Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

15:51
Müjewür (hekaýa)

MÜJEWÜR

(hekaýa)

−Wiolonçel göwrümi ulurak skripkadyr öýdýäler. Bularyň hersi başga saz guraly. Öli adam bilen diri adamyň tapawudy ýaly, diýdi ýöräp barýarka bir wagt sazçylyk sungat mekdebinde garawul bolup işlän inçesagt garry adam.

Ol gonamçylygyň käýerräklerdäki hapalaryny säher bilen arassalaşdyrmaga başlady. Bu ýaşuly özüni bu gonamçylygyň müjewüri hasaplaýar. Oňa sen müjewür bol diýýänem, bolma diýýänem ýok. Sebäbi bu gonamçylygyň ýapylanyna 34 ýyl boldy, müjewür nämä gerek?! Bu ýerde takmynan 8,276 adam ýatyr, hemmesi ady-sany bilen gojaň anyk ýadynda, birin-birin tanaýaram. Bary durmuşyna ýa bütünleý ýa-da gyltyzrak degýär.

Ädehedi bolsa her gün üç guburyň başynda durup olara bir zatlar düşündirjek bolmak. Ýarpysyna ýetiberdi. Her gün galan ýerinden dowam edýär.

−Ohho, Öwez şura, sizem bärde ýatyrsyňyzmy? Baý, size-de Öwez garakçy diýýän ekenler. Ne giden adamlaryň ykbalyny ýandak ýakan ýaly edipsiňiz. Kakam pahyra-da “halk duşmany” diýdip möhür basdyrypsyň oba şurada işleýän mahalyňyz. Kakam görgüli adyny aklajak bolup ömrüne kösenip geçdi.

Bilýäňizmi, iň kyn göreş Çingiz hana, Gitlere garşy däl, kagyza, dokumentlere garşy göreş. Göreşde bäsdeşiň ýanyny ýere berdirip oňaýýaň, gerek bolsa eliňi uzadyp turuzýaňam. Söweşde bolsa duşmanyňy tä ýere dulaýançaň gidişýäň.

Kakamam il ýaly “halk duşman” bolunmaýan başga ýerlere gidäýmeli welin, etmändir-dä. Çagakaň üşänje ýerleň gözüňe yssy görünýär. Görgüli egni gysyklygyna dünýeden geçdi. Gaçyp gideňde hem ahyrynda aýlanyp-dolanyp öňki gaçyp gaýdan ýeriňe barýaň.

Dokumentleň bir yzyndan ýetmek kyn, bir yzyndan ýetmek kyn. Sebäbi şol kagyzyň nirde duranyny hiç kim bilenok ýa-da hiç kim aýdanok. Iki jahan owarrasy bolup ýörmeli.

Ýo, ýo, aýdyp oturmaň, indi kime derkar ol. Näme üçin dergazap bolýaňyz? Men günäkär däl-ä! Sen näçe dogruňy aýtsaňam adamlar öz dogrudyr diýýänine ýanap ynanýar. He-he, ýa-da ynananok. Ýöne siz dogruňyzdan gelesiňiz ýok-la! Çingiz hanam, Gitlerem özüniňkileri apalap saklady. Hatda Stalinem gürjülerini iki oduň arasyna eşrepi ýaly seretdi. Sen bolsa öz babadaşlaryňy iki sany gök göze görünjek bolup dalamak daladyň.

Ardynjyrady. Sag bol zat diýmän ýerinden turdy. Çilimiň daşyna gazet dolap otlanmaga durdy, mahorka öwrenen kişi sähel gazetiň tagamyny almasa bolanok. Ernine gysdyryp, bir gözünem ýumup, sorup-sojap özüçe lezzet aldy. Indi, näme-de bolsa sözi diňlenýän adam. Öňler garawul wagty pitiwa edýänem ýokdy. Ýanyndaky ýatan diri şaýat.

−Klasdaş, Salawamaleýkim! Bary-ýogy dört klas okadyk-la, agyz dolduryp aýdanam bolýas. Baýba, Gulnazar Gulgeldiýewiç, sen dagyn ölersiň diýip hiç kimiň kellesine gelenokdy. Senem öljek ekeniň.

