Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

20:16
Mesele-Düşünmek

Käwagt özüme we bolýanlara düşünmeýänligim "Bu menmi?" soragyny özüme bererlik nokada getirýär... Durmuşyma girmek, ýanymda bolmak isleýänleri "soňy ýok araçäklere" salýan we ýenede ýalňyzlygymdan durmuşa şikaýat edýän. Şeýlebir ýadaýan "Seni söýýän" sözlerden ýöne söýgide, söýülmekde tabagyma düşeni diş köwügini dolduryp bilmezlik mukdarda azlygyny düşündirip bilmeýän. Käwagt maňa degişli bolmadyk adamy, özüne degişli adamlardan gysganmak krizimini geçirýän.
Açlygymdan halsyz ýagdaýda bolýan ýöne hiç zady işdäm almaýar. Köpçülikde(ol köpçüligi düşündirmegime ýekeje söz azlyk edýär, oturmaga ýer tapyp bilmeýän köpçüligimde) özümi hiç kimsiz duýýan.
Gün-günden adamlara düşünmäm kynlaşýar. Bu başgalardan tapawutly diýen adamym, gysga wagtyň içinde "Hemmeleşýär". Ýüregimde gülzarlyk döretmegi üçin iň gowy ýeri bagş eden adamym, özine garaňky tussaglykda galmagy laýyk görýär. Meni iň köp onda dynç almagym üçin barýan adamlarym ýadatýar. Iň ýakynym diýýän adamyma içimi dökmegi we söýmegi söýen bu göwnümiň döwüklerini birleşdirmegini isleýän. Emma öňkiden has köpräk zeper ýeten göwnüm bilen yzyma dolanmaga mejbur bolýan. Göwnümiň döwüklerini birleşdirmek islänimde her gezek bir bölek kemlik edýär. Näçe synanyşyklardan soň hem netije şol bir zat bolýar. Ol kemligi edil puzzle oýnundaky ýaly hiç bir bölek bilen dolduryp bilmeýän. Bagtlylykdan asmana uçaýjak adamlary görenimde, edil kiçijik çaga ýaly "Maňada" diýip durmuşdan bagt talap edip aglasym gelýär. Başgalara "Meni menden gowy tanaýan adam" diýip tanyşdyrarlyk adamym bolmagyny isleýän durmuşymda. Synamak üçin "durmuşyndan çykyp gitmek" oýnuny oýnanymda, hat-da gidenimi duýmazlyk derejede kiçijik orunlar tutýanymy ýatladyp, bu oýnuň hakykata öwrülmegine goşant goşýan adamlar däl-de ýitirmekden gorkýan, hakyky söýgini ýasamadan tapawutlandyryp bilýän adam isleýän....we "Gowymyň?" diýen soraga "Gowy" diýip nähili gowy bolunýan bolsa, şol "Gowulardan" şonça-da uzakda bolmak isleýän
Bölümler: Makalalar | Görülen: 92 | Mowzugy paýlaşan: Abat | Teg: Abat Aşyrgeldiýewa | Рейтинг: 4.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 6
avatar
0
1 Abat • 20:18, 20.10.2023
Ýazmaga, ýazyjylyga dalaşgärligim ýok. Diňeje içimden geçenleri paýlaşmak isledim. We pikirlerimi size düşnükliräk beýan edip bilmedik bolmagym mümkin. Aýyplaşmarsyňyz diýip umyt edýärin
avatar
1
2 Garlawac • 11:40, 21.10.2023
Biri ýüregimi eline alyp, mynçgalap-mynçgalap ýene ýerine salyp goýan ýaly boldum... Berekella,Ýürekdeş!
avatar
1
3 Pero • 13:14, 22.10.2023
Türk äheñi mesaña duýulyp dur. Ýa türkçe zatlary aṣa köp görýäñiz,ýa-da özüñiz Türkiýada ýaṣan ya ýaṣaýan bolmaly.
Umuman,erbet däl. Manysynda jemgyýete subýektiw pikir agdyklyk edýä,dünýäde hemme kiṣi erbet diýen ýalyrak many gelip çykýa. Bu bolsa psihiki bozulmalaryñ alamatlary. Beýle diÿsem 'Däli diýjek bolýañmy"diyip gaty göräýmäñ. Siz häsiýetiñiz boýunça gaty gaty öýkelek bolmaly. Bu gowy zad-a däldir. Öýke adamyñ içinde kine döredýär. Kine bolsa adamy iç-içinden özüne bildirmän iýip baṣlaýar. Ṣoñ ün bolýan her bir iṣden haýyrly tarapy görmäge çalyṣsañyz azajyk-azajykdan gowy tarapa özgerip baṣlanyñyzy görersiñiz.
avatar
1
4 Pero • 13:27, 22.10.2023
Bir mugallym özüniñ uly ynam bildirdirýän ṣägirdine sowal berip synap görmek isläpdir:
- Oglum,ṣü ýerde näme görỳäñ? diÿip - ak kagyzy görkezipdir. Ṣägirdi siñe synlansoñ:"Bir gara nokatjyk görýän" diýen. Muny eṣiden mugallymyñ nurly ýüzi çürrüṣip,bir gysymjyk bolaýypdyr. Gözlerindenem dynman ajy ýaŝ akypdyr diýýä. Bu bolýan zatlara düṣünmedik ṣägirt müýnirgäpdir:
- Mugallym,nä telek zat aýtdymmy,bu bozulyp otyrmañ nädendir?
-Heeeý,oglum,men hakykatdanam ak kagyza nokatjyk goýupdym,emma sen ṣü giden aklygy görmän gel-gel o kiçijik arzysyz gara nokady göreniñe janym ýanýa. Indi men ṣunça ýyl seni okadybam,boṣ çykanyma düṣünip gözýaṣ dökýän diýipdir.

Diýmek,gara nokat hemme adamda bardyr. Käsinde az,käsinde köpdir. Emma biz ondaky aklygy görmäge çalyṣmaly.
avatar
0
5 Abat • 22:40, 22.10.2023
Salam. Hawa men diňe türk edebiýatynu okaýan. kämahal adamlar bilen gürleşenimdede şeýle aksentler görberýän. Dogry bellediňiz. Häsiýetim boýunça gaty öýkelek. Ýazanlarym bolsa içimden geçenler. Öte geçmedim diýip oýlaýan,))
avatar
0
6 Pero • 20:19, 23.10.2023
Içiñden geçenleri ýazmalam-da. Ýogsam,içiñden geçenlere ters zat ýazsañ ýasamalyk emele gelýär. Ýazyberiñ,galamyñyz ýiti bolsun!
avatar

Старая форма входа
Total users: 203