Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

16:35
Mansuryñ taryhy
MANSURYŇ TARYHY / 3

PYGAMBER GÖÇ EDEN ÝYLYNDAN BAŞLANÝAN HIJRI ÝYLYNYŇ (GOÝ, ALLA ONUŇ ŞÖHRADYNY ÝOKARY GÖTERSIN!) ILKINJI ÝYLYNDAN HÄZIRE ÇENLI BOLUP GEÇEN MEŞHUR TARYHY SENELERIŇ BEÝANY

*Hijri senesiniň birinji ýylynda pygamber alaýhyssalam göç etdi. Şol wagt muhajyrlar bilen ensarlaryň arasynda dostlukly gatnaşyk gazanyldy.

* * *
*Ikinji ýylda Bedr söweşi boldy.
*Şu ýylda Oraza tutmaklyk parz edildi we Käbe basylyp alyndy.

* * *
*Üçünji ýylda Beni Süleým söweşi boldy.
*Şu ýylyň Oraza aýynyň ortalarynda Medine şäherinde Hasan eneden doguldy.
*Şu ýylda Rykag söweşi boldy. Şol wagt parslara Ýezdigert hökümdarlyk edýärdi.

* * *
*Dördünji ýylda Beni Nuzaýr söweşi boldy.
*Şu ýylyň Oraza aýynyň on üçüne hepdäniň Sogapgüni Hüseýin eneden doguldy.

* * *
*Bäşinji ýylda Dawmajendel we Beni Mustalyk söweşleri bolup geçdi.
*Şu ýylda Händek söweşi hem bolup geçdi.

* * *
*Altynjy ýylda Usfan söweşi boldy.
*Hudaýbyýa söweşi hem şu ýylda bolup geçdi.
*Şu ýylda Pygamber alaýhyssalam Ýezdigerdiň we Kaýsaryň ýanyna ilçi iberdi.

* * *
*Ýedinji ýylda Hubaýr söweşi boldy.
*Şu ýylda pygamber alaýhyssalam «Bismillähi-r-rahmany-r-rahym» diýip ýazdy. Soňra ol «Muhammet Allanyň resulydyr» diýip hat ýazylan ýüzügi kabul etdi.

* * *
*Sekizinji ýylda Mekge eýelendi we ol ýerdäki butlar derbi-dagyn edildi.
*Şu ýylda Taýyf söweşi boldy. Soňra köp sanly münberler ýasaldy.
*Şeýle hem şu ýylda Hüneýn söweşi boldy.

* * *
*Dokuzynjy ýylda Betul söweşi boldy.
*Şu ýylda Hebeşistanyň hökümdary Nejjaşy wepat boldy.

* * *
*Onunjy ýylda Pygamber alaýhyssalamyň hoşlaşyk hajy boldy. Şol gün Allatagalanyň asmanlary we ýeri ýaradan güni ýaly boldy.

* * *
*On birinji ýylda Allanyň resuly sallallahy alaýhy wesellem wepat boldy. Soňra onuň yzyny dowam etdirmek üçin Abu Bekr Syddyk (goý, Alla ondan razy bolsun!) kasam etdi.

* * *
*On ikinji ýylda Ýemen, Basra we Ýemama diýen ýerler basylyp alyndy. Soňra musulmanlar erjellik bilen Mosuly basyp aldylar.

* * *
*On üçünji ýylda Abu Bekr (goý, Alla ondan razy bolsun!) wepat boldy. Soňra onuň yzyny dowam etdirmek üçin Omar (goý, Alla ondan razy bolsun!) kasam etdi.
*Şu ýylda Hyra söweşi bolup, ol Antak ilatynyň ýeňlişi bilen tamamlandy.

* * *
*On dördünji ýylda Damask, Hums we Baalbek şäherleri basylyp alyndy.

* * *
*On bäşinji ýylda Medaýyn, Beýtilmukaddes, Roha, Saruç, Hazra, Basra we Kufe şäherleri basylyp alyndy. Bu ýörişe Abdylla ibn Mugtam ýolbaşçylyk etdi.

* * *
*On ýedinji ýylda Mugaz ibn Jebel mergi keseli sebäpli wepat boldy.
*Şu ýylda Mosul basylyp alyndy.
*Şu ýylda Mugawyýa ibn Abu Sufýan Şama hökümdarlyk etdi.

* * *
*On sekizinji ýylda Amyt we Rakka şäherleri Aýaz ibn Ganamyň eline geçdi.
*Şu ýylda möminleriň emiri Osman ibn Affan Gurhany bir ýere jemledi.

* * *
*On dokuzynjy ýylda Şamyň Kaýsary, Nasybyn we Turabdeýn diýen ýerleri basylyp alyndy.
*Şu ýylda Rum hökümdary Hyrkyl dünýäden ötdi.
*Şu ýylda Jelalu ady bilen halkyň ýadynda galan uly söweş boldy.

* * *
*Ýigriminji ýylda ýerlerdäki diwanlara iş dolandyrmak boýunça ýörite hatlar iberildi.
*Şu ýylda Amr ibn Asyň ýolbaşçylygynda Müsür basylyp alyndy. Şu wakadan köp wagt geçmänkä jöhitler Hijazdan çykaryldy.

* * *
*Ýigrimi birinji ýylda Nehawent diýen ýerde uly söweş boldy we Ýezdigerdiň goşuny derbi-dagyn edildi.

* * *
*Ýigrimi ikinji ýylda Abu Musa Ýeşgeriniň ýolbaşçylygynda Ahwaz şäheri basylyp alyndy.
*Şu ýylda Mugyryň erjellik etmegi bilen Genje basylyp alyndy.
*Şu ýylda Halyt ibn Welit dünýäden ötdi.
*Şu ýylda Abdylmälik ibn Merwan eneden doguldy.

* * *
*Ýigrimi üçünji ýylda Hemedan, Reý we Askalan şäherleri basylyp alyndy.
*Şu ýylda Omar (goý, Alla ondan razy bolsun!) öldürildi. Soňra onuň yzyny Osman (goý, Alla ondan razy bolsun!) dowam etdirdi.

* * *
*Ýigrimi dördünji ýylda Osmanyň halkyň arasyndaky abraýy ýokary galyp, ähli musulmanlar onuň daşyna jemlendiler.

* * *
*Ýigrimi bäşinji ýylda Ýezit ibn Mugawyýa dünýä indi.

* * *
*Ýigrimi altynjy ýylda Jendisabur diýen ýer basylyp alyndy.

* * *
*Ýigrimi ýedinji ýylda Afrikada uly söweş boldy.

* * *
*Ýigrimi sekizinji ýylda Mugawyýa ibn Abu Sufýan erjellik etmek bilen Kipr adasyny basyp aldy. Şol wagt onuň esgerleriniň arasynda serkerde Ubeýda ibn Samyt hem bardy.

* * *
*Ýigrimi dokuzynjy ýylda Osmanyň ýolbaşçylyk etmeginde Hur diýen ýer basylyp alyndy.

