Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

02:29
Oklukirpi dilemmasy – sazlaşykly gatnaşyklaryň syry

OKLUKIRPI DILEMMASY – SAZLAŞYKLY GATNAŞYKLARYŇ SYRY

Adam gatnaşyklary barada 19-njy asyryň nemes filosofy Artur Şopenhauerde bir ajaýyp metafora bar. Oňa “Oklukirpileriň dilemmasy*” diýilýär.

(*DILEMMA – 1. log. üçünji ýagdaýyň bolmagyny aradan aýyrmak bilen, gapma-garşy goýlan iki sany çekişme delili; 2. mümkin bolan iki kararyň birini saýlap almagyň zerurlyk ýagdaýy)

Artur Şopenhaueriň “Oklukirpileriň dilemmasy” şeýle:

Howanyň sowuk günlerinde oklukirpi sürüsi doňup ölmezlik üçin, toparlanyşyp birek-birege gysmyljyramaga başlaýalar. Olar şeýdip özleriniň endamlaryndan çykýan ýylylyga ýylanyp, sowukdan goranýarlar. Birek-birege näçe ýakyn barsalar, şonça-da ýylylyk artýar. Ýöne, ýylanmasyna ýylanýalar welin, olaryň tikenleri biri-biriniň endamlaryna çümüp, ejir bermäge başlaýar. Hyýalyňyza getiriň, goňşy oklukirpiň ähli tikenleri saňa çümüp janyňy alyp barýar. Sen-ä ýylanmak üçin oňa ýakynlaşýaň, näçe ýakynlaşdygyňça-da tikenleri saňa çümýär. Agyrysyna çydaman oklukirpiler indi birek-birekden uzaklaşmaga başlaýarlar. Uzagam gidip bolanak, näçe uzaklaşdygyňça şonça-da sowuk doňduryp barýar. Sowuga çydamadyk oklukirpiler, ýene-de birek-birege ýakynlaşmaga başlaýarlar. Ýakynlaşsalar – tiken, uzaklaşsalar – doňduryjy sowuk. Olar şeýde-şeýde, ýakynlaşyp-uzaklaşyp belli bir araçägi sazlaýarlar we öz ýylylyklary bilen doňduryjy sowukdan goranýalar hemem tiken agyrysyny azaldýarlar.

Bu manyly hem owadan hekaýadan näme öwrenip bolar? Bize özara gatnaşyklarymyzda birek-birege syr ynanyşmak, öz içki dünýämizi açmak ýaly meseleler kyn gelýär. Sebäbi, edil oklukirpileň boluşy ýaly ýakyn baranymyzyň ýa-da ýakyn getirenimiziň “tikeni çümüp” bize ejir çekdirip bilýär. Ýöne, adam bar ýerinde gatnaşyk hem bar. “Tikeni çümýär” diýip gatnaşygy kesmek hem nädogry. Töweregimizdäkileriň kemçilikleri, bärden gaýtmalary bize ýalňyz, adamlardan üzňe ýaşamaga sebäp bolmaly däldir. Ýöne, bu başgalaryň “tikenine” çydap ýörmegi hem aňlatmaýar. Dogrusy, gatnaşyklarymyzda akyla laýyk çägi, serhedi kesgitläp bilmegimiz gerek. Şonda ýylylygy ile beribem bileris, ilden alybam.

“Taýagyň iki ujy bar” diýen türkmen pähimi birhili “Oklukirpileriň dilemmasyny” hem ýatladýar. Hiç haçan “taýagyň” ol ujuny ýa bu ujuny saýlamaly däl. Ýöne, taýagyň iki ujunyň birini saýlamaga mejbur galsak, onda gowulygy maksimuma, erbetligi minimuma düşürjek bolmaly.

“Oklukirpileriň dilemmasy” maşgala durmuşynda-da geçerlidir. Maşgala gurup durmuşa başlanlar ilki başda ýylylyk lezzetini duýsalaram, ýuwaş-ýuwaşdan lezzetiň ýany bilen ezýetem dadyp başlarlar. Şonda, birek-birekden uzaklaşmak çözgüt däl. Çözgüt – dogry gatnaşygy gurup bilmek, serhetleri kesgitlemek, durmuşyň ajysynyň-süýjüsiniň bardygyny kabul etmek we birek-birege çydamlylyk bilen ýola dowam etmek...

“Oklukirpileriň dilemmasy” dostluk gatnaşyklarynda-da geçerlidir. Hiç haçan, hiç kime (fanatik görnüşde) çendenaşa uly söýgi görkezmäň. Sebäbi, bir saý-sebäp bilen ol dostuňyz garaşmaýan hereket edip, bilip-bilmän “tikenini çümdiräýse”, siz ondan gaty göwnüňiz geçer, ýüregiňiz bitmejek ýaralanar. Eger-de gatnaşygyňyz çendenaşa däl-de akylly-başly çen bilen gurulan bolsa, onda “çümdirilen tikenleriň” ezýeti beýle ýiti bolmazdy. Gatnaşyklary sazlap-dikeltmegem ýeňil bolardy. Fanatik baglylygyň, fanatik ýigrenje öwrülmek howpuny unutmaň.

