21:00 Nädip gozgadyñ | |
Nädip gozgadyñ Ynha, iki müçe bedende sarsman, Duran ýüregimi nädip gozgadyñ? Ynamsyz dünýäme ynam döredip, Kalbyma ýagypdyr umyt tozgasy. Has täsin, gyzykly indi bu dunýä, Başgaça bu gün günleň aýdymy. Sen kim özi, bagt paýlaýan perişde ýa çyragmyň tüm ykbala, aýt hany? Ümsüm dideleňde özümi tapdym, Özlügim ýitirdim gözüñde ýarym. Öýkenim giňedi, giňedi barlyk, Öňler ýaşanyma ynanmaýaryn. Didelermiz kaklyşanda tutaşyp, Ýürege ot beren bu gözler hakyt. Kalbyň aramy ýok, neçüýn? Ýitdimi ýa geldi ykbala bir zad-a ýakyn. Çaň basan kalbynyň heniz-henizler, Suwsuz zatsyz açylmajak gozasyn, Joşdurypsyň. Bu yşkmyka ezizim? Bolmasa ýüregi nädip gozgasyn? Ahmet Arazow | |
|
Ähli teswirler: 0 | |