* * *
*Otuzynjy ýylda Sagyt ibn Asyň ýolbaşçylyk etmeginde Tabarystan eýelendi.
*Şu ýylda pars şäherleri we Kabul basylyp alyndy.
*Şu ýylda Abu ibn Kagp (goý, Alla oňa rehmet etsin!) wepat boldy.

* * *
*Otuz birinji ýylda Urmyny diýen ýer basylyp alyndy.
*Şu ýylda Abu Derda Şamda wepat boldy.
*Şu ýylda Abu Sufýan segsen sekiz ýaşynda dünýäden ötdi.
*Şu ýylda Ýezdigert ibn Şähriýar Merwde öldürildi.

* * *
*Otuz ikinji ýylda Nyşapur, Tebsin, Kuhystan, Hyrat, Merw we Merwerut şäherleri Ahnaf ibn Kaýsyň ýolbaşçylygynda basylyp alyndy.
*Şu ýylda Konstantinopolda uly söweş boldy.
*Şu ýylda Pygamber alaýhyssalamyň agasy Apbas ibn Abdylmuttalyp, Abdyrahman ibn Awf, Abdylla ibn Awf we Kagp Ahbar dagy wepat boldular.

* * *
*Otuz üçünji ýylda Mugawyýa ibn Abu Sufýanyň ýolbaşçylyk etmeginde Ankara we Malatýa şäherleri basylyp alyndy.
*Şu ýylda Mikdat wepat boldy.

* * *
*Otuz dördünji ýylda Ubeýda ibn Samyt wepat boldy.

* * *
*Otuz bäşinji ýylda Osman ibn Affan öldürildi. Soňra halypalygy dolandyrmak üçin Ymam Aly alaýhyssalam kasam etdi.
*Şu ýylda Huzaýfa ibn Ýeman wepat boldy.

* * *
*Otuz altynjy ýylda Jemel söweşi bolup geçdi.
*Şu ýylda Talha we Zübeýr öldürildi.
*Şu ýylda Selman Parsy (goý, Alla ondan razy bolsun!) wepat boldy.

* * *
*Otuz ýedinji ýylda Syffyn söweşi bolup geçdi.
*Şu ýylda Ammar ibn Ýasyr öldürildi. Aly ibn Abu Talyp bolsa Fyrat derýasyndan geçip, Mosula bardy.

* * *
*Otuz sekizinji ýylda ýurtdaky kazyýet işine üns berlip, ol ýokary derejede ýola goýuldy.
*Şu ýylyň Meret aýynyň bäşine hepdäniň Sogapgüni Aly ibn Hüseýin Zeýnelabydyn Medinede doguldy.
*Şu ýylda Suhaýp ibn Sinan wepat boldy.
*Şu ýylda Eşter wepat boldy.
*Şu ýylda Muhammet ibn Abu Bekr duşmanlar tarapyndan öldürildi.

* * *
*Otuz dokuzynjy ýylda Aly ibn Abdylla ibn Apbas dünýä indi.

* * *
*Kyrkynjy ýylda ýatlap geçer ýaly hadysa bolmady.

* * *
*Kyrk birinji ýylda ýurtda Mugawyýa ibn Abu Sufýan hökümdarlyk etdi. Soňra ol Kufä bardy we Abu Leýle Haryjyny öldürdi.
*Şu ýylda halypalygy dolandyrmak üçin Hasan ibn Aly ibn Abu Talyp kasam etdi.

* * *
*Kyrk ikinji ýylda Amr ibn As wepat boldy.

* * *
*Kyrk üçünji ýylda ýatlap geçer ýaly hadysa bolmady.

* * *
*Kyrk dördünji ýylda Mugawyýa ibn Abu Sufýan Şamda hökümdarlyk etdi. Merwan ibn Häkim bolsa Medinede hökümdarlyk etdi.
*Şu ýylda Pygamber alaýhyssalamyň aýaly Ümmi Habyp bint Abu Sufýan wepat boldy. Soňra halypalygy dolandyrmak üçin Zyýat ibn Abyha kasam etdi.

* * *
*Kyrk bäşinji ýylda Zeýt ibn Sabyt dünýäden ötdi.
*Şu ýylda Kabul şäheri basylyp alyndy.

* * *
*Kyrk altynjy ýylda Abdyrahman ibn Welit wepat boldy.

* * *
*Kyrk ýedinji, kyrk sekizinji, kyrk dokuzynjy ýyllarda ýatlap geçer ýaly waka bolmady.

* * *
*Ellinji ýylda Mugyra ibn Şugba ýagty jahan bilen hoşlaşdy.

* * *
*Elli birinji ýylyň Sapar aýynyň Sogapgüni Hasan ibn Aly alaýhyssalam wepat boldy. Abu Eýýup Ensary ony Konstantinopolyň golaýynda depin etdi.
*Şu ýylda Sagyt ibn Zeýt dünýäden ötdi.

* * *
*Elli ikinji ýylda Ýezit Konstantinopola ýöriş etdi.
*Şu ýylda Abu Muhammet Ýeşgeri we Abu Bekr ibn Ajra dagy wepat boldy.

* * *
*Elli üçünji ýylda Zyýat ibn Abyh wepat boldy.
*Şu ýylda Sisiliýa basylyp alyndy.

* * *
*Elli dördünji ýylda Hekim ibn Hazzam, Jerir ibn Abdylla Nejli, Kagp ibn Mälik Ensary we bir ýüz ýigrimi ýaşy arka atan Hassan ibn Sabyt Ensary dagy dünýäden ötdi.

* * *
*Elli bäşinji ýylda Sagyt ibn As, Abu Kattat Ensary we pygamberiň aýaly Jüweýri bint Harys dagy wepat boldy.
*Şu ýylda guýrukly ýyldyz doglup, ol Ruhnama aýynyň on sekizinden ýigrimisine çenli dowam etdi. 

* * *
*Elli altynjy ýylda ýatlap geçer ýaly üýtgeşik hadysa bolmady.

* * *
*Elli ýedinji ýylyň Sapar aýynyň üçüne hepdäniň Annagüni Muhammet ibn Aly Bakyr Medinede doguldy.

* * *
*Elli sekizinji ýylda pygamberiň aýaly Äşe, Abdylla ibn Amyr we Abdyrahman ibn Abu Bekr dagy wepat boldular.

* * *
*Elli dokuzynjy ýylda pygamberiň aýaly Ümmi Selme, Abu Huraýra we Jübeýr ibn Mutgym dagy aradan çykdy.

* * *
*Altmyşynjy ýylda Mugawyýa ibn Abu Sufýan wepat boldy. Soňra halypalygy Ýezit ibn Mugawyýa dolandyrdy. Hüseýin alaýhyssalam bilen Ibn Zübeýr bolsa Mekgä gitdiler.
*Şu ýylda Hany ibn Arwa, Müslim ibn Ukaýl we Abdylla ibn Baktar dagy öldürildi.
*Şu ýylda şahyr Kümeýt dünýä indi.