Umuman, “Oklukirpileriň dilemmasyndan” öwrenere zat kän...

© MANGO
01.09.2023
Bölümler: Psihologiýa | Görülen: 210 | Mowzugy paýlaşan: Мango | Teg: mango | Рейтинг: 4.5/4
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 9
avatar
0
1 Мango • 14:22, 01.09.2023
biri hüňürdedi (poçtama):
"ilki özi oklykirpikä adam nädip ýazybilýäkä by zatlary?! Häpberekella-ra indi diýdik".

:-) oklukirpi diýip ýa maňa diýýär, ýa-da Artur Şopenhauere diýýär...
belki-de ikimize-de diýýär.
aslynda-ha hemmämiz oklukirpi.
mesele, tikenimiz birek-birege bimaza etmez ýaly расстояние saklamagy başarmaly.
minnetdar :-)
avatar
0
2 Medicall • 21:42, 17.09.2023
Muña görä ýaşajak bolsañ bolmaly.(ýakynlañ, hossarlañ babatda) doñýüregiräk, duýgusyz ýaşamaly.muña görä ähli zatda birinji ýüregiñ çalajan bolmaly.
Beýdişip tikeniñi çümdirip ýöräniñden-a gowusy asla ýylynmazlyk!

Umuman-a hiç neneñ däl daşyñdan ýarym ýalta tanaýanlar, biler-bilmez awusyny pürkýänler üçin öwrenibermeli, endige öwüribermeli häsiýet, islendik wagty tikeniñi çümdirmeli, islendik wagtam ýylynmaly, mbahh, şu häsiýeti öz häsiýetiñe öwrüp, endik, edinip bilseñ öziñ-a hiç ynjamarsyñ, sebãbi duýgy ýok janyñ nädip ynjasyn? diñe bir gatnaşykda duýgy däl, ähli zada-da duýgy bolýar-da adamda.
Aýdaly: goñşuçylyk duýgusy - goñşyñ bilen aslynda-da "oklykirpiñ dilemmasyny saklanýar" , hiç kimem goñşusyna edil ene bilen perzent ýaly bolýan-a däldir? Onda-da olar ynjaşsa has erbet ynjaşyar ekenler.

Ýa bolmasa bir işdeşiñ. Kärdeş bilenem Kärdeşiñ arasynda-da kärdeşlik duýgusy. Bularam "oklukirpiñ dilemmasynda" gatnaşyk saklaýar aslynda, emma ynjasa agyr ynjaýarlar. Sebäbi duýgusyzy ynjamaz, ýene duýguçyl ynjar.
avatar
0
3 Medicall • 22:16, 17.09.2023
Tüweleme, şol poçtañyza pikirini oklaýan wii, hüññürdeýän gowy okyjy bolmaly, pikirini saýta, agza bolup açyk ýazyberende-de erbetlik etdigi bolmazdy, ýa bizden çekinip ýatymyka.)
avatar
0
4 Medicall • 23:08, 17.09.2023
Ynsan gowy bolsun erbet bolsun edýan haýsydyr bir işini (mejbury edilmeliden başga ähli edýanini) nähilidir bir duýgyny syzyp edýar-da, tiken batyrmak üçin däl, şol duygy bolmasa ynsan haýyr-sahawat etmägede ymtylmaz. Edýan işinden bolmanda biriniñ hoşlanýanyny duymasa, gaýta awunýanyny bilse ol işden ýüz dönderenini kem görmez.
Özem oklykirpileñ dilemmasyna eýerýänem bolsa nähilem bolsa ynjar.

Ýöne nähili bolsa-da şu tema meñ mañzyma batmady, halapbarmadym, sebäbi hiç kimem hiç kime beýle ýakyn barjak bolupbatan däldir-laý,("hiç kimem hiç kimden at, düýe hantama däldir" diýişleri ýaly)
her gatnaşykda çäk bardyr, eger ol ýöne fanatiklik bolsa beýle agyram düşmez, ýöne fanatikligiñ daşyndan ýene "söýgi" diýen biderek duygy bolsa bilmedim...

beýle ýakyn baryljak diñe çagañdyr, maşgalañdyr, hossarlañdyr, olaryñam ýylysyna çoýunsak tikenine-de çydamaly ýerinde çydamaly bolarys. Olañam ýylysy-da, tikeni-de öz terbiýämize, tebigatymyza baglydyr
avatar
0
5 Pero • 14:49, 19.09.2023
Maña bolsa aýaldogan bu tema ýarady. Sebäbi ṣeýle ýagdaÿy durmuṣda köpimiz baṣdan geçirendiris,ýene-de geçireris. Özüñ gowy bolsañ hemme gowy diýýäs-de "gyzyldan gymmatly aralygy" böwüsýäs. Gadagan zona geçýäs ýa da geçirýäs. Günlerde bir günem agyr ýaralanýas. Görüp otyrsak garṣymyzdakam hemmäni özüne osup "Özüñ ýaman bolsañ hemme ýaman" edýän eken-de arkadan pyçaklaýýan eken. Biz tetellilerem añkawdyrysda,her gezek bile bile ṣol bir ýalñyṣlygy gaýtalap ýaralanyp ýörüs:)
avatar
1
6 Medicall • 16:37, 19.09.2023
aslynda esasy wezipe hiç kime gysmyljyraman ýaşamakda! Şony başarsañ deñagramlylygyñ özüñem saklanyp durar, bu dilemma geregem bolmaz.

ýöne maňa näme üçindir araçägi saklamak mydama ýarasa-da şu tema ýaramady, sebäp diýseň, iki sany hiç wagt pikir alyşyp görmedik, hiç wagt bir-birinden "ýylylyk" duýmadyk, işleşip görmedik adamlar, pikir alyşyp, "ýylylyk tapan" bile işleşen adamlardan beter bir birini dalap, oklukirpiň dikeninden beter ýaralap bilýärler bir-birini,(şaýat boldum şoňa birnäçe gezek) içlerinden çykmaz derejede erbet söz diýişip nahilem bolsa bir birini ýaralap bilýärler, emma ýakyn gatnaşykda bolan adamlar nätselerem bir-birini ynjytmajak bolaýandyrlar, her edip hesip edip düşünişjek bolýandyrlar, arada ýönekeý iş bilen bagly, ýönekeý dostana gatnaşyk, ýa-da çyn dostlukly gatnaşyk bolanlar şeýledir özem iñ soñy düşünişýändirler, beter düşünişip bilmeselerem, seň ýoluň başga meň ýolum başga diýmegi başarar-da beýle bir göwne degişmäni öz ýollary bien gider hersi. Emma arada dostlukdan, ýa-da işdeşlikden başga duýgy bar adamlar bolsa bilmedim, beter agyr, "tiken' şolara sanjylýan bolaýmasa? Ine şol ýeriniñ dogry däl bolup görünyani göwnüme jaý bolmady,
umuman nämesi ýaramadygyny doly düşündirip bilmedik bolmagym mümkin ýene-de, ))
avatar
0
7 Myhman1185 • 12:56, 10.10.2023
Ajaýyp
avatar
0
8 Ýaran_Ýagmyr_99 • 15:22, 31.12.2023
Türkmenlerde seniň tikeniň çümüp başlandygyny şeýle duýdurýarlar: "Kän öwrenişme maňa!"

Bu ýerde ähli adamlar şu iki dilemmanyň arasynda ýaşaýan ýaly edilip görkezilipdir.
Emma gadymdan gelýän bu tymsaly hut Artur Şopengauýer ilkinji gezek galama alan bolsa, onuň özüniň muny şeýle kabul etmejegi belli. Ol - A. Şopengauýer ahyry! Ol özüni hem, özi ýaly içki azatlygyny hemme zatdan ýokary goýýan, adamlaryň ýylysyna mätäç bolmadyk beýleki ruhy taýdan самодостаточный adamlary hem bu dilemma degişli etmeýär.

"Görgüli adamjyklar! Hem biri-biriniň ýylysyna zar bolup, hem biri-birine syhlaryny sokup ýaşap ýörler. Kämil şahsyýetler beýle bolmaýarlar" diýýär.

Meniň pikirimçe, eger şuny goşmajak bolsaň, onda muny ýöne tymsal hökmünde aýdaýmaly.
Ýöne eger Şopengaueriň adyny getirdiňmi, onuň garaýşyny hem ýazmaly.

Ýogsam maňa garasöýmez mizantrop Şopengauýeriň hüwi pisintli gazaply keşbi görnüp giden ýaly boldy:

"Men kirpi diýip hemme adama aýdamok! Iň bolmanda men-ä kirpi däl! Kirpi dilemmasy şahsen maňa degişli däl! Ol siz hakda! Hem gysmyljyrap, hem öýkeläp ýaşaýanlar sizsiňiz, zawallylar! Men bolsam erkin filosof!"
avatar
0
9 Мango • 15:52, 25.06.2024
ençeme aý soň ýene okap gördüm....
esasanam şu ýerlerini:
"Hiç haçan, hiç kime (fanatik görnüşde) çendenaşa uly söýgi görkezmäň. Sebäbi, bir saý-sebäp bilen ol dostuňyz garaşmaýan hereket edip, bilip-bilmän “tikenini çümdiräýse”, siz ondan gaty göwnüňiz geçer, ýüregiňiz bitmejek ýaralanar. "

...garaşylmaýan hereket edip,
tikenimizi çümdüräýdik öýdýän...
gynanşşyl...
avatar

Старая форма входа
Total users: 203