Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

23:35
Ökünerin men...
ÖKÜNERIN MEN...

Yşkymyň nyrhy ýok -- gymmat bahaly,
Ondan gözbaş aldy ömrüň nahaly,
Aýralyk bagrymy dilen mahaly,
Baglaň ýapragy deý dökülerin men,
Seni söýenime ökünerin men.

Ne ykbal eçildiň, eý pelek, pelek?
Gaýmasyn howada -- däl bolsa ýelek!
Aýap saklanmasa berilen ýürek,
Namysymdan iki bükülerin men,
Seni söýenime ökünerin men.

Ne bor, aşyk ýersiz ýere öwünse?
Göterip başarjak azdyr öwülse,
Çat açan aýna deý, göwnüm döwülse,
Ahmyr bilen yza çekilerin men,
Seni söýenime ökünerin men.

Gözleriňde yşky tapmadyk günüm,
Sözleriňde yşky tapmadyk günüm,
Gökde ýyldyrym deý çakmadyk günüm,
Onki süňňüm içre sökülerin men,
Seni söýenime ökünerin men.

Ýörmäýin men indi bagrymy dilip,
Köşeşäýdi ýaly ýagyşam diňip,
"Meni ejirlerden halas et!" diýip,
Yşkyň hudaýyna çokunaryn men.
Seni söýenime ökünerin men.

26.11.2023

© Ogultäç ORAZTAGANOWA
Bölümler: Goşgular | Görülen: 196 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Ogultäç Oraztaganowa | Рейтинг: 4.2/5
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 8
avatar
0
1 Мango • 01:18, 27.11.2023
"Yşkyň hudaýyna çokunaryn men" - NO, NO, NO...
avatar
0
2 Sylapberdi • 01:47, 27.11.2023
Howwa wapşeta orslardamy yewropadamy Богиния любви diýip bar gerek. Ýöne edil şu goşguda bilemzok-da, bolupmy bolmanmy?!
avatar
0
3 Sylapberdi • 01:48, 27.11.2023
Ne ykbal eçildiň, eý pelek, pelek?
Şu setirdaki iki gaýtalanýan pelek setiriñ owazyny budredýar.
avatar
0
4 Sylapberdi • 01:52, 27.11.2023
Bu setirlere hem düşünmedim;
Ne bor, aşyk ýersiz ýere öwünse?
Göterip başarjak azdyr öwülse,
Aslynda aşyk näme diýip öwünmeli. Men seni gaty belent söýýän ýa-da men söýgä cerezcur wepaly dagy diýipmi? (Başga zat kelläde gelenok).
Soñam;
Göterip başarjak azdyr öwülse.
Bu setirem ýokarka stykowka edip bilmedim.
avatar
0
5 Medicall • 01:58, 27.11.2023
Ökünmäñ:), Karkaraejeke, gyzgynlygy bilen bize ugradýanyñyz üçin minnetdar! Ylhamyñyz egsilmesin!
avatar
0
6 Medicall • 02:03, 27.11.2023
Şahyryñ bir özi bilse bolýandyr-a oñ näme diýip öwünýänin, bilensoñam diýändir: "Göterinip biljek azdyr öwülse" şonuñ üçinem düşünen dälsiñiz...
avatar
0
7 Kyyas • 10:23, 27.11.2023
Yşkyñ hudaýy ejirden halas etmeli. Ýagny, yşka düşüp ejir cekýän şol derdi yzyna almagy üçin çokunmalyda.
avatar
0
8 Sylapberdi • 13:26, 27.11.2023
Şahyryñ bir özi bilse, bolarmyka? Biz-okyjylar çaklamaly bolarysmy
avatar

Старая форма входа
Total users: 203