Ar almaga gelen däldirin, düşündirmäge geldim. Teýmir agsagyň Firdöwsiň mazaryna aýagyny direýşi ýaly etjek däl. Ar alsam senden näme tapawudym galsyn. Alaýam-da hem ertir-birun menem girmeli şu ýeriň astyna.

Asty diýemde üsti ýadyma düşdi. Ýeri, ýeriň üstündäki kaşaňlyk nämä gerek? Näme beýle mazaryňy bezäpdirler, gara mermer, saçyň yza gaňtarylan galstukly suratyň, demir germew, durnaň heýkeli... tüweleme. Ýeriň üstüniň bezeginiň astyna peýdasynyň ýoklugyny çülpeleriňe öwretmediňmi? Ýeriň aşagynda alma agajynyň köki bilen pyrtykal agajynyň köki bir meňzeş! Şeýle gerek?

Gara 24-iň gyzyl sidenýasynda baý wazyrdadyp geçýädiň-ä! Partiýaň ýokary wezipeli adamy moskwije münmez bolmanam. Oglumy işe salaýaly diýip kän gatnadym ýanyňa. Bir hepdeläp ýanynda adam bar diýdirip ertirden-agşama irikge edipdiň. Zordan kabul etdiň priýomyňa. Ýüzüň hamyny elläp göresim geldi, eşegiňki ýaly galňadymyka diýip. Soraşmankak bu işde işlemäň kynçylyklaryny öwran-öwran nygtap:

−Arzamy ýazaýmasam kesel etjek, saglygyma zyýan berýär, diýip çilimiňi, burnuňy göge tutup üçege tarap üflediň, ine, şeýdip. Sen ol arzany şondan soň 19 ýyl ýazman diňe bir öz saglygyňa däl, nijeme adamyň saglygyna hem zyýan edensiň. Soňam nesihat baryny berdiň. Men ýanyňa pent diýip gelmändim, perzent diýip gelipdim.

Şol döwürler başlyk bolanyň garny suw guýlan paket ýaly palkyk bolaýýardy, näme üçin beýle, kim bilýär. Ugratjagam bolmandyň kabinetiňden çykamda.

Daşyňda bir giden it siňek ýaly at tutarlaň gaýmalaşyp ýördi. Şafýoruňa dagyn ýetmek görgi. Hemme meseläňi şol çözüp berýär. Moskwa iş sapary diýip Essentükä, Kislowodska dynç almaga gideňde orunbasar ornuňy basyp bilmän geçýärdi. Şafýoruň orunbasar. Giden ýokary okuwlylar başlangyjy zordan gutaranyň yzynda löňkülläp ýörendir. Şolam ýatandyr şu ýerlerde bir ýerde, erte-birun üstünden bararyn. Senden soň şonam ýaşatmadylar öýdýän. Olam “saglygyna” kän zyýan berendir.

Hany, indi şolar? Ýalançy dünýedir bi. Ine, seň priýomuňda ýeke özüm durun. Başga adamyň geljek gümany bolmaz, menem ölsem bu dünýede seni ýatlajak ýeke adam galmaz. Owadan sekretaryňam ýok, daşyňda pyr-pyr edýänlerem.

Gyz-gelin görseň adamçy erkek ýaly gözüň tamşanyp başlaýady, zaňňar. Bir ýaş gelin arza bilen gelipdir welin şony-ha derrew kabul etdiň.

Özüňde hem bardy ahyry, köşegiň gözi ýaly naýynjar bakyşly uzyn gyzyň. Özüň ýaly wezipeli biriniň nalajedeýin ogluna berip nebir gyzyň bagtynyň jürüni dikdiň. Kim bilýär, munça zady bir akyla uýup edensiň-dä senem.

Sag bol, klasdaş, sag aman otyr. Meňki bir ýöne aýtmakdyr-da!

Ýaşuly gyra ýene bir çekildi-de hälki üç sorup söndüren gazet dolanan çilimini täzeden otlap, kükürt çöpi silkip-silkip öçürdi.