* * *
*Altmyş birinji ýylyň Aşyr aýynyň onuna hepdäniň Başgüni Hüseýin ibn Aly ibn Aly ibn Aby Talyp we onuň gaýyny Kerbela şäherinde öldürildi.
*Şu ýylda Omar ibn Abdyleziz eneden doguldy.
*Şu ýylda Münzir ibn Jarut we Alkama ibn Kaýs dagy wepat boldy.

* * *
*Altmyş ikinji ýylyň Aşyr aýynyň onuna Muhammet ibn Aly ibn Abdylla ibn Apbas eneden doguldy.

* * *
*Altmyş üçünji ýylda Müslime ibn Ukba, Masrur we hadysçy Ubeýda ibn Mugaýýys Zaby dagy wepat boldy.
*Şu ýylda Ibn Äşe dünýäden ötdi.
*Şu ýylda Hurra söweşi bolup geçdi.

* * *
*Altmyş dördünji ýylda Ýezit ibn Mugawyýa wepat boldy we halypalygy Mugawyýa ibn Ýezit ibn Mugawyýa dolandyrdy. Bu wakadan köp wagt geçmänkä, täze bellenen halypa hem wepat boldy. Soňra Mekgede, Yrakda we Şamyň ähli şäherlerinde halypanyň wezipesini dolandyrmak işi Abdylla ibn Zübeýre ynanyldy.
*Şu ýylyň Dört tirkeşiginiň üçünji aýynda halypanyň tabynlygyndaky şäherleri dolandyrmak üçin ýörite adamlar bellenildi. Şol wagt Beni Ümeýýe taýpasy Şama iberildi. Olaryň arasynda Merwan ibn Hekem hem bardy.
*Şu ýylyň Boş aýynyň ortalarynda hepdäniň Başgüni Merwan ibn Hekeme Jabiýa şäherini dolandyrmak ynanyldy. Şondan soňra adamlar Merwan ibn Hekemi öz aralarynda «Haýtbatyl» we «Merwan Jabiýa» diýip atlandyrdylar.

* * *
*Altmyş bäşinji ýylda Merwan ibn Hekem wepat boldy we şäheri dolandyrmak işi Abdylmälik ibn Merwana ynanyldy.
*Şu ýylda Muhtar uly ýygyn tutup ýörişe ugrady. Netijede Allanyň gargyşy siňen Şymyr öldürildi.
*Şu ýylda Ibn Umama dünýäden ötdi.
*Şu ýylda Omar ibn Sagyt bilen onuň ogly Hafys öldürildi.
*Şu ýylda toba gelen adamlar Hüseýin ibn Aly ibn Abu Talybyň ganyny talap edip gitdiler.
*Şu ýylda Nugman ibn Beşir we Süleýman ibn Sard Hazzagy dagy öldürildi.

* * *
*Altmyş ýedinji ýylda Muhtar erjellik bilen Abdylla ibn Zübeýri, Harb ibn Zyýady we Mosuldaky Ybraýym ibn Eşteri wezipesinden Boşatdy.
*Şu ýylda Harp ibn Zyýat bilen Hüseýin ibn Nemir Sekuny öldürildi. Şu wakadan köp wagt geçmänkä Muhtar hem öldürildi.

* * *
*Altmyş sekizinji ýylda halypalygyň wezipesini dolandyrmak işi Mekgedäki Muhammet ibn Hanapa we Ibn Zübeýre ynanyldy. Haryjylar bilen Beni Ümeýýe taýpasy bolsa olara ýardam edip durdy.
*Şu ýylda Kaýs ibn Rabyg dünýäden ötdi.
*Şu ýylda Basrada mergi keseli ýaýrady. Mälik ibn Enes hem şu keseliň pidasy boldy.

* * *
*Altmyş dokuzynjy ýylda Abu Aswat Deýlemi dünýäden ötdi.

* * *
*Ýetmişinji ýylda Şamda güýçli ýertitreme boldy.
*Şu ýylda Amr ibn Sagyt ibn As Damaskda Abdylmälik ibn Merwan bilen öz aralarynda ylalaşyk baglanyşdy.
*Şu ýylda serkerde Mukannagyň abraýy ýokary galyp başlady.

* * *
*Ýetmiş birinji ýylda Abdylmälik ibn Merwan Rumuň Kaýsaryýýa diýen ýerini basyp aldy.

* * *
*Ýetmiş ikinji ýylda Abdylmälik Yraga gitdi.
*Şu ýylda Musgat ibn Zübeýr we onuň ogly Isa, agasynyň ogly Müslim, Ibn Hüseýin we Ibn Ýeşter dagy öldürildi.
*Şu ýylda Abu Müslim ibn Amr Selmany wepat boldy.

* * *
*Ýetmiş üçünji ýylda Hajjaç ibn Ýusup Ýemama we Ýemen şäherlerine hökümdarlyk etdi.
*Şu ýylda Abdylla ibn Omar ibn Hattap dünýäden ötdi.
*Şu ýylda Jabyr ibn Abdylla Ensary wepat boldy.

* * *
*Ýetmiş dördünji ýylda Hajjaç ibn Ýusup Käbäniň binasyna zeper ýetirdi.
*Şu ýylda gün tutuldy. Hatda şol wagt gündiziň günortany ýyldyzlar göründi.
*Şu ýylda Abdylla ibn Zübeýr öldürildi. Soňra hökümdarlykda we halypalykda Abdylmälik ibn Merwan özbaşdak hereket edip başlady.

* * *
*Ýetmiş bäşinji ýylda Hajjaç ibn Ýusup Yrak bilen gatnaşygy giňeltdi.
*Şu ýylda Umaýr ibn Zaby Bürjemi öldürildi.

* * *
*Ýetmiş altynjy ýylda yslam äleminde zikge kakylyp başlanyldy.
*Şu ýylda Şebip Haryjy öldürildi.

* * *
*Ýetmiş ýedinji ýylda Abdylla ibn Amr ibn As dünýäden ötdi.

* * *
*Ýetmiş sekizinji ýylda kazy Şuraýh ibn Harys Kindi wepat boldy.

* * *
*Ýetmiş dokuzynjy ýylda Katry ibn Feja Tabarystanda öldürildi.

* * *
*Segseninji ýylda halypalygyň diwan işleri Hyjazda ýerleşdi.
*Şu ýylda köp sanly adamlar täjirçilik işleri üçin uzak ýurtlara gitdiler. Köp sanly adamlar bolsa hajy zyýaratyna gitdiler.
*Şu ýylda Mosulda berkitme gurlup, ol ýerde hökümdaryň howlusy we metjit ýerleşdi.

* * *
*Segsen birinji ýylda Muhammet ibn Hanapy wepat boldy.
*Şu ýylda Süleýman ibn Abdylmälik haj zyýaratyna gitdi.

