02:00 Men köwüş iýýän / nowella | |
MEN KÖWÜŞ IÝÝÄN Öňümde tikenekdir demirtikenli uç-gyraksyz Arizona çöllügi ýaýlyp ýatyr – gözgyny ösümlikler, tebsirän toprak. Bu görnüş meniň ýaşyma, ruhy halyma hem keýpime kybap. Emma aýalyma alysda galan geçmişimden bir wakany gürrüň berip, öz dilimden bela gazanmagyma-da hut şu içgysgynç, şyr takyr ýerler sebäp boldy. Megerem, ýatlamalara çümüp, ýüzümdäki hem kalbymdaky garrylyk ýygyrtlaryny ýazyp, göwün posumy dökjek bolandyryn. Bilmedim. Garaz, aýalyma ilkinji söýgim hakda aýdyp berdim. Çynym, öwünýändir öýtmäň, dokuz ýaşymdakam, hak aşyklara mahsus bolşy ýaly, öz magşugym üçin, bilşime görä, hiç wagt hiç kimiň başarmadyk zadyny edipdim. Men ony söýýändigimi subut etjek bolup, rezin oltaňly köwüş iýdim. Ol gyz üçin üýtgeşijek zat iýşim birinji gezek däldi. Şondan bir hepde öň ýörite şoňa niýetläp, atamdan ogurlan bir topar bawar markalary bilen garbanypdym, iki hepde öň – ilkinji gezek duşuşan günümiz on iki sany ýer gurçugy bilen alty kebelegi lak-luk atdym. Indi düşündirmäge synanyşaýyn. Dogry, söýginiň şanyna görkezilen edermenlik barada dil ýaryldygy, erkek göbeklileriň barysy öwünjeň bolýar. Diňläp otursaň, gaýduwsyzlygy ýere-göge sygýan däldir. Çyna berimsiz edip, wakalary ähli jikme-jikligine deňiç heçjikläp gürrüň bererler. Şol sebäpli söýgülim üçin başga-da kän zat iýenimi ynandyrjak bolup, azara-da galjak däl, meselem: ýapon ýelpewajyny iýipdim, bäş metr ýüň sapagy, ýarym kile ülje şänigini (özi etini iýip, maňa şänigini uzadýardy), üstesine-de onuň saz mugallymynyň akwariumyndan tutulan üç sany seýrek balyjagy. Ýaňy sekizini dolduran bolsa-da, kiçijik dilberimiň talapkärligi juda çökder bolup çykdy. Ol seýilgähde öňüme düşüp barşyna, barmajygyny bir üýşmek ýapraga, ýa çagla, ýa-da ýerde ýatan ýyrtyk gazete çommaldýardy, menem sesimi çykarman tabyn bolýardym. Bir gezek, ýadyma düşýär, ol dagdagan güllerini ýygyp ýördi, meniň bolsa elindäki çemeniň gitdigiçe ulalyp barşyny synlap, ýüregim ýarylara gelýärdi, ýöne gyzyň maňa dikilen gözlerinde sähelçe-de bolsa guwanç uçgunjygyny görmek tamasy bilen, olaram iki üzüp, bir ýalmadym. Gyz hiç hili minnetdarlyk bildirmän, bökjekläp bir ýerlere gitdi, sähel salymdanam eli bäş-alty balykgulakly dolanyp geldi-de, buýruk beriji terzde maňa uzatdy. Terbiýeçilerimize görünmejek bolup, agaçlaryň arasynda bukuldyk, men ýene boýun boldum — balykgulaklaram öňküleriň yzyndan gitdi. Men bu zatlary onuň müňkür nazarynyň astynda ýerine ýetirmeli bolýardym, hilegärlige ýüz urjak gümanym ýokdy. O döwürler çagalara söýgi syrlary paş edilenokdy, şol sebäpden