−Garaz, her kimiň özüçe dogrusy bar. Käbir hakykatlary diňe sen görýäň, başga hiç kim görüp bilenok. Seň gören düýşüňi hiç kimiň görüp bilmeýşi ýaly. Käte bolsa dogrulygyň içindäki ýalňyşlygy saýgarmak kyn düşýär.

Dogry diýýäniň diňe seň üçin dogry bolsa myhmançylyga ýyrtyk joraply baran ýaly. Her kim saňa nebsi agyryp seredýär. Ýöne şol bakyşlaň hiçisem barmagyň ujuny tikip bilenok.

Şu günlükçe üçünji kişisi bilen güreşlmegi goýbolsun edip külbesine tarap ýöräp ugrady.

−Hmm, biriniň içi juwurdar, senem bilmedik bolarsyň. Olam seň bilmedik bolýanyňy bilýändir. Senem oň bilmedik bolýanyňy bilýänini bilýänsiň. Şeýdip iki bolup görnetin gülmeli zada gülüp bilmän duransyň. Biz duýgy atymyzy çapmak aňyrda dursun, ýatagynda saklap Günem görkezemzok.

Adamam näme çagaň ulurak görnüşi-dä. Ýatasy gelýänini bilmän aglap ýören çaga ýaly. Düşegine geçirip ýorgan örtersiň welin myşylapjyk ýatar. Adamam ýaşasy gelýänini bilmän aglap ýör, ölümden gorkup. Üstüňe toprak örterseň welin, al, saňa hakyky baky ýaşaýyş.

Külbesine girip barýarka gygyryp bir zat aýdasy geldi. Ýöne yzyna öwrülýänçä pikiri üýtgäp pessaý aýtdy, sesi gury ojaryň döwülşi ýaly jatyrdaýar:

−Adamlar, adam, adamlar eşidiň... siz hiç zady eşideňzok!

© Musa ÝUSUP

10.10.2023
Bölümler: Hekaýalar | Görülen: 33 | Mowzugy paýlaşan: Мango | Teg: Musa Ýusup | Рейтинг: 5.0/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 3
avatar
0
1 Мango • 16:18, 19.11.2024
gowy hekaýa eken. gowy usul ulanypdyr Musa däde. ölüler bilen her gün üç-üçden ýüzleşmek...

"...Bu ýerde takmynan 8,276 adam ýatyr, hemmesi ady-sany bilen gojaň anyk ýadynda, birin-birin tanaýaram..."

8276 adamyny birin-birin tanamasy maňa düşnüksiz boldy. ýa goja umumylaşdyrylan bir ruhmy?

hekaýada ulanylan gowja priýomlaram (tärlerem diýmelimi) agzasym geldi:

...her gün üç guburyň başynda durup olara bir zatlar düşündirjek bol(ýar). emma hekaýada ol iki gubur bilen ýüzleşýär. okyjyda mesele çykmaz ýaly soňunda muny agzap geçýär: "Şu günlükçe üçünji kişisi bilen güreşlmegi goýbolsun edip külbesine tarap ýöräp ugrady."
gowja usul.

umuman şeýle. men-ä haladym.
müjewür 8276 adam bilen ýüzleşjek bolsa-ha ullakan serial bolup gider...

minnetdar Musa däde, gowy hekaýaňa.
avatar
0
2 Zenan8609 • 01:42, 20.11.2024
Üçünji kişisi bilenem gürleşen bolsa okardym,gel-gel şu gün gürleşmegi goýbolsun edişini. Umuman täsin eken. Ýatanlaryň hemmesi öz obasynyň adamlary bolsa tanasa tanaýandyram.
avatar
0
3 Мango • 10:08, 20.11.2024
üçünji kişini özüm diýip pikir etip gördüm...
o ýaşulyň başymda dikilişi...
nämeler düşündirerdikä maňa?...

hem Allahyň "maňa gul haky bilen gelmäň" diýermiş diýleni ýada düşdi.
ynsanlar bilen ähli meselelerimiz, haklarymyz özleri bilen razylaşyp gidilse gowy ýaly...

bäh.... o ýaşulydan tersine öwrenip... günde üç kişi bilen razylaşybersekmi-kä?...
avatar

Старая форма входа
Total users: 203