* * *
*Segsen ikinji ýylda haryjylaryň söweşine ýolbaşçylyk eden Muhallyp ibn Abu Sufra mergi keselinden wepat boldy.
*Şu ýylda serkerde Ryýahyň ýolbaşçylyk etmeginde köp sanly hünni toparlary Basradan çykyp gitdiler.
*Şu ýylda Suweýt ibn Gafla aradan çykdy.

* * *
*Segsen üçünji ýylda Hajjaç ibn Ýusup Wasyt şäheriniň düýbüni tutdy.
*Şu ýylyň Dört tirkeşiginiň birinji aýynyň ýedisine hepdäniň Başgüni Japar Sadyk Medinede eneden doguldy.
*Şu ýylda Mesise şäheri guruldy.

* * *
*Segsen dördünji ýylda ýatlap geçer ýaly üýtgeşik hadysa bolmady.

* * *
*Segsen bäşinji ýylda Jezire we Mosul Muhammet ibn Merwanyň tabynlygyna geçdi.
*Şu ýylda Abdyleziz ibn Merwan dünýäden ötdi.
*Şu ýylda Omar ibn Muhallyp wepat boldy.

* * *
*Segsen altynjy ýylda Abdylmälik ibn Merwan wepat boldy. Soňra halypalygy onuň ogly Welit dolandyrdy.
*Şu ýylda Abu Umama Bahyly dünýäden ötdi.
*Şu ýylda Abdylla ibn Abu Sulul Kufede wepat boldy. Ýagny ol bu şäherde iň soňky dünýäden öten sahabadyr.

* * *
*Segsen ýedinji ýylda Abdylla ibn Apbas we Mekdat ibn Mugdy Kerep dagy Hums şäherinde wepat boldular.

* * *
*Segsen sekizinji ýylda Welit ibn Abdylmälik ibn Merwan Damask metjidini gurdurdy.
*Şu ýylda Abdylla ibn Beşer Mazeni Şamda dünýäden ötdi. Ýagny ol Şamda bar bolan sahabalaryň iň soňkysydyr.

* * *
*Segsen dokuzynjy ýylda Halyt ibn Abdylla Kasry Mekgä hökümdarlyk etdi.
*Şu ýylda Zurara ibn Awfa dünýäden ötdi.

* * *
*Togsanynjy ýylda Abdyrahman ibn Musawwyr ibn Muharram wepat boldy.

* * *
*Togsan birinji ýylda Kutaýba ibn Müslim Toharystany basyp aldy.
*Şu ýylda Syheýl ibn Sagyt Sagydy wepat boldy. Ol Medinede bar bolan sahabalaryň iň soňkusydyr.
*Şu ýylda bir zenan güjük çagasyny dogurdy. Soňra onuň bir it bilen jynsy gatnaşykda bolandygy äşgär edildi.

* * *
*Togsan ikinji ýylda Erbil, Horezm we Samarkant basylyp alyndy.
*Şu ýylda Taryk ibn Zyýat uly tagallalar edeninden soňra Tulaýtala diýen ýeri basyp aldy. Şol wagt ol ýerden Süleýman ibn Dawudyň tagty tapyldy.

* * *
*Togsan üçünji ýylda ýatlap geçer ýaly hadysa bolmady.

* * *
*Togsan dördünji ýylda Antakyýa basylyp alyndy. Soňra ol ýerde güýçli ýertitreme bolup, ol kyrk günüň dowamynda wagtal-wagtal gaýtalanyp durdy. Netijede, ähli öýler ýykyldy.
*Şu ýylda Zeýnelabydyn, Sagyt ibn Musaýýyp we Urwa ibn Zübeýr dagy wepat boldular.
*Şu ýylda Sagyt ibn Jübeýr öldürildi.

* * *
*Togsan bäşinji ýylda Welit ibn Abdylmälik zäherlenip öldürildi.
*Şu ýylda Hajjaç ibn Ýusup dünýäden ötdi.

* * *
*Togsan altynjy ýylda Abdylmälik ibn Merwan Daýrumurran diýen ýerde wepat boldy. Soňra halypalygy Süleýman ibn Abdylmälik dolandyrdy.
*Şu ýylda Süleýman ibn Eset Yspyhany dünýäden ötdi.

* * *
*Togsan ýedinji ýylda Abdyrahman ibn Kagp ibn Mälik wepat boldy.
*Şu ýylda Kutaýba ibn Müslim öldürildi.

* * *
*Togsan sekizinji ýylda Gürgen basylyp alyndy.
*Şu ýylda musulmanlar Konstantinopola gidip gyşladylar we soňra ol ýerlerde galyp, ekerançylyk bilen meşgul boldular.
*Şu ýylda Abdylla ibn Utby ibn Mesgut dünýäden ötdi.
*Şu ýylda Kutaýba Möwla ibn Apbas wepat boldy.

* * *
*Togsan dokuzynjy ýylda Süleýman ibn Abdylmälik Dabyk diýen ýerde aradan çykdy. Soňra halypalygy dolandyrmak Omar ibn Abdylezize ynanyldy.
*Şu ýylda Müsürde Nil derýasynyň suwy köpelip, ýigrimi gary boýuna ýetdi. Şol wagt Abdylmälik ibn Raffaga Müsür ilatyny suw howpundan goramak üçin köp işler etdi.

* * *
*Ýüzünji ýylda Haryja ibn Zyýat ibn Sabyt wepat boldy.
*Şu ýylda Abu Müslim Horasanly dünýä indi.

* * *
*Bir ýüz birinji ýylyň Sogapgüni Omar ibn Abdyleziz dünýäden ötdi. Ol Magarra şäheriniň Daýrunnukaýra diýen ýerinde depin edildi. Soňra onuň hökümdarlyk wezipesini Ýezit ibn Abdylmälik dolandyrdy. Omar ibn Hubaýr bolsa Yraga hökümdarlyk etdi.
*Şu ýylda Rum hökümdary Lawun jöhitleriň hiç hili gozgalaň etmezlikleri üçin olara haýbat atdy.

* * *
*Bir ýüz ikinji ýylda Abu Tufaýl Amyr ibn Wasyla dünýäden ötdi. Ol pygamber alaýhyssalamy gören adamlaryň iň soňkusydyr.
*Şu ýylda Kary Müjähit wepat bolda.

* * *
*Bir ýüz üçünji ýylda Musgap ibn Sagt ibn Abu Wakgas, Abu Şugasa Jabyr ibn Zeýt we Abu Burda ibn Abu Müslim Temimi Ýeşgeri dagy dünýäden ötdi.

* * *
*Bir ýüz dördünji ýylda Abu Apbas Saffah eneden doguldy.
*Şu ýylda Amyr ibn Şerahyl Şagby dünýäden ötdi.