ähli zat bolmalysy ýalydyr öýdýärdim. Gönimden gelsem, şol edenlerimi şu günem ýalňyş hasaplamok. Elimden gelenini edýärdim ahbetin. Belki, duýgularymy terbiýeläni üçin gözel Messalinama minnetdaram bolmalydyryn. Ýaman ýeri — ony hiç haýrana galdyryp bilemokdym. Gül çemeni bilen balykgulagy ýalmanymam şoldy, ol oýa batyp: — Žan Pýer meň üçip elli sanak siňegem iýdi, diňe ejesi çaýa çagyransoň saklandy — diýdi. Inim tikenekläp gitdi. Walentina – gyzyň ady şol – iý diýse, elli siňek dagy wiýçjik-le, emma onuň iň ýegre dostum bilenem görşüp ýörmegi maňa ýokuş degdi. Ýöne men gaharymam ýuwutdym. Eýýäm öwrenişip barýardym. — Seni ogşasam bolýamy? — Bolýa. Ýöne ýaňagymy öl etmegin. Ýigrenýän zadym. Men ýaňagynda öl goýmajak bolup, jan edip öpdüm. Agaçlaryň arasynda dyza çökdük, meniň bolsa şol ogşap oturşymdy. Ol barmagynda serso halkajygyny pyrlap otyrdy. — Näçe boldy? — Segsen ýedi. Müň sapar ogşaýyn, bolýamy? — Bor. Ýöne bahymrak bol. «Müň» diýýäniň näçe bolýa? — Bilemok. Egniňdenem ogşaýyn-da? — Ogşaber. Egninden ogşadym. Göwnüme, nämüçindir, bir zat ýetmeýän ýaly boldy durdy. Maňa näbelli, ýöne örän wajyp, esasy bir zady sypdyrýanlygymy aňýardym. Ýüregim agzymdan çykaýjak bolýardy, gyzyň burnundan, saçyndan öpdüm, ýöne bir zadyň kemdigini duýýardym, ahyry yşkdan ýaňa kelläm göçüp, özümi lampa otluga goýberdim-de, köwşümi çykardym. — Isleseň, şunam iýeýin! Ol halkajygyny ýere goýup, çommaldy. Görejinde guwanç ataşynyň ýanandygyny gördüm. Maňa geregem şoldy. Çakgymy çykaryp, köwşi kesip başladym. Ol maňa çiňerilip dur. — Çigligine iýäýjekmi? — Hawwa-la! Bir bölegini ýuwutdym, soňra ýene birini. Onuň guwançly balkyldaýan gözleriniň öňünde özümi hakyky erkek kişi ýaly duýdum. Ýene bir bölek kesinip, uludan dem aldym-da, onam agzyma atdym. Yzymdan terbiýeçimiz gelip, gohlap, köwşi elimden kakyp alýança iýmegimi dowam etdim. Şol gije gaty içim agyrypdy, onsoň aşgazanymy arassalamak üçin ähli ýuwdanlarymy gaýtarmaly boldum. Ejem bilen kakamyň gözüniň alnynda söýgimiň ähli subutnamasyny daşyna çykardym... Ine, Arizonadaky jaýymyzyň eýwanynda, öňümizdäki gurak sähralyga garap oturan ýerimden, altmyşa ser urup barýan halyma ýaşlygymyň serginligini duýmak isleýän dek, aýalyma şu ýatlamany gürrüň berdim. Ol sesini çykarman diňledi, ýüzünde peýda bolan arzuwçyllygy maňa geňem göründi-le. Ýöne şondan soň, nämüçindir, onuň tüýsi üýtgedi. Meniň bilen birden gürleşmegini kesdi, ýüz bermän gezdi. Belki, dogrudanam, birwagtky höwesgärligim hakda gürrüň bermegim nädogrudyr, ýöne şu müçämizde, otuz ýyl bile ýaşaşanymyza görä geçirimliräk bolnaýar öýtdüm-dä. Nazarymyz