12:09 Nätanyş / hekaýa | |
NÄTANYŞ Nirelerdir bir ýerlerde men, ýagny meniñ ejemiñ söwer ogly, aýlanyp ýör. Ötegçiler ony görýärler, oýlanýarlar: nätanyş! Ol nähili nätanyşmyş! Onuñ ruhy bireýýäm bedeni bilen birigip gitdi. Ol aýlanyp ýör, aýlanyp ýör, ýadanynam bilenok. Ol aýnalara-da garanok, geçip barýanlara-da tiñkesini dikenok, emma bar zady görýär. Onuñ gözleri özüne garşy gönügen, ol özüne bakýar. Ol ýalñyz, ol ýalñyz agaç ýaly, jaý ýaly, planeta ýaly, tebigatyñ ýalñyzlykda ýaradan bar zady ýaly – ýalñyz, ýöne ummasyz şäheriñ içinde ýitip giden däl. Ýok, onuñ entek jahylka gazanan, göreşip alan öz orny bar: pişiklije otagy, durmuşyñ syýyndan berk ýapyşýan, gijäniñ bir wagtyna çenli çyrasyny söndürmän oýlanýan otagy bar. Nirelerdir bir ýerlerde men – ejemiñ söwer ogly ygyp ýör. Ony görüp, ötüp-geçip barýanlar oý edýärler: nätanyş! Ol nähili nätanyşmyş?! © Akmyrat Şir | |
|
Ähli teswirler: 4 | |
| |