* * *
*Bir ýüz bäşinji ýylda Ýezit ibn Abdylmälik Bulaka diýen ýerde aradan çykdy. Soňra halypalygy Hyşam ibn Abdylmälik dolandyrdy.
*Şu ýylda Akrama we Kusaýr dagy wepat boldular. Bularyň ikisi hem bir döwürde ýaşap geçen meşhur şahyrlardyr.

* * *
*Bir ýüz altynjy ýylda Attap Huzry Ýemenden çykyp gitdi.
*Şu ýylda Sälim ibn Abdylla ibn Omar Hattap we Tawus ibn Keýsan dagy dünýäden ötdi.

* * *
*Bir ýüz ýedinji ýylda Şamda mergi keseli ýaýrap, uly heläkçilik boldy.
*Şu ýylda Hurra ibn Ýusup ýalňyz halda Mosuldan çykyp gitdi.

* * *
*Bir ýüz sekizinji ýylda Kasym ibn Muhammet ibn Abu Bekr Syddyk dünýäden ötdi.

* * *
*Bir ýüz dokuzynjy ýylda Abu Nejih Mekki wepat boldy.

* * *
*Bir ýüz onunjy ýylda Mugawyýa ibn Hyşam Ruma ýöriş etdi. Serkerde Aly Battal hem bu ýörişe gatnaşdy.
*Şu ýylda Hasan Basry, Wähäp ibn Munabba, Muhammet ibn Seýrin, şahyr Järir we şahyr Farazdak dagy wepat boldular.

* * *
*Bir ýüz on birinji ýylda ýatlap geçer ýaly üýtgeşik waka bolmady.

* * *
*Bir ýüz on ikinji ýylda Muhammet ibn Abdylwahhap we Şymr ibn Huşep dagy wepat boldular.

* * *
*Bir ýüz on üçünji ýylda türkmenleriň hökümdary Selmi Hakan öldürildi.
*Şu ýylda meşhur kazy Mekhül dünýäden ötdi.

* * *
*Bir ýüz on dördünji ýylda Bekr ibn Haman Yraga we Horasana bardy. Olary Beni Umeýýe diýip atlandyrdylar.
*Şu ýylda Muhammet ibn Aly Bakyr dünýäden ötdi.
*Şu ýylda Ata ibn Ryýah wepat boldy.

* * *
*Bir ýüz on bäşinji ýylda ýatlap geçer ýaly hadysa bolmady.

* * *
*Bir ýüz on altynjy ýylda meşhur fakyh Abu Abdylla Mekhül Damasky we Meýmun ibn Mehran dagy wepat boldular.

* * *
*Bir ýüz on ýedinji ýylda Aly ibn Abdylla ibn Apbas we Patma bint Hüseýin ibn Aly we Sekine bint Hüseýin alaýhyssalam dagy dünýäden ötdi.
*Şu ýylda Ibn Mübärek eneden doguldy.

* * *
*Bir ýüz on sekizinji ýylda ýatlap geçer ýaly üýtgeşik waka bolmady.

* * *
*Bir ýüz on dokuzynjy ýylda Eset ibn Abdylla, Habyp ibn Abu Sabyt we Ibn Abu Melike dagy wepat boldular.

* * *
*Bir ýüz ýigriminji ýylda Ibn Kesir Mukry aradan çykdy. Soňra Abdylla ibn Aly Andalusa hökümdarlyk etdi.

* * *
*Bir ýüz ýigrimi birinji ýylda Zeýit ibn Aly öldürildi.
*Şu ýylda Bagdatda güýçli ýertitreme boldy.
*Şu ýylda Seretan ýyldyzy dogan wagtynda Zuhal (Saturn) bilen Myrryh (Mars) biri-birine ýakyn geldiler.
*Şu ýylda Yýas ibn Mugawyýa dünýäden ötdi.

* * *
*Bir ýüz ýigrimi ikinji ýylda ýatlap geçer ýaly waka bolmady.

* * *
*Bir ýüz ýigrimi üçünji ýylda Kasýun Jaslyk, Emasys Batrak Ýugakebi dagy dünýäden ötdi.
*Şu ýylda Zuhry wepat boldy.

* * *
*Bir ýüz ýigrimi dördünji ýylda Muhammet ibn Aly ibn Abdylla ibn Apbas, Hyşam ibn Abdylmälik we Mälik Welit ibn Zeýt dagy aradan çykdy.

* * *
*Bir ýüz ýigrimi bäşinji ýylda ýatlap geçer ýaly hadysa bolmady.

* * *
*Bir ýüz ýigrimi altynjy ýylda Welit ibn Abdylmälik öldürildi. Soňra Zeýt ibn Welit hökümdarlyk etdi. Bu wakadan köp wagt geçmänkä ol hem öldürildi. Soňra hökümdarlygy dolandyrmak işi Ybraýym ibn Welit ibn Abdylmälige ynanyldy. Ybraýym hökümdarlykda ýetmiş gün bolanyndan soňra, ony hem wezipesinden Boşatdylar. Soňra hökümdarlygy Merwan ibn Muhammet Hymar Jugdy dolandyrdy.

* * *
*Bir ýüz ýigrimi ýedinji ýylyň Sapar aýynyň ýedisine hepdäniň Dynçgüni Hasan ibn Musa Käzim eneden doguldy.

* * *
*Bir ýüz ýigrimi sekizinji ýylda ýatlap geçer ýaly hadysa bolmady.

* * *
*Bir ýüz ýigrimi dokuzynjy ýylda Jabyr ibn Ýezit Jagfy aradan çykdy.
*Şu ýylyň Oraza aýynyň gutarmagyna bäş gün galanynda Abu Müslim Horasanly Merwde Beni Apbas döwletini esaslandyrdy.

* * *
*Bir ýüz otuzynjy ýylda Medinede güýçli jöwzaly gyzgyn ýel öwüsdi.
*Şu ýylda Muhammet ibn Münkedir dünýäden ötdi.

* * *
*Bir ýüz otuz birinji ýylda Ybraýym ibn Abdylmälik Zyýat öldürildi.
*Şu ýylda Parkat ibn Ýakup Subhy wepat boldy.

* * *
*Bir ýüz otuz ikinji ýylda Şamda güýçli ýertitreme boldy.
*Şu ýylda Abu Apbas Saffah bilen onuň dogany Kufä bardy.
*Şu ýylda halypalyk Abu Apbasa tabşyryldy.
*Şu ýylda Jugdy Abu Müslimden ýeňileninden soňra ýurtdan çykyp gaçyp gitdi. Abu Müslim bolsa Müsür diýarlaryndan biri bolan Büweýsir diýen ýerde onuň yzyndan ýetip, ony öldürdi.

* * *
*Bir ýüz otuz üçünji ýylda rumlular Antakyýany basyp alanlaryndan soňra Mosula ýöriş etdiler. Soňra olaryň arasynda uly söweş boldy. Şol wagt Mosul metjidine otuz müň sany Gurhany hatym ediji adam ýygnanypdyr.

