Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

11:48
Men indi ýazaýyn

MEN INDI ÝAZAÝYN


"Men ýazaýyn, ýazanlarym az bolar..."

Men indi ýazaýyn,
ýazmasam bolmaz.
Heniz kän ekeni diýmedik sözüm.
Bäş günlük dünýedir, galmaýyn gijä,
Ýürek egbarlapdyr, galmandyr dözüm.

Allañ emri bilen şu gije köñle
Ylham indi, şükür alhemdilulla.
Hoş sözlerden saýlap, çemen bogaýyn,
Ýyly söz hassa-da melhemdir ylla.

Biri gamda galsa, erkin ýitirip,
Şygyrlarym çeksin onuñ elinden.
Hüwdä meñzeş aýdym edip aýtsyn,
Bäbeklerni üwrän wagty gelinler.

Men indi ýazaýyn,
ýazmasam bolmaz,
Şygrym hoşwagt etjek bolsa bir kesi.
Şygrym nepis bolsun saz ýaly näzik,
Ýülmemesin aý-ýyllaryñ tirkeşi.

Durnalar geçende bagryny dilip,
Maña: "Sag bol, Çary!" diýýäne meñzeş.
Dostlar öýe gelse, "küýseýän" diýip,
Aýralyk gamyny iýýäne meñzeş.

Men indi ýazmasam jahana sygman
Indi telim gündiz tapamok karar.
Agşamara daş işikde otursam,
Aýam meni görüp, egnimden garar.

Men indi ýazaýyn,
ýazmasam bolmaz,
Başga aladany çekeýin gyra.
Bilinmez sogabyñ nirden geljegi,
Selälige çenli öçmesin çyram.

Çyram ýansyn dursun, ýüregim ýaly,
Heniz yhlas barka,
jan barka tende.
Garañky gijede yşyk bardygyny
Görer, iñ bolmanda, ötegçi bende.

© Çary ÝEGENMYRADOW
Görülen: 71 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Çary Ýegenmyradow | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 0
avatar

Старая форма входа
Total users: 203