15:12 Nikanyň görnüşleri | |
NIKANYŇ GÖRNÜŞLERI Soňky döwürlerde käbir döwletlerde şertnamalaýyn nika hem barha giň gerime eýe bolýar. Munuň özi, nika arkaly goş birikdirýänleriň bardy-geldi aýrylyşmaly bolan halatynda maşgala emlägine kimiň nähili derejede eýe bolmalydygy hakyndaky şertnamadyr. Elbetde, adamlaryň baýlygynyň artmagy nikalaşmagyň kada-düzgünlerine şunuň ýaly täzelikleri girizýär. Şeýle-de, şertnamalaýyn nikada är-aýal bolup ýaşamagyň möhleti görkezilýär. Är-aýallar ol möhleti ylalaşsa ýene uzaldyp bilýärler ýa-da bellenen möhletde aýrylyşýarlar. Bu şertnamada görkezilendigi üçin hiç hili kynçylyk döretmeýär. «Raýat nikasy» diýlen düşünje-de köplere düşnükli bolsa gerek. Şeýle nikada är-aýal resmi taýdan nikalaşman, özara ylalaşyp, bilelikde ýaşaýarlar. «Raýat nikasy» bile ýaşaýanlaryň hiç birini hiç zada borçly etmeýär. Wagtyň geçmegi bilen olaryň köpüsi biri-birini sulhy alyp, resmi taýdan nikalaşýarlar. Käbir ýurtlarda köpaýallylyk nikasy hem saklanyp galypdyr. Elbetde, nikanyň dünýäde köp görnüşleri bar. Käbir ýurtlarda är-aýala ömürlik nika gyýýarlar. Resmi taýdan olara bütin ömründe aýrylyşmaga we başga birine öýlenmäge ýa-da äre barmaga rugsat berilmeýär. Her döwletde, jemgyýetde nika bolan özboluşly garaýşyň, düşünjäniň we dürli şertleriň bolmagy tebigydyr. Maşgala näçe berk bolsa, şol ýerde adamlar bagtlydyr, jemgyýet sagdyndyr. Nikanyň bozulmagy döwlete, maşgala maddy, ahlak taýdan uly zyýan ýetirýär. Ene-atanyň aýrylyşmagy, ilkinji nobatda, çagalaryň ruhy dünýäsine zarba urýar. Şeýle ýagdaýa düşen çagalar ataly ýa-da eneli ýetimdigi üçin her ädimde kemsinýärler, olaryň sustupes, egni gysyk, boýny buruk bolýarlar. Bagtly, şowly nika, agzybir maşgala barada, olary nädip gazanmak hakda köp asyrlar bäri adamlar dürli pikirleri öňe sürýärler. Bu babatda ençeme ylmy hem çeper kitaplar ýazyldy. Adam durmuşynda möhüm bolan özüňe taý tapmak, biri bilen maşgala gurmak, soňra agzybirlikde ýaşamak meselesi hiç haçan öz ähmiýetini ýitirmeýär. Emma bu barada ähli aýdylanlary, durmuş tejribesini jemläniňde: «Şowly nika – mynasyp adamy tapmak başarnygyndan-da has uly zatdyr, bu özüň hem şeýle adam bolmaga ukyply bolmakdyr» diýen sözler biygtyýar ýadyňa düşýär. Häzirki zamanda adamlar üçin okamaga, öwrenmäge, bilmäge köp mümkinçilikler bar. Dürli kitaplary, metgubat neşirleri giň okyjylar köpçüligi üçin elýeterli edilen. Şol sebäpli ähli ýaşlara, talyplara we uly ýaşly ildeşlerimize şowly nika, bagtly maşgala hakynda ýazylan kitaplary köpräk okamagy maslahat berilse ýerlikli bolar. Ähli zat üçin ilki bilmek, düşünmek möhümdir. Ynsan durmuşynda örän möhüm bolan agzybir, kämil maşgala gurmagyň, ony gorap saklamagyň ýollary, inçe syrlary hakynda näçe köp bilinse, şonça-da gowy bolar. Şowly nika agzybir maşgalanyň, agzybir maşgala bolsa, ösen, kämil jemgyýetiň sakasydyr. Çeşmesi: Artyknur Nohurow, Aşgabat Nohurow. Maşgala psihologiýasy. Ýokary okuw mekdepleri üçin okuw kitaby. Aşgabat, 2011. Alnan saýty: https://kitaphana.net/book/1361/read. 12.12.2022ý. | |
|
Ähli teswirler: 0 | |