* * *
*Bir ýüz otuz dördünji ýylda Abu Apbas Abdylla ibn Muhammet Saffah tarapyndan Enbar şäheriniň düýbi tutuldý.
*Şu ýylda Abu Müslim Sogd we Buhara şäherlerini basyp aldy.

* * *
*Bir ýüz otuz bäşinji ýylda Waýyl ibn Sahhaha Mosul şäheri mülk ýer edilip berildi.
*Şu ýylda Abu Müslim Isa ibn Mahan öldürildi.
*Şu ýylda hadysçy Ýahýa ibn Ýahýa Damasky aradan çykdy.

* * *
*Bir ýüz otuz altynjy ýylda Abu Apbas Abdylla ibn Muhammet Saffah wepat boldy. Soňra hökümdaryň wezipesini dolandyrmak Mansur Abu Japara ynanyldy.
*Şu ýylda şahyr Abu Nuwas eneden doguldy.

* * *
*Bir ýüz otuz ýedinji ýylda Abu Müslim Horasanly öldürildi.
*Şu ýylda Halyl Sary Mosuldan çykyp gitdi.
*Şu ýylda Sunbaz (Synbaz) Nyşapury bolsa Abu Müslim Horasanlynyň aryny almak üçin geldi.

* * *
*Bir ýüz otuz sekizinji ýylda Mosuldaky bazarlar gonamçylyklaryň ýerlerine göçürildi. Ol ýerdäki gonamçylyklar bolsa şäheriň daşyna çykaryldy.
*Şu ýylda Abdyrahman ibn Mugawyýa ibn Hyşam ibn Abdylmälik Andalusa bardy. Şol wagt ony «Dahyl» diýip atlandyrdylar.

* * *
*Bir ýüz otuz dokuzynjy ýylda Mansur Abu Japar Metjidi Haremiň (Käbäniň) meýdanyny giňeltdi.

* * *
*Bir ýüz kyrkynjy ýylda Mansur Abu Japar Beýtilmukaddesiň meýdanyny giňeltdi. Soňra ol Mesise diýen ýere baryp, uly bir şäher gurdy.

* * *
*Bir ýüz kyrk birinji ýylda Ubeýt Basradan çykyp gitdi.
*Şu ýylda hadysçy Huşep aradan çykdy.
*Şu ýylda başga bir meşhur hadysçy Matrak ibn Taryk hem dünýäden ötdi.

* * *
*Bir ýüz kyrk ikinji ýylda Asym ibn Süleýman Ahwal Mukry wepat boldy. Soňra Magn ibn Zaýyda Ýemene hökümdarlyk etdi.
*Şu ýylda Mälik ibn Hesim Hazzagy Mosula hökümdarlyk etdi.

* * *
*Bir ýüz kyrk üçünji ýylda Hajjaç ibn Osman Sawwaf aradan çykdy.
*Şu ýylda Muhammet ibn Eşges Kaýrawan diýen şähere hökümdarlyk etdi.

* * *
*Bir ýüz kyrk dördünji ýylda Kermanda Mansura diýip atlandyrylan şäher guruldy.
*Şu ýylda Omar ibn Ubeýt we Abu Şerme dagy wepat boldy. 

* * *
*Bir ýüz kyrk bäşinji ýylda Muhammet ibn Abdylla ibn Hasan uly goşun jemläp ýörişe ugrady. Soňra ol Isa ibn Musanyň elinden öldürildi. Soňra onuň dogany Ybraýym öz inisiniň aryny almak üçin gideninde, ony hem Isa ibn Musa öldürdi.
*Şu ýylda Müjähit Kary eneden doguldy.

* * *
*Bir ýüz kyrk altynjy ýylda Mansur Abu Japar Medinetussalama bardy.
*Şu ýylda Abdylla ibn Aly ibn Apbas dünýäden ötdi.

* * *
*Bir ýüz kyrk ýedinji ýylda ýatlap geçer ýaly hadysa bolmady.

* * *
*Bir ýüz kyrk sekizinji ýylyň Rejep aýynyň ortalaryna hepdäniň Başgüni Abu Abdylla Japar Sadyk (goý, Alla ondan razy bolsun!) Medinede wepat boldy.
*Şu ýylda türkmenler Tiflis şäherine ýöriş etdiler. Netijede, Isa ibn Musa hökümdarlykdan çetleşdirildi.
*Şu ýylda guýrukly ýyldyz peýda boldy.

* * *
*Bir ýüz ellinji ýylda Mansur Abu Japar ilki Hadysa diýen ýere soňra bolsa Mosula bardy. Soňra Mäti Reýi terk edip, kakasynyň ýanyna gitdi. Ol Mansur Abu Japaryň mirasdüşer ogludyr.
*Şu ýylda Abu Hanypa aradan çykdy.
*Şu ýylda Muhammet ibn Idris Şapygy (goý, Alla oňa rehmet etsin!) doguldy.
*Şu ýylda «Muhammediň ýörişleri» kitabynyň ýazary Ibn Yshak we Abdylmälik ibn Abdyleziz dagy wepat boldular.

* * *
*Bir ýüz elli birinji ýylda ýatlap geçer ýaly üýtgeşik waka bolmady.

* * *
*Bir ýüz elli ikinji ýylda Bagdatdaky Rassafa diýen ýeriň düýbi tutuldy.
*Şu ýylda Gürgen serkerdelerinden biri bolan Müjemmir Abu Müslimiň ölümi barada öz pikirini äşgär etdi. Ol Abu Müslimiň Apbasly döwletini tankytlandygy üçin onuň Mansur tarapyndan öldürilendigi baradaky çaklamany orta atdy.

* * *
*Bir ýüz elli üçünji ýylyň Boş aýynyň on birine hepdäniň Sogapgüni Aly ibn Musa Razy Medinede eneden doguldy.
*Şu ýylda Mansur Abu Japar Beýtilmukaddese bardy we ol ýerde Rafyka şäherini gurdy.

* * *
*Bir ýüz elli dördünji ýylda Mansur Abu Japaryň weziri Abu Eýýup Muwryýany dünýäden ötdi.
*Şu ýylda güýçli ýyldyrym sebäpli Metjidi Haremiň (Käbäniň) binasyna zeper ýetdi.

* * *
*Bir ýüz elli bäşinji ýylda Afrika döwleti basylyp alyndy.
*Şu ýylda Abu Amr ibn Aly Nahawy we fakyh Ybraýym ibn Abu Üble Müsürli dagy aradan çykdy.

* * *
*Bir ýüz elli altynjy ýylda Hemze ibn Habyp Kary, kazy Sawwar ibn Abdylla we Ýunus Nahawy dagy dünýäden ötdi.

* * *
*Bir ýüz elli ýedinji ýylda Mansur Abu Japar şäherdäki bazarlary Bagdadyň Kerh diýen ýerine geçirdi.
*Şu ýylda fakyh Awzagy Müsürli wepat boldy.

