Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

13:40
Men ýitmerin durmuşyňdan asyl-ha..
MEN ÝITMERIN DURMUŞYÑDAN ASYL-HA..

Men ýitmerin durmuşyñdan asyl-ha,
Bu tenimden iglän ruhym gitmese,
Senli günleñ ýakasyndan asylsam,
Şor mañlaýy, owal täleý itmese.

Men bu bagty çalyşmaryn hiç zada,
Tekepbirlik dar göwnimi ursa-da,
Arzuwly adyñy möhirläp goýjak,
Siñer ýaly käse deýin gursaga.

Perhat ýaly gazmasamam daglary,
Kiçi-uly kynlaryña taýyn men,
Giñ törime ýalkym saçsañ gijeler,
Onsañ dünýäñ edenine kaýyl men.

Tutan ellem goýberäýmez ap-añsat,
Senli günleñ ýakasyndan asylsam,
Bu tenimden iglän ruhym gitmese,
Men ýitmerin durmuşyñdan asyl-ha!...

Baýram Bejidow
Bölümler: Goşgular | Görülen: 117 | Mowzugy paýlaşan: @Baýram_Bejidow | Teg: Baýram Bejidow | Рейтинг: 4.5/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 2
avatar
0
1 Мango • 07:16, 30.04.2023
Näme üçin özüňi “iglän ruhly, şor maňlaý” edip görkezýäň.
Gynandyrjak bolýaňmy?
—-
“käse deýin gursak” - owadan eşdilenok.
—-
“Senli günler…” bilen “arzuwly at…” hem özüne käýýedesi gelip dur…
avatar
0
2 @Baýram_Bejidow • 10:16, 30.04.2023
Gynandyrjak bolmadym, sypatlandyrjak bolşum şol
avatar

Старая форма входа
Total users: 203