Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

13:42
Näme üçin ýazasym gelýär?
NÄME ÜÇIN ÝAZASYM GELÝÄR?

Bu ýazjaklarymy ýazasy gelýänleriň okanyny isleýän. Diňe şolara niýetläbem ýazýan.
Ýaňyja Sapargeldi Annasähet Iner oglynyň “Keltegoňur kyssasy” powestini okadym. Indem hiç etmeýän işim biriniň ýazan zady hakynda pikirimi ýazaýyn diýdim.
Sapargeldi agany birnäçe gezek gördüm. Hatda bir gezek öýünde oturmak nesibämem bar eken. Bu ýaşulyň “Şireje” diýip hekaýasyny Ahmet Gurbannepesiň maslaty bilen kitaphana gidip, dilimi çeperleşdirmek üçin, türkmençe ýazmany öwrenmek ýörite gidip okapdym. O wagtlar ýaňy birki sany hekaýa ýazypdym. Şonda “Şirejäň” dili, ýazylşy hakykatdanam maňa gaty uly täsir edipdi. Mydama ors dilinde okap ýöremsoň, türkmençede şeýle şireli, wakalary edil görüp duran ýaly edip ýazyp bolýan ekendigine haýran galypdym.
Beý diýsem, türkmen dili şeýle garypdyr diýip pikir edendir öýdäýmäň. Oglanlykda “Göroglyny”, dessanlary okamsoň, dilimiziň baýlygyna şübhäm ýokdy. Ýöne “Şirejä” çenli o baýlygy ulanyp bilen ýazyja duş gelmändim. O wagtlar Ata Gowşudowyň romanlary, Çary Aşyryň “Ganly sakasy”, üstesine-de gazetde işlämsoň onda ulanýan dilimiz mende şeýle düşünje oýaran bolmaly. O wagtlar elimden düşürmän Dostoýewskini, Bulgakowy, Hemingueýi, Ekzýuperini… okaýardym.
Şonuň üçin mendäki türkmen diline şeýle “göwniýetmezçilik” edýän ýaly düşünjäniň bolandygyny geňem, aýbam görmäň. Soň ýene-de ýörite dilini öwrenmek niýeti bilen Berdi agaň “Aýgytly ädimini” okadym. Onuň dilem meni haýran etdi.
Gep nokatlap oturanym, Sapargeldi agany halypa hökmünde gaty hormatlaýandygymy aýdasym gelýär. “Keltegoňuryň kyssasyny” okaýarkam ýaşulynyň sypaty zol göz öňüme geldi durdy. Birhili üýtgeşik ýylgyryşy bardy, seň aýtjak bolýan zadyňy başlanyňdan eýýäm düşünip aňyrsyna geçen adamyň ýylgyryşy. Eseriň dili ýene seni özüne bendi edýär. Çölüň suratlandyrylyşy gaty synçy adamyň elinden çykandygyny aýdyp dur. Wakalaryň gyzyklylygam ýitirilmändir.
Okap başlasaň soňuna çenli okaýaň. Sapargeldi aga diri bolan bolsa, onuň “kyssasy” hakynda ýazmazdym. Ýetginjegiň uly adamlaryň gürrüňine goşulyp, özüni tanaman “jedele-de” giriberşiniň aýp bolşy ýaly, bu ýaşulyň ýazan zadynyň “o taýy eýle, bu taýy beýle” diýip oturmagy gaty edepsizlik saýardym. Häzir pahyr aramyzda ýok, onuň eseri hakda-da diňe mysal hökmünde tutaryk edinmek üçin, diri, häzirki ýazyjy bolmaly oglanlara peýdasy degmezmikä diýen umyt bilen ýazýandygym biraz maňa batyrgaýlyk berýär.
Ýene bir zat: eserdäki wakalar onuň gaty ýokary derejedäki powest bolup biljek ekendiginden habar berýär. Ýöne näme üçindir bolmandyr. Ine, näme üçin bolmadyr, şony seljeresim gelýär. Ýazyjy hökmünde däl, adaty okyjy derejesinde gelen pikirlerimi paýlaşmagy makul hasapladym.