* * *
*Bir ýüz elli sekizinji ýylda Mansur Abu Japar wepat boldy.
*Şu ýylda Talykan we Tabarystan şäherleri basylyp alyndy.
*Şu ýylda Mugyn ibn Zaýyda öldürildi. Soňra hökümdarlygy dolandyrmak Mäti ibn Mansura ynanyldy.
*Şu ýylda fakyh Abu Huzaýl Anbary aradan çykdy.

* * *
*Bir ýüz elli dokuzynjy ýylda ähli şäherlerde Pygamber alaýhyssalamyňky ýaly münber ýasaldy.
*Şu ýylda Mamunyň dosty Tahyr ibn Hüseýin eneden doguldy.

* * *
*Bir ýüz altmyşynjy ýylda Şugba ibn Hajjaç dünýäden ötdi.

* * *
*Bir ýüz altmyş birinji ýylda Sufýan Söwri we Seýbewi dagy aradan çykdy. Seýbewi Şirazda jaýlanyldy.

* * *
*Bir ýüz altmyş ikinji ýylda ýatlap geçer ýaly hadysa bolmady.

* * *
*Bir ýüz altmyş üçünji ýylda kazy Abu Şibirme Abdylla ibn Şibirme Mäti Rum topragynda wepat boldy. Ol ilki Jihana soňra bolsa Beýtilmukaddese barypdy.
*Şu ýylda Mukanna dünýäden ötdi.

* * *
*Bir ýüz altmyş dördünji ýylda Ahmet ibn Hanbal eneden doguldy.
*Şu ýylda hadysçy Leýs ibn Sagyt, fakyh Dawut Taý aradan çykdy.
*Şu ýylda Japar Mansuryň gyzy Zübeýda bilen Harun Reşide nika gyýyldy.

* * *
*Bir ýüz altmyş bäşinji bir ýüz altmyş altynjy ýyllarda ýatlap geçer ýaly üýtgeşik waka bolmady.

* * *
*Bir ýüz altmyş ýedinji ýylda hökümdarlygy dolandyrmak işi Harun Reşide ynanyldy.
*Şu ýylda Hasan ibn Salyh ibn Haý Ymam Zeýdi aradan çykdy.

* * *
*Bir ýüz altmyş sekizinji ýylda ýatlap geçer ýaly hadysa bolmady.

* * *
*Bir ýüz altmyş dokuzynjy ýylda batyl şahyr Beşşar ibn Burd öldürildi.
*Şu ýylda Abdylla Hüseýin Anbary wepat boldy.
*Şu ýylda Mäti ibn Mansur dünýäden ötdi. Soňra hökümdarlygy dolandyrmak Gürgendäki Hädi Musa ibn Muhammede ynanyldy.
*Şu ýylda Harun Reşidiň ýarany Hasan ibn Aly ibn Hasan ibn Aly ibn Tugç uly ýygyn tutup ýörişe gitdi. Köp wagt geçmänkä hem Tugç öldürildi.
*Şu ýylda Mälik ibn Enes Ymam Mäliki dünýäden ötdi.

* * *
*Bir ýüz ýetmişinji ýylda Hädi Musa ibn Muhammet wepat boldy. Şondan soňra hökümdarlygy dolandyrmak Harun Reşide ynanyldy.
*Şu ýylda Mamun Abu Japar Abdylla ibn Harun eneden doguldy.

* * *
*Bir ýüz ýetmiş birinji ýylda Ibn Sagyt Radany Mosuldan çykyp gitdi.
*Şu ýylda Abdyrahman Kaýym Andalusda wepat boldy. Soňra onuň ogly Hyşam ýurda hökümdarlyk etdi.
*Şu ýylda Muhammet ibn Selme aradan çykdy.

* * *
*Bir ýüz ýetmiş ikinji, bir ýüz ýetmiş üçünji ýyllarda ýatlap geçer ýaly waka bolmady.

* * *
*Bir ýüz ýetmiş dördünji ýylda Muhammet ibn Süleýman ibn Aly aradan çykdy. Heýzeran hem şu ýylda wepat boldy.
*Şu ýylda Harun Reşit Juwdy diýen ýere bardy we ol ýerde uly metjit bina etdirdi.
*Şu ýylda Abdylla ibn Lehiga Müsürde wepat boldy.

* * *
*Bir ýüz ýetmiş bäşinji ýylda altmyş bäş ýaşyndaky Muhammet Emin hökümdar bellenildi.
*Şu ýylda Mosula Häkim ibn Selman hökümdarlyk etdi.
*Şu ýylda Leýs ibn Sagyt aradan çykdy.

* * *
*Bir ýüz ýetmiş altynjy ýylda Şamly fakyh Abu Huddam beýni keseline sezewar boldy.

* * *
*Bir ýüz ýetmiş ýedinji ýylda Mansur ibn Zyýat Harraj Mosula hökümdarlyk etdi.
*Şu ýylda Şapygy (goý, Alla oňa rehmet etsin!) Bagdada bardy.
*Şu ýylda meşhur fakyh we ökde hadysçy Wakyg ibn Jerrah wepat boldy.

* * *
*Bir ýüz ýetmiş sekizinji ýylda Attap ibn Welit Şary Mosuldan çykyp gitdi.

* * *
*Bir ýüz ýetmiş dokuzynjy ýylda Harun Reşit Mosul berkitmesini derbi-dagyn etmek bilen, oňa kürsäp girdi. Şol wagt ol galadaky öňünden çykan adamy öldürmek barada kasam etdi. Şu sebäpli hiç bir adam oňa garşylyk görkezmäge het edip bilmedi.
*Şu ýylda Abu Hanypanyň (goý, Alla oňa rehmet etsin!) dosty Abdylla ibn Mübärek dünýäden ötdi.

* * *
*Bir ýüz segseninji ýylda Harun Reşit aýakýalaňaç halda haj zyýaratyna gidip geldi. Ýagny şondan soňra hiç bir halypa hem haj zyýaratyny ýerine ýetirmedi.

* * *
*Bir ýüz segsen birinji ýylda Harun Reşit Rafyka diýen ýere bardy.
*Şu ýylyň Rejep aýynyň bäşine hepdäniň Sogapgüni Musa Käzim ibn Japar Bagdatda wepat boldy.

* * *
*Bir ýüz segsen ikinji ýylda Emin hökümdarlykdan çetleşdirileninden soňra Mamun Bagdat hökümdarlygyna saýlanyldy.

* * *
*Bir ýüz segsen üçünji ýylda serkerde Haraz erjellik bilen Derbent derwezeleriniň birinden girdi we musulmanlardan örän köp adamy öldürdi.
*Şu ýylda Zuhry ýagty jahan bilen hoşlaşdy.

* * *
*Bir ýüz segsen dördünji ýylda Omar Şary diýen serkerde Şährizur şäherini terk edip, ol ýerden çykyp gitdi.
*Şu ýylda meşhur serkerde Ýezit ibn Muzaýýyt wepat boldy.
*Şu ýylda Harun Reşit ýene-de Mosula bardy.

