12:25 Mynajat | |
MYNAJAT Ýa Ýaradan, öz ýaradan, Bolgusyzja naçaryň men. Meň bu garypja külbämiň, Ýalňyz altyn açary — Sen. Horaşaja oraçama, Bu dünýe-de, o dünýe-de, Sygýar bütin geçmiş, geljek, Ýüregime, goşa didä. Meň nämäm bar, meň janymam, Amanat ahyryn jesetde. Şükür, Allam, üşk berdiň, Dünýe baýlygy esetsem. Gözlemedik ýerim ýok meň, Taňrym, men seni gözledim. Ah, tapmadym men hiç ýerden, Hem seň ýok ýeriň görmedim. Barlygyňa ynanýan men. Öz dünýämde galyp tenha. La ilaha illallaha, Muhammed resul Allaha! 25.11.1998ý. | |
|
Ähli teswirler: 1 | |
| |