Waka Sapargeldi agaň aýdyşyna görä, hakykatdanam bolan waka. Sapargeldi agaň familiýasynda ýazylýan Iner aganyň Eýran bilen serhet arasynda kän ýolbeletlik eden, gaçakçy gatnadan adam bolandygyny kakam gürrüň bererdi. Bu wakanam Sapargeldi aganyň Iner agadan anyk eşden bolmagy geň däl.
Eser şunuň ýaly bolup geçen wakalar esasynda ýazylsa köplenç şowly bolýar. Meniňem oňa şowsuz diýesim gelenok. Ýöne eseriň ýene belki ik-üç basgançak ýokary bolup biljek ekendigini aýdasym gelýär. O basgançaklara galmaga näme ýa-da nämeler päsgel berdikä? Ilkibilen, ikinjiden, üçünjiden diýip belgiläp aýtsam bulaşdyraryn, göwnüme gelşine görä öz görýän sebäplerimi ýazaýyn, olary hatara düzmegi size guýaýyn.
Powest 140 sahypadan ybarat. Ýazyjy üçinem sahypa sany uly çelgileriň, mükgüldileriň biri bolýar. Köplenjem az bolar öýdülip gorkulýar. Bilmedim, galamhakam muňa az-owlak sebäpkärdir, sebäbi gazet-žurnallarda köplenç sahypa sanyna göräräk hak goýulýar. Bu ünji gerekmejek, artykmaç içgepletmeleriň, suratlandyrmalaryň, pikir ýöretmeleriň, hatda wakalaryňam… ýazylmagyna, goşulmagyna getirýär.
“Keltegoňur kyssasynda” şol artykmaçlyklary kän gördüm. Okyjy düşünmez öýdülen ýaly, “göze dürtmeler” kejikdirýär. Haçanda şeýle-de düşnükli zady düşündirjek bolsaň ýasama dialoglar, ýasama hereketler, ýasama düşündirişler döreýär. Reňkleri goýaltjak bolmak, şeýle-de gynançly ýagdaýy hasam gynançly görkezmäge çalyşmak, zalymyň zalymlygyny, merdiň mertligini, namardyň namartlygyny “çeper suratlandyrjak” boldugyňça ynandyryjylygy azalýar. Şeýle mysal, gynansamam, Sapargeldi agaň eserinde-de kän.
Powestiň başynda Gulaly batyryň bir baýyň gelnini zorlandygy hakynda aýdylýar. Munam Mätoraz dypow gurnaýar. Gelni biabraý edilen baýyň powestiň başdanaýak bir ýerinde-de namysyna degen Gulalydan ar almak üçin eden ýekeje hereketem görünmeýär. Diňe ýalandan men ony öldürdim diýip gelene don ýapýar. Dypow Gulalyny garalajak bolup başga-da şyltak atýar. Hamala halk arasynda batyryň abraýy dökülýär. Olam abraýyny gorajak bolýar. Emma abraýy dökülene meňzeş däl, ol nirä barsa hormat bilen garşylanýar. Hatda dypowyň goşunynda gulluk edýänlerem ony sylaýar.
Şuňa meňzeş näsazlyklar eserde ýene bar. Ýöne näme üçin Sapargeldi aga beýle ýalňyşlary goýberdikä? Meniň pikirimçe ýaşuly ideologiýa taýdan eserini berkitjek bolýar. Oňa “direg” urýar. SSSR ýykyldy, bolşewikler garalandy indi senem eseriňde şoňa güýç bermeli – ine, şu düşünje ýaşulyny ýalňyşdyrýar. Bolan wakany “ösdürmän” bolşy ýaly ýazan bolsady, has güýçli bolardy. Ýogsa ýaşuly şöhrata, baýraga kowalaşýan adam däldi.
Gurbannazar Ezizowyň “Tabyt” hekaýasyny okamda haýran galdyran tarapy onda ýasamalyk ýokdy. Hiç bir ideologiýa gulluk etdirilmän, başardygyndan bolşy-bolşy ýaly ýazjak bolmak bildirip durdy. Eser ösdüriljegem” bolunanokdy. Emma “Keltegoňurda…” ýazyjynyň ýazyjydygyny bildiresi gelip durany bildirip dur-da. Bizde ýazyjymyň çeper beýan etmeli, ýazyjymyň gyzykly ýazmaly, hatda ýazyjymyň (eger häzirki zaman türkmen ýazyjysy bolsaň) “da”, “di” goşulmalaryň ýerine “ýar”, “ýär” goşulmalaryny ulanmaly.