* * *
*Bir ýüz segsen bäşinji ýylda ýatlap geçer ýaly waka bolmady.

* * *
*Bir ýüz segsen altynjy ýylda Apbas ibn Muhammet bilen fakyh Abbat dagy wepat boldular.

* * *
*Bir ýüz segsen ýedinji ýylda Tarsus berkitmesi bina edildi.
*Şu ýylyň ahyrynda Japar ibn Halyt öldürildi. Soňra onuň yzyny Ýahýa ibn Halyt ibn Barmak dowam etdirdi. Ol Rakkadaky ähli bendileri erkinlige goýberdi.
*Şu ýylda Japar ibn Ýahýa ibn Halyt ibn Barmak öldürildi.

* * *
*Bir ýüz segsen sekizinji ýylda şahyr Abu Tammam eneden doguldy.
*Şu ýylda Ybraýym ibn Muhammet ibn Harys ibn Esma ibn Haryja dünýäden ötdi.

* * *
*Bir ýüz segsen dokuzynjy ýylda dindar Sabyk Mosuly dünýäden ötdi.
*Şu ýylda Abu Hanypanyň dosty Muhammet ibn Hasan wepat boldy.
*Şu ýylda Kesäýi aradan çykdy.

* * *
*Bir ýüz togsanynjy ýylda Pazl ibn Suhaýl yslam dinini kabul etdi. Şol wagt ol Mamunyň elinde bendilikde otyrdy.
*Şu ýylda Harun Reşit Harkala şäherini basyp aldy.
*Şu ýylda Rakka zyndanynda bendilikde oturan Ýahýa ibn Barmak aradan çykdy.

* * *
*Bir ýüz togsan birinji ýylda ýatlap geçer ýaly hadysa bolmady.

* * *
*Bir ýüz togsan ikinji ýylda Isa ibn Japar Sadyk Tabarystanda aradan çykdy. Onuň ýaşan obasy häzire çenli «Isa Hadap» diýip atlandyrylýar. Häzirki wagtda onuň gubury adamlaryň zyýarat edýän ýerine öwrüldi. 

* * *
*Bir ýüz togsan üçünji ýylda Harun Reşit Tusda wepat boldy. Soňra hökümdarlygy dolandyrmak Emin Abu Musa Muhammede ynanyldy.
*Şu ýylda Ýahýa ibn Barmakyň ogly Pazl hem Rakka zyndanynda bendilikde oturan wagty aradan çykdy.
*Şu ýylda Şahyr Halaf Ahmar aradan çykdy.
*Şu ýylda Buhary eneden doguldy.

* * *
*Bir ýüz togsan dördünji ýylyň Rejep aýynyň bäşine fakyh Abu Japar Muhammet ibn Ylýas Medinede wepat boldy.
*Şu ýylda Isa ibn Mahan öldürildi.
*Şu ýylda Emin Abu Musa Muhammet bilen Mamun öz aralarynda ylalaşyk baglaşdylar.
*Şu ýylda meşhur şahyr Abu Nuwas aradan çykdy. Onuň gubry Bagdadyň Şewnizi diýen ýerinde ýerleşýär.

* * *
*Bir ýüz togsan bäşinji ýylda ýatlap geçer ýaly hadysa bolmady.

* * *
*Bir ýüz togsan altynjy ýylda Ahwaz şäheri basylyp alyndy we Emin Abu Musa Muhammet hökümdarlykdan çetleşdirildi. Soňra hökümdarlygy dolandyrmak Mamun Abu Japar Abdylla ibn Haruna ynanyldy.
*Şu ýylda Aly ibn Abdylla ibn Halyt ibn Ýezit ibn Mugawyýa ibn Abu Sufýan Şamda peýda boldy.

* * *
*Bir ýüz togsan ýedinji ýylda Sufýan ibn Aýny wepat boldy. Ol Harun diýen ýerde depin edildi.

* * *
*Bir ýüz togsan sekizinji ýylda Emin Abu Musa Muhammet öldürildi. Şondan soňra ýurdy dolandyrmak Mamun Abu Japar Abdyla ibn Haruna ynanyldy.

* * *
*Bir ýüz togsan dokuzynjy ýylda Abussaraýa bilen Tabataba Alawy Kufeden çykyp gitdiler.
*Şu ýylda Beni Apbas taýpasyndaky erkekleriň we aýal maşgalalaryň sany otuz üç müňe ýetdi.

* * *
*Iki ýüzünji ýylda bir mezhebi esaslandyran Dawut Yspyhany we Apbas Ahmet ibn Ýahýa Saglap dagy eneden doguldy.
*Şu ýylda şahyr Abu Ubada Buhtury Manbaç obalarynyň birinde dünýä indi.
*Şu ýylda Ybraýym ibn Musa ibn Japar peýda boldy.
*Şu ýylda Muhammet ibn Japar Mekgäni eýelemek bilen Käbäni basyp aldy. Şondan soňra adamlar namazy öz öýlerinde ymamsyz okap başladylar.

* * *
*Iki ýüz birinji ýylyň Oraza aýynyň gutarmagyna alty gün galanynda, hepdäniň Başgününde hökümdarlygy dolandyrmak Aly ibn Musa Ryza ynanyldy. Şol bir wagtyň özünde hökümdarlygy dolandyrmak işinde ýardam etmegi üçin Ybraýym ibn Mäti hem kasam etdi.
*Şu ýylda Ibn Baýyt Hurmy peýda boldy.
*Şu ýylda Kerhi diýip atlandyrylýan serkerde wepat boldy.

* * *
*Iki ýüz ikinji ýylda Mamun Abu Japar Abdylla ibn Harun Bagdat hökümdarlygyndan çetleşdirildi. Soňra Bagdadyň ilaty hökümdarlygy Mansur ibn Mätä ynanmak islediler.
*Şu ýylda Zeýdi we Zamyra dagy dünýäden ötdi.
*Şu ýylda Mamun Abu Japar Abdylla ibn Harun Beýruta bardy.
*Şu ýylda Aly ibn Musa Ryza Habyp bint Mamunyň ejesine öýlendi. Aýtmaklaryna görä, ol şu wakadan köp wagt geçmänkä öldürildi. Anygyny Alla bilýär.

* * *
*Iki ýüz üçünji ýylyň Sapar aýynyň gutarmagyna üç gün galanynda, Aly ibn Musa Ryza dünýäden ötdi.
*Şu ýylda gün tutulyp, adamlar gündiz çyra ýakmaly boldular.
*Şu ýylda Mäti ibn Alwan Şary Mosuly basyp aldy.
*Şu ýylda Halylyň dosty Nazyr ibn Şumaýl aradan çykdy.
Bölümler: Taryhy Şahslar | Görülen: 73 | Mowzugy paýlaşan: Pero | Teg: Abulfazaýyl Muhammet ibn Aly Hamawy | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 0
avatar

Старая форма входа
Total users: 203