Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

09:31
Mugt
MUGT

Ýagty jahanda oňatlyk:
bulutlar mugt, mugt ýel,
mugt ýagmyrjyk hem palçygam mugt.
“Kadillaklaň” tyrpýan şöhlesi
hem-de witrinalaň ahramy jadysy –
hemme zat
seret, näçe diýseň,
mugt.
Dogry, çörek bärde,
başgaça,
gymmat lezzet,
ýöne onam artygy bilen
çalşyp bolýar-a mugt şapak bilen,
mugt deňiz suwuna,
türkçe ajysuw bilen.
Erkinlik üçin, dogry,
tölenýär,
köplenjem kelläň bilenem,
ýöne, gulçulyk bärde mugt ahyr, doganlar!

Ýok, erbet däl ýagty jahanda:
mugt bulutlar, mugtuna ýelem...

ДАРОМ

Хорошо нам на белом свете:
даром облако, даром ветер,
даром дождик и слякоть даром.
"Кадиллаков" скользящих фары
и витрин колдовские чары –
все
смотри, сколько хочешь,
даром.
Хлеб здесь, правда,
дело другое,
удовольствие дорогое,
но ведь можно его с лихвою
заменить даровою зорькой,
даровою водой морскою,
по-турецки водою горькой.
За свободу здесь, правда,
платят,
даже часто и головою,
но ведь рабство здесь даром, братья!

Нет, неплохо на белом свете:
даром тучи и даром ветер...

Bedava

Bedava yaşıyoruz, bedava;
Hava bedava, bulut bedava;
Dere tepe bedava;
Yağmur çamur bedava;
Otomobillerin dışı,
Sinemaların kapısı,
Camekanlar bedava;
Peynir ekmek değil ama
Acı su bedava;
Kelle fiyatına hürriyet,
Esirlik bedava;
Bedava yaşıyoruz, bedava.

© Orhan Weli Kanyk
Bölümler: Goşgular | Görülen: 60 | Mowzugy paýlaşan: Bagabat | Teg: Orhan Weli Kanyk | Рейтинг: 5.0/5
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 4
avatar
1
1 Bagabat • 09:36, 25.02.2023
Orhan Weliň bu goşgusynyň ilki rus diline terjimesi ünsümi çekip, ony türkmençä şondan terjime etdim. Ýagny, terjimäň terjimesi boldy. Soň türkçesini, ýagny şygryň "ene dilindäkisini" gözläp tapdym welin, düýbünden başgaça ýazylan ekeni.
Rus terjimeçisi (alan ýerimde terjimeçiň at, familiýasy ýok ekeni), goşgyny terjime etmän, ony öz "eşidişine" (duýuşyna) görä täzeden ýazypdyr. Bu-da meň pikirimç-ä Orhan agaň diýýäniniň ruhuny ýoýupdyr.
Türkçe-de men-ä bilenim ýok. Şo sebäpli, kim islese, başarsa...
Baş üstüne.
Ýöne rusça, türkmençesem durubersin.
"Ot-suw islänok" diýýär-ä Türkmen aga.
Ahmet Halmyrat aga aýtmyşlaýyn:
"Degme ýagsyn!".
avatar
0
2 Мango • 15:37, 25.02.2023
goşgyň manysyna has gowy düşünmek üçin onuň ilki "keseliniň taryhyny" okajak bolýan, men-ä.
goşgy 1940-larda ýazylypdyr öýdýän.
özem bu şahyr türk aýtmyşlaýyn "Garip hareketi, garip akımı" toparyna degişli, hatda esaslandyrjylarynyň biri.
olaram adaty usul goşguçylyga garşy gelipdirler.
edil "Bedava" goşgusam kapiýalaryň ýerine şygyrda gaýtalanýan sözleriň hasabyny goşgynyň owazlylygyny sazlapdyrlar.
umuman, şeýleräk. düşünmänjikden "munnananmir goşgy womy?" diýibermelem däl.
aslynda diýmeli däl diýen zadam ýok. diýesi gelen diýibersin.

indi, menden terjime:
terjimäň öňünden düşündiriş: goşgy 1940-laryň Türkiýesinde ýazylýar, we ol ironiýa garyşyklydyr.
hemme zat gymmat manysynda...
(hindi we türk kinolarynyň ömürlik temasy bolan baý-garyp meselesi ýaly).
terjime:

MUGTUNA

Mugtuna ýaşaýarys, mugtuna;
Howa mugtuna, bulut mugtuna;
Dere, depe mugtuna;
Ýagmyr, palçyk mugtuna;
Mugtuna
Maşynlaň daşy,
Teatrlaň işigi,
Witrinalaň yşygy;
Gury çörek däl, ýöne
Deňiz suwy mugtuna;
Erkinlik nyrhy – kelle,
Ýesir bolmak mugtuna;
Mugtuna ýaşaýarys, mugtuna.

© Orhan Weli KANYK

Terjime: © MANGO
avatar
0
3 Medicall • 14:20, 26.02.2023
Serdar aga, oñarypsyñyz, beyleki ýurt eserleri bilen tanyşmak üçin gowy, peydaly pursatlar döredipsiñiz bizlere, sagboluñ!
avatar
0
4 Medicall • 14:24, 26.02.2023
Siziñ terjimäñiz goşgynyñ ideýasyny doly açypdyr diysegem bolmayan bolmasa gerek.
Özbaşdak post edip açsañyz näder?
avatar

Старая форма входа
Total users: 203