Wakalary geçen zamanda däl-de, häzirki zamanda ýazmaly. Ýöne “Doganlar Karamazowlary” okaýarkaň ýazyjyň ýazan zadydygy ýadyňdan çykýar. Hamala biri başyndan geçirenlerini gylyny gymyldatman gürrüň berýän ýaly. Senem okaýarkaň olary görüp dursuň. “Di-dy”, “ýar-ýär” ýadyňa düşenok, çeper beýan edilişem kelläňe gelenok.
Ýok, Sapargeldi agaň ruhuny bimaza edesim gelenok. Eserini okanyma-da ökünemok. Diňe käbir zatlar üçin gynandym. Şol zatlaryňam indiki bir zatlar ýazjak bolýanlaryň ýazanlarynda bolmazlygyny isläp ýazasym geldi. Dogrusy, häzirä şol badymam gowşady.
Gaýta-gaýta öz-özüme “Sen kim?” diýýän. Men hiç kim, ýöne “Näme üçin ýazasym gelýär?” diýýän. Ýazyjylaryň ýazanlaryny okanymdan soň ýazmagyň, ýazylan zadyň güýjüniň, täsiriniň nähili güýçlidigini bilenem üçin ýazasym gelýär. Ýok ýazyjy bolmak üçin däl, at gazanyp meşhur bolmak üçinem däl, ýazasym gelýäni üçin ýazasym gelýär. Ilkinji hekaýamy ýazamda-da, häzirem meni diňe şu düşünje ýadyrýar. Çynym bilen ýazasym gelýär. Siziňem şu duýgy bilen ýazanyňyzy isleýän.
Ýokarda ýazanlarymy gaýtadan okap çykdym welin, birhili “Keltegoňur kyssasyny” “Doganlar Karamazowlar” bilen deňeşdirjek bolan ýaly bolaýdym. Baryny “delet” edip bozasym geldi. Ýöne her okyjynyň islendik powesti eline alanda gaty ýokary talap bilen eline alýandygyny nädip “delet” etjek. Belki, okyjy eseri okap bolandan soň, “Aý, ýogsa-da Tolstoýyň ýa-da Hemingueýiň ýazmandygy belli-dä” diýmegi mümkin. Bu-da bir ýakymly baha däl. Onuň bu deňeşdirmäni etmäge haky bar. Eger ýazyjy ýazmanka haýsydyr bir gowşak ýazyjynyň ýazan zadyny “ölçeg” edinse, “oduna köýen” okyjy bolýar.
Bir gezek ýanyma ýazýan dostlarymdan biri gelip “Proza ýazmaly däl. Bu gybat bolýar. Ahyretde hasap soralar” diýip jedele girdi. Men “Ilki başdan “hekaýa”, “powest” diýip goýamda ýazýanymyň ýalandygyny, bolan wakaň gönüden göni kagyza geçirilen görnüşi däldigini aýtdygym bolýar” diýip prozaň gybat däldigini düşündirjek bolupdym. Ýöne “hekaýa” ýa-da “powest” diýip başda ýazmagyň “Ýazýanym gowşakdyr” diýip öňünden “duýduryş” berdigiň bolmaýar. Ýazyja gowşak ýazmaga rugsat berilmeýär. Sapargeldi agaň powesti gowşak däl, ýöne näme üçindir gaty güýçli däl. Ýogsa gaty güýçli bolup biljek zat eken.

Çeşmesi: http://www.ekizler2.com/index.php?q=1&ac=blogs&id=254. 07.12.2022ý.
Bölümler: Edebi tankytlar, seljermeler | Görülen: 83 | Mowzugy paýlaşan: Bagabat | Teg: Hydyr Amangeldi | Рейтинг: 5.0/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 0
avatar

Старая форма входа
Total users: 203