Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

00:33
Örküç, belki, ganatdyr

ÖRKÜÇ, BELKI, GANATDYR

Oýa batyp otyrkam, gowur turzup, oýlarymyň arasynda Ependi peýda boldy: «Adamlar, düýä ganat bitmedigine şükür ediň-how! Ganat biten bolsa, ol öýümiziň üstüne gonardy-da, ýumrardy». Ependiniň bu jar çekmesi toýa tarap süýşüp gaýdan märeke ýaly bolup, düýe (ýa-da guş) sürüsi ýaly pikirleriň, bolan-u-bolmajak oýlaryň herekete gelmegine iterdi...

Bu hekaýaty ilkinji gezek okanymda tamymyzyň üstündäki gögerçinlere derek düýämizi göz öňüne getiripdim. Onuň pelpelläp uçagetdän, şol ýere gonmagyna diňe gazygyna berk örklenendigi päsgel berýän ýaly bolupdy göwnüme. Indi welin oňa ýerden aýagyny üzmäge päsgel berýän baglaryň bütinleý başga-başga zatlardygy oýlandyrýar.

Bir ýyla golaý öň dinozawrlar barada bir çelpek ýalyja kitaby terjime edipdim. Diňe kagyza däl-de, aňyma-da türkmençe bolup ornan şol kitabyň ganatlary ýada salýan sahypalary agdarylyp, ganatly düýä meňzeş jandar janlandy hyýalymda. Bu häzirki düýeleriň eždatlaryndan bolaýmasyn?! Şeýle bolsa, onuň ganatlaryny gyran ýa-da örküje öwren zat nämekä?

Öňümde açyk duran kompýutere seredip oturyşyma «Özümi gyzyklandyrýan sowaly internete berip göreýinle» diýen pikir kelläme geldi. «Näme üçin düýäniň ganaty ýok?» diýen sowala jogap agtardym. Bir hekaýajyk çykdy. Öň düýäniň ganaty bolanmyş, emma men-menligi sebäpli, perişdeleriň arz etmegi bilen, Gudraty Güýçli tarapyndan ol ganatdan mahrum edilipdirmişin... Aý, bu erteki-hä tutaşyp barýan oýlarymy kiparlatmady. Düýe küje, men-menlik küje?!

Umuman, bu oýlar, pikirler düýe barada hem däl bolaýmasyn?! Aslynda, bu oýlaryň gözbaşy nämedi? Şu nokadyň (ýa-da sorag belgisiniň) ters yzyny çalyp gidibersem, ol belli bolar. Ependi aňymda peýda bolmanka men nämäniň pikirini edip otyrdym? Arzuw edýärdim ahbetin. Gerşimde örküjiň däl-de, ganatyň bolmagyny... Muňa sebäp bolsa her saba üçegimiziň üstünde ganatlaryny çapak çaldyryp uçýan gögerçinler bolupdy. Şolaryňky ýaly ganatyň bolmasa-da, sahypalary şol ganatlary ýatladyp duran kitap ýazyp bolsady. Bolsady ekmekden adama zelel gelmese gerek. Näme üçindir harajat talap etmeýän bolsa-da, biliňe agram bermese-de, men bu meselede özümi çarçuwa salýarkam?! Kitap bilen guşuň arasynda näme baglanