00:12 Men baglañ ýaşyl ýapragy! | |
MEN BAGLAŇ ÝAŞYL ÝAPRAGY! Men baglañ ýaşyl ýapragy, Ýañybir torlan terne men, Zemine sygan göwnümi, Gidip, asmana ýerlemen. Assa-assa, nobat ýetse, Bagta-da bolaryn şärik, Ösjegine ynamlydyr, Topraga kök uran gämik. Bihata duýgular bilen, Ömri şatlyga baglaryn, Ýeri gelende gülerin, Ýeri gelende aglaryn. Men dagda biten mumyýa, Gaýalaryñ şazadasy, Deñiz deý joşan söýgüniñ, Hiç tapylmajak adasy. Bulutlaryñ arasynda, Ýagyş däl, damja sepelän, Gowaça dönende durmuş, Umytlaryny ýekelän. Alañ bolan arzuwlaryñ, Alnyny ýagşa bakdyran, Erkimiñ erkinden tutup, Hyýal atyny çapdyran. Ömrüñ serhedi, çägi bar, Magat bilmegimiz hökman, Men baglañ ýaşyl ýapragy, Herne saralmakdan gorkýan... © Baýram BEJIDOW | |
|
Ähli teswirler: 3 | |
| |