekerýa töhmet atdylar. Zekerýa bolsa olardan howatyr edip, gaçyp gitdi we bir ösüp oturan agajyň köweginde gizlendi. Ol taýpanyň adamlary bolsa bu bagy byçgy bilen kesdiler. Aýtmaklaryna görä, Zekerýa şol ýerde öldürilipdir.
Zekerýanyň ogly Ýahýa bolsa Saburyň hökümdarlyk edýän ýurdunda doglupdyr. Ol Isgenderiň hökümdarlyk eden döwründen üç ýüz üç ýyl geçeninden soň doguldy. Bu waka barada Gurhany Kerimiň «aýallar» süreside aýdylyp geçilýär. Soňra Beni Ysraýyl taýpasynyň hökümdarlygyndan biriniň gynalyp öldürilendigi barada habar ýaýrady. Ony bolsa Ýahýa ibn Zekerýa kakasynyň aryny almak üçin öldüripdi. Bu waka Isanyň asmana göterilmeziniň öň ýanynda bolupdy. Isa asmana göterilende, Ýahýa on alty ýaşynda eken. Soňra pars hökümdary Ýahýanyň aryny almak üçin söweşe başlady we Beni Ysraýyl taýpasyndan örän köp adamy öldürdi. Bu söweş tä olaryň özi köşeşýänçä dowam etdi.
Isa ibn Merýem alaýhyssalam Isgenderiň döwründen üç ýüz ýyl geçeninden soň doguldy. Merýem ony on üç ýaşynda dogurdy we ol Isany dokuz aý göwresinde göterdi. Isanyň pygamberligi üç ýaşyndaka berildi. Ýöne onuň pygamberiligi otuz ýaşynda äşgär bolupdy. Isa sallançakda üç gezek gürledi we şondan soňra tä gürlemeli döwrüne ýetýänçä gürlemedi. Aýtmaklaryna görä, Isa gadyr gijesinde Beýtilmukaddesiň golaýyndaky daglyk ýerden asmana göterlipdir. Isa ýedi ýaşanynda ejesine şeýle diýipdir:
― Siz maňa hiç hili haýyr etmediňiz. Bu zatlaryň ählisi maňa Alla tarapyn berildi. Siz bolsaňyz olary ýerdäki adamlaryň arasynda ýaýradyň.
Aýtmaklaryna görä, Merýem şu wakadan soňra alty ýyl ýaşapdyr. Pygamber alaýhyssalam barada käbir adamlaryň rowaýat etmegine görä, bu hadysa Isa ibn Merýemiň asmana göterileninden ýigrimi ýyl soňra bolup geçipdir. Möminler ony hristian diýip atlandyrypdyrlar. Bu atlandyrmanyň asly Antakyýa halkynyň dilinden gelip çykandyr. Aksa şäherinden gelen adamlar bularyň Alla tarapyn ilçi edilip iberilendigine kepil geçmek barada dürli pikirde boldular. Kowumyň adamlary bolsa Isanyň örän sahy adam bolandygy barada aýdýarlar. Rowaýat etmeklerine görä, olar Isadan birnäçe ýyl öň ýaşap geçen Ibn Beşer ibn Eýýubyň sahy adam bolandygyna hem kepil geçipdirler. Ibn Beşer ibn Eýýup asly rumly bolup, Alla tarapyn uzak wagtlap ukudaky halda saklanan ýedi sany oglanyň biridir. Olaryň azgyn hökümdary buta ybadat edipdir. Bu oglanlar barada meşhur kyssa bolup, onda getirilişine görä, gowagyň agzynda şeýle ýazgy bar eken, «Bu oglanlaryň ýanynda itleri bolupdyr. Ilkibaşda Allatagala üç ýüz ýyllap olaryň gulagyny eşitmez ýaly etdi. Soňra Ol bu möhleti ýene-de dokuz ýyl uzaltdy». Aýtmaklaryna görä, bu ýaşlar Efşiş şäherinde ýaşap geçipdirler.
Isanyň yzyny dowam etdiren Halyt ibn Sinan Ysmaýylyň neberelerindendir. Aýtmaklaryna görä, Halyt ibn Sinanyň döwründe Mekge bilen Medinäniň arasyndaky çölde uly ot bolupdyr. Ol oduň hiç hili peýdasy bolmandyr. Birnäçe araplar bolsa oňa çokunypdyrlar. Halyt ibn Sinan hasasyny alyp, oduň içine girdi we tä ony Allatagalanyň özi öçürýänçä oduň içinden çykman, ony öçürmek üçin tagalla etdi. Soňra ol öz kowumyna şeýle diýdi:
― Meniň öljek wagtym ýakyn geldi. Eger men ölsem, birnäçe wagtdan soň meniň gubruma gözegçilik ediň. Meniň gubrumyň üstüne düýe gelse, ony urup ýykyň we gubrumyň üstünde onuň damagyny çalyň. Şondan soňra bolsa meniň gubrumy gazyň, men size ol ýerde bolan zatlaryň ählisini gürrüň bererin.
Köp wagt geçmänkä Halyt ibn Sinan dünýäden ötdi. Onuň diýen wagtynda kowumyň adamlary gubruň töweregine gözegçilik etdiler. Halyt ibn Sinanyň gubrunyň üstüne düýe geleninde, ony urup ýykdylar we şol ýerde damagyny çaldylar. Olar Halyt ibn Sinanyň gubruny gazmak islänlerinde, onuň ogullary kowumyň adamlarynyň bu işi etmeklerine garşy çykdylar we özleriniň Beni Mebnuş taýpasyndan däldiklerini aýtdylar.
Hantala ibn Sefwan bolsa Halyt ibn Sinandan soňra ýüz ýyl hökümdarlyk etdi. Aýtmaklaryna görä, ol Ysmaýylyň neberelerindendir. Allatagala ony iki sany taýpa hökümdarlyk etmek üçin iberdi. Aýtmaklaryna görä, olaryň biri kydman taýpasy, beýlekisi bolsa ragweýl taýpasydyr. Allatagala Hantal ibn Sefwany bu taýpalaryň adamlaryny dogry ýola getirmek üçin iberdi. Taýpanyň adamlary onuň özlerine temmi bermek üçin iberilendigini bilenlerinde, ondan gaçyp gitdiler. Hantal ibn Sefwan bolsa olara:
― Eý, adamlar gaçmaň, öz ýaşaýan ýerleriňize dolanyň. Mümkin siz günäleriňiziň geçilmegini sorarsyňyz― diýdi.
Olar bolsa:
― Eý, hökümdar, biz zulum işler etdik ― diýip, Hanzal ibn Sefwana ýüzlendiler.
Soňra olaryň uzak wagtlap doga edip gezmekleriniň netijesinde Allatagala olara rysgal-döwlet gaýtaryp berdi.

Dowamy bar.
Bölümler: Taryhy Şahslar | Görülen: 81 | Mowzugy paýlaşan: Pero | Teg: Abulfazaýyl Muhammet ibn Aly Hamawy | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 0
avatar

Старая форма входа
Total users: 203