08:16 Meniň mähribanym hakda - II | |
MENIŇ MÄHRIBANYM HAKDA — II Iň gowy aýdymlaň aýdylýan ýeri, Ösýän ýeri iň owadan bägülleň. Merjene öwrülýär adamyň deri, Bu ýerde mukama öwrülýär, gülseň. Bu ýerde çeşmeler bilen gürleşip, Daglar bilen seýran edip ýörmeli. Bu ýerliniň iň ýönekeý pişesi — Kebelekden başa jyga örmegi. Bu ýeriniň ýolunmaýar güllerem, Suwlarna-da atylmaýar ýeke daş. Guşlarna-da atylmaýar ýeke daş. Hatda ýaman niýetliniň gülberem, Öwrülýär gülberne aşyky-nakgaş. Topragynyň dartyş güýjün duýarsyň, Ezizligi ýesir edýär bakany. Asmanyna seredersiň, diýersiň: «Dünýäň ähli guşlarynyň watany!» Şükür, indi saýry gelse daşyndan, Bu topragy watan saýýar, yşk galýar. Ol nä?! Her ýyl daglarynyň başynda, Gidibilmän, bir bölejik gyş galýar. Şeýle gözel, asmanynda howala, Zemininde howalasy pesi bar. Gündizinde gumrularyň owazy, Gijesinde posalaryň sesi bar. Bu ýer — ýaz deý ýyly ýürekleň ýurdy. Ýurdy — iň owadan ýylgyryşlaryň. Baş şygary bolsa: «Bar zadyň muzdy — Pul däl, alkyş alyň, ýylgyryş alyň!» Ajaýyp ýurt! Güller açýar sünjeni. Bu — yhlasy Adam ataň hem Howaň. Bu ýeriniň iň owadan künjegi — Meniň ir oýanýan mähriban obam! 14.03.2006ý. | |
|
Ähli teswirler: 0 | |