sataşdygy, onuň görejinde kitüw, hatda ejir alamatlaryny görüp ugradym, käte gözleri ýaşarýardy. Gürrüňimizden birnäçe gün soň onuň ugry gaçdy, syrkawlap, halys ýanyny ýere beräýdi. Lukmana-da görünjekden däl, maňa-da hyltly garaýar. Öz otagynda, galyň ýorgana bürenip ýatyr, girdigim ýüzüme kineli nazar aýlap, beýlesine öwrülýär, onsoň onuň çalaran zülpüni synlap oturaýmakdan başga alajym galmady. Ol wagt iki gyzymyzam durmuşa çykarypdyk, ýeke ýaşaýardyk. Onsoň ýalňyz özüm arwaha dönüp, bir otagdan beýleki otaga sümsündim ýördüm. Bir gün näme ýazygymyň bardygyny bilmek üçin uly gyzyma jaň etdim, sebäbi ejesi ikisi her gün bir sagatlap dagy telefonda gepleşip, meniň kemçiliklerimi ara alyp maslahatlaşýardylar. Emma bu gezek gyzymyňam hiç zatdan habary ýok eken. Ejesinden bu barada, göräýmäge, kän bir üns bereniňe-de degmeýän sözleri eşiden eken: — Kakaňyz meni söýenok eken, hiç haçanam söýmändir... Eýwana çykdym, oturgyja özümi goýberdim-de, oýa batdym. Gözýetime uzap gidýän sähralyga, adam boýy kaktuslara, ekin bitmeýän tapsyz topraga, sönen ýanardaglara seredip, howlukman, ynsabym bilen ýüzleşdim. Soňam uludan dem aldym. Aýaga galdym-da, garaža baryp, ulagyma mündüm. Skottsdeýle baryp, «Jon & K°» dükanyna girdim. — Maňa rezin oltaňly köwüş gerek. Kiçiräjigi. Dokuz ýaşlyja çaga bolaýjagyndan. Köwüşli gutyny goltugyma gysyp, ýene öýe sürdüm. Baryp, dessine aşhana geçdim-de, ýaňky köwşi bişirmäge durdum, ýarym sagat dagy gaýnadandyryn. Soňra ony mejimä goýup, aýgyt bilen aýalymyň ýatan otagyna girdim. Ol ilkibada maňa tukatlyk bilen bakdy, birdenem gözleri ýaldyrap gitdi. Düşekçesinde dik oturdy. Didelerinde umyt alawlaberdi. Dabara bilen jübimden çakgymy çykardym-da, aýagujunda ornaşdym. Soňra köwşüň daşyna geçdim. Birinji kesindini ýuwdup, aýalyma naýynjar garadym: näme diýseňizem, birwagtky aşgazanym galman eken. Aýalymyň didarynda kanagatlanma göründi. Gözümi ýumup, wagta, çal saçyma, gojalygyň gurbatsyzlygyna boýun egmän, ýowuz kejirlik bilen köwüş bölegini çeýnemegi dowam etdim. Tapsyzlygyň, gurbatsyzlygyň, ýürek gowşaklygynyň hem-de ýaşyň gaýdyşdygyça başa düşýän beýleki azar-bizarlaryň öňünde per bermäge hiç hili esas ýok diýip göwnümi aldadym. Ýene bir bölegi ýuwutdym. Aýalymyň elimden çakgyny alanyny duýmandyrynam. Gözümi açanymda, köwşüň ikinji taýy onuň elindedi, ol eýýäm ikinji bölegi kesinen eken. Aglap oturan ýerinden maňa ýylgyryp seredýärdi. Men onuň elini gysdym. Şeýdip, uzak wagtlap alagaraňkylykda, mejimedäki jübüt çaga köwşüne garap oturdyk. © Romen GARI Terjime: © Maksat BÄŞIMOW | |
|
Ähli teswirler: 3 | |
| |