15:29 Markesiň ganatly garynjasynyň perwazy | |
MARKESIŇ GANATLY GARYNJASYNYŇ PERWAZY ("Ýüzugra edilen pikirler" siklinden) Markesiň «Ýüz ýyl ýalňyzlyk» romanyny okap otyrkam «Üç gün dowam eden ýagşyň ýuwan howasy uçýan garynjalar bilen doldy» diýen sözlem ünsümi çekdi. Kiçijekkäm gören görnüşlerimden bir pursat göz öňümde janlandy. Hininden çykyp, gös-göni asmana sary uçup gidýän garynjalar... Kakam: «Aýal azsa, zynat beslär, garynja azsa — ganat» diýen nakyly aýdypdy şonda... Işdeşim Annanur: «Ýeriň aýlanyş tizligi artypdyr» diýýär welin onuň sebäbi nämekä? Alymlaram bilenokmyş diýýär-ä. Ýa ýaňky uçýan garynjalaryň ganatynyň ýelpemesi sebäp bolaýýarmyka? ...Häk, şu wagt Süleýman pygamberiňki ýaly ukybyň bolsa... Garynjalaryň, guşlaryň, diňe bir olaryň hem däl, ähli janly-jandarlaryň diline düşünip bilseň. Irdenki guşuň näme diýýänligini diňleseň. Many tirseň hem-de kowumdaşlaryňa ýetirseň olaryň habaryny. Olaryň bize aýdara sözüniň bardygyna-ha şübhe ýok. Diňe özi üçin-ä saýraýan däldir olar. Bize nämedir bir zady düşündirjek bolýandyrlar hökman. Men, näme, şu zatlary diňe özüm üçin ýazýanmy diýsene. Özüm üçin ýazýanlygyma özümi ynandyran kişi bolan bolsamam, hakykatda, edil beýle däldigini bilýän-a. Kimdir biri okar diýen umyt bar-a. Diňe özüm üçin ýazýan bolanlygymda, özbaşyna samrap ýören telbeden näme tapawudym bolsun?! Telbe bilen akyly ýerindäki adamyň bir tapawudy, megerem, telbäniň içki pikirlerini daşyndan aýdýanlygyndadyr. Adam sesli pikirlenip başlasa, onda ol dymyp ýören köplük tarapyndan jynly hökmünde görler. «Jynlar bilen gepleşýär» diýilmesi bar-a käbir kişä. Bogazyny ýyrtaýjak bolup janykýan guşa hem pukaraja, sessiz gumrularyň akylyndan azaşan hökmünde garaýan bolmaklary bolmajak zat däl. Habary ýok olaryň saýrak guşuň owazynda adamlar üçin habaryň bolup biljeginden. Adamlaryň hem habary ýok mundan. Adamyň adamlara habarynyň bolup biljegini hem adamlar alga alanoklar. Mümkin, olaryň owaza gulak asmaga wagty ýokdur. Höwsi hem ýokdur, belki. Olar sap-sary futbol topuna meňzeş Günüň tizräk günbatar derwezä girip giderine garaşýarlar, megerem, diňe. Soňra bolsa ýene gündogar derwezäniň öňünde peýda bolýança, telewizoryň öňünde sary Güne meňzeş top kowalaýanlara aňalýarlar. Guş welin saýraýar. Gatanlu-ganatsyz garynjalar-da, belki, bir zatlar diýýändir. Olaryň-a owazy adamyň gulagyna-da ilenok. Munuň üçinem Süleýman pygamberiň ukyby ýaly ukyp gerek-dä. Bir gezek ol arkan düşüp ýatan ýerinden aýaklaryny asmana uzadyp, mynajat edýän garynjanyň sözlerini töweregindäki adamlara terjime edip beripdir. Ol adamlar pygamberiň ýanyna öwüt-ündew almak üçin ýa perrendedir-derrendeleriň habaryna gulak asmak üçin gelmändirler eken. Diňe özleriniň hajatyna najat isläp gelipdirler — gurakçylykdan nalap, Biribardan ýagmyr diläp bermegini haýyş edipdirler. Garynja-da Gugraty Güýçli Ýokarkydan ýagmyr diläp ýatan eken. Onuň sözlerini halaýyga ýetirensoň, özüniň dileg edip orurmagyna zerurlygyň hem ýoklugyny aýdypdyr pygamber. Sebäbi Ol garynjanyň dilegini hem boş goýmazmyş. …Ýogsa-da, irdenki köwşüme dyrmaşan garynja näme diýmekçi bolduka? Göwnüme, onuň hereketlerinde saýraýan guşuň owazy bilen, Markesiň ganatly garynjalarynyň perwazy bilen nähilidir bir baglanyşyk bar ýaly. Romandaky ganatly garynjany öz gününe goýanymda-da, beýlekileriň ikisiniň-de, ýagny saýraýan guş bilen köwşüme dyrmaşan garynjanyň adama aýdara bir habarlary bara meňzeşdi. Ýagmyr dileýän-ä bolmaly däl. Sebäbi howa bulutlaşjak ýaly etse-de, ýagyp bilenok. Yssy, ýogsam. Ýagyş sepelese, kem bolmajak ýaly. Belki-de, ýagyş dilýändir. Ýöne hinini suw basan başga bir garynjanyň mynajaty has güýçli bolup, ýagan däldir?! Bolup biläýjek zat. Sebäbi irden hem-ä guşlar içsin, hem üzüm suwdan gansyn diýip, biraz wagt suw akdyrypdym. Suwuň akyp barýan ugrunda garynja hininiň bolmagy hem mümkin ýagdaý... Şu zatlary diňe içimden pikirlenýänim, hiç kimiň görmejek depderine ýazýanym bir gowy zat. Ýogsam-a, meni jynlar bilen gepleşip, samrap ýören jynly hasaplamaklary hem ähtimal. Olaryň habarlaryndan ýok jynlaryň diline düşünmek üçinem Süleýman pygamberiňki kimin ukyp gerekliginden. Häk, şu wagt şeýle ukybyň bolaýsa-da... ...Ahmyra eýlenen iň soňky sözlemime meçew berýän ýaly, Markesiň romanyndan göterilen ganatly garynjalaryň biri ýüzümi ýelpäp geçdi... © Orazmyrat MYRADOW | |
|
Ähli teswirler: 2 | |
0
| |