Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

23:57
Noýabr

NOÝABR

Adam käte gözli kör bolýan ýaly,
Ýitirmek -- maňa has kyn bolýan ýaly,
Göwnüme aýralyk kän bolýan ýaly,
Sende nobaýr!

Menmi?
Hana türkmeniň bir gyzy dur!
Ýüregimde ýaryň çalan sazy dur,
Ýaralarmyň kesim-kesim yzy dur,
Tende noýabr!

Ýakan odum alawlap dur içimde,
Ýaşaryň siz, yşk meýinden içiň-de!
Diýilmese bolýar iliň içinde,
"Bende" noýabr!

Eňresem -- Eýämden özge duýanok,
Aý, ýyldyzlar meniň üçin doganok,
Duýgularym akyp ýatyr, duranok
Çende noýabr!

Yşkym däl, ýat-oýum kütelip barýar,
Derek ýaly boýum kiçelip barýar,
Aýtmaly zatlarym köpelip barýar,
Mende noýabr!

© Ogultäç ORAZTAGANOWA
Görülen: 133 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Ogultäç Oraztaganowa | Рейтинг: 3.7/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 2
avatar
0
1 Мango • 09:30, 02.11.2023
Ogultäç genje Noýabra içini döküp bilipdir.
ýa-da Noýabr gussasy bilen gelip Ogultäç genjäni joşduryp bilipdir.

haýsysy bolan bolsa-da gowy bolupdyr.
avatar
0
2 Pero • 10:27, 07.11.2023
Gowy goṣgy eken.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203