Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

15:39
Meýdanlaryň ýyldyzy
Exclusive


MEÝDANLARYŇ ÝYLDYZY

Meýdanlaň ýyldyzy buz baglan tümde
Seredip dur ýowşanlyga säginip.
Sagadyň dili hem onkiň üstünde
Hem uky büräpdir dogduk depämi

Meýdanlaň ýyldyzy! Dünýäm sarsanda,
Ýat ederdim depäň üstünde ýuwaş.
Lowlaýar ol güýzüň tylla görkünde,
Lowlaýar ol kümüş sepeläp gyşa.

Meýdanlaň ýyldyzy nur saçýar öçmän,
Ünji-dertli raýatlarna bu Şaryň.
Mährem nury bilen sypalap geçýär,
Alys-ýakyn şäher-kentleriň baryn.

Ýöne diňe bärde, buz baglan tümde
Ol bütinleý ýagty saçyp dogulýar.
Menem bagtly entek ýeriň üstünde,
Dogduk meýdanlarmyň ýyldyzy dogýar.

© Nikolaý RUBSOW

Terjime: © Sylapberdi MUHAMOW
Bölümler: Terjime eserler | Görülen: 106 | Mowzugy paýlaşan: Мango | Teg: Nikolaý Rubsow, Sylapberdi Muhamow | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 2
avatar
0
1 Мango • 15:41, 09.02.2024
Николай Рубцов

Звезда полей

Звезда полей, во мгле заледенелой
Остановившись, смотрит в полынью.
Уж на часах двенадцать прозвенело,
И сон окутал родину мою…

Звезда полей! В минуты потрясений
Я вспоминал, как тихо за холмом
Она горит над золотом осенним,
Она горит над зимним серебром…

Звезда полей горит, не угасая,
Для всех тревожных жителей земли,
Своим лучом приветливым касаясь
Всех городов, поднявшихся вдали.

Но только здесь, во мгле заледенелой,
Она восходит ярче и полней,
И счастлив я, пока на свете белом
Горит, горит звезда моих полей…

1964 г.
avatar
0
2 Мango • 22:26, 09.02.2024
bellijek:

Meýdanlaň ýyldyzy! Dünýäm sarsanda,
Ýat ederdim(1) depäň üstünde ýuwaş.
Lowlaýar ol güýzüň tylla görkünde,
Lowlaýar ol kümüş sepeläp gyşa.

(1) "ýat ederdim"-den soň otur (,) goýup, setiriň soňundaky nokadam aýyrmaly.
(Ýat ederdim, depäň üstünde ýuwaş)
"ýuwaş" sözüň ýerine "ümsüm"-i ulanyp bolmazdymyka? kapiýasy: ümsüm - kümüşin... diýen ýaly. "тихо горит"-iň türkmençesi "ýuwaş lowlaýar" gelişmedik ýaly. ýyzzylammir ýuwaş lowlarmy, näme-de bolsa ümsüm ýa rahat bolmaly bolaýmasa...

Звезда полей! В минуты потрясений
Я вспоминал, как тихо за холмом
Она горит над золотом осенним,
Она горит над зимним серебром…

---
Menem bagtly entek ýeriň üstünde,
Dogduk meýdanlarmyň ýyldyzy dogýar.

И счастлив я, пока на свете белом
Горит, горит звезда моих полей…

"dogýar"-y hem näsaz gördüm.
...счастлив я, пока на свете ...горит звезда
bagtly men ýagty jahanda (ýeriň üstünde) meýdanlarmyň ýyldyzy dogýar parlap durdugyça.
düşündirip bildimmikäm?
mesele "ýyldyz dogýar" däl-de dogdugyja, dogup dursa, asmanymda parladygyça, parlap dursa.... ýöne hiç "dogýar" däl.

beýleki ýerleri şowly çykypdyr.
---
ýene bir sorag awtora: eger bu terjime ilkinji gezek hödürlenýän bolsa ýokarjygyna "Exclusive" ýazmaly. şonam aý-aýdyň etse, düzedip bolar.
üstünlik.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203