Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

14:09
Meni dünýä getiren bar
Meni dünýä getiren bar

Owal Allaň emri bilen,
Dokuz aýlyk görgi bilen,
Tas hoşlaşyp ömri bilen,
Meni dünýä getiren bar.
Ýerde goýman göteren bar.

Bäbejikdim, bala boldum,
Balajykdym, çaga boldum,
Çagajykdym, aga boldum,
Ýolum gözläp oturan bar.
Ýatman daňyn atyran bar.

Doýma ýokdur edebinden,
Nusga alyp edeninden,
Ynjy tapsam bedenimden,
Derman elin ýetiren bar.
Dertlerimi bitiren bar.

Gazanany sogap bolsun,
Başym mydam togap bolsun,
Ýagşy işim jogap bolsun —
Jan käbäme ýetiriň, bar:
Minnetdarlyk setirim bar.

Ýazmyrat Çörliýew
Bölümler: Goşgular | Görülen: 103 | Mowzugy paýlaşan: Çary5306 | Teg: Ýazmyrat Çörliýew | Рейтинг: 2.5/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 10
avatar
0
1 Çary5306 • 14:12, 29.01.2024
Özi ýaly bolup, goşgusam üç gezekden soň zordan goşuldy saýda. Gelse, geldem welin, bu günler halys "Tik-tok" bilen başsgaýmy, nämemi, görnenok bärde(şol ýerde goýýan zatlarny bärde goýmasa kemem däl).
avatar
0
2 Çary5306 • 14:15, 29.01.2024
Şu goşgusynda Ýazmyrat aaaaazajygam bolsa bir üýtgeşiklik etjek bolupdyr (öňkülerine görä), şolam eýýäm gözlegde boluberse goşgularynyň başga äheňde-de ýaňlanyp biljegini görkezýär
avatar
1
3 Çary5306 • 14:22, 29.01.2024
Ýöne bular başsgaý-da. Ine, düýn Begençgeldem (Orazow) gelip gitdi. Hökman agza bolaryn diýse-de entegä gelip çykanok öýdýän. Soňky döwür ýazamok diýýär. Şu ýere gatnaşyp dursaň ýazjagyňam, öňküleňden has gowy ýazjagyňam bilýän diýdim. Ýöne indi diňe liriki goşgulary. Onuň inçeden gelen bir synçylygy bar. Tebigata gezek gelende-de
avatar
0
4 Çary5306 • 14:25, 29.01.2024
Ýazmyrad-a özüme-de hüňürdeýä:"Öz ýazanlaryňyzam paýlaşaňzok" diýip, şoň üçin täääzeje bolany üçin, iň soňky ýazanymy paýlaşaýaýyn
avatar
1
5 Mekan2 • 15:09, 29.01.2024
gowa ýakyn erbet däl.

Kerimiň äheňi barmy ýa göwnümemi?
avatar
0
6 Çary5306 • 15:40, 29.01.2024
Öňler Kerimde pylanyň, pylanyň ąheňi bar diýilerdi... Halypa çykaýdymyka? Aý, onda-da, Ýazmyrat entek ýaşdyrlaý, olar ýaly iş ederden
avatar
1
7 Mekan2 • 16:45, 29.01.2024
Kerim Hally däl. Kerim Gurbannepesow.

äheň diýemde-de stil hakda aýdýan, palagiat-beýlekiden söz edemok.
avatar
0
8 Çary5306 • 17:41, 29.01.2024
Menem başda şeýledirem öýtjek boldum, ýöne edil sen beýdäýersiňem öýtmedim-dä — "aga" sözüni goşman ýazypsyň!Indi, tüweleme, "Kerim" atly ýazýanlaram köpeldi welin, hersine özüne görä ýüzlenäýmeseň, bulaşdyrjak bolup dur.
avatar
0
9 Мango • 00:51, 30.01.2024
Jan käbäme ýetiriň, bar:
Minnetdarlyk setirim bar.

soňy ýylgyrtdy diýen ýaly: näme üçin minnetdarlygyny başga birileri ýetirmeli?
avatar
0
10 Kyyas • 08:06, 30.01.2024
Ynjy tapsam bedenimden, Ünjimi ýa ynjy, ynjy tapsam? Ynjalsam...

Meniñki bir öz garaýşyp, pikir ýöredişim, ýalñyşsam, aý bu kelesañ aýdar goýar diýiñde geçiberiñ...
avatar

Старая форма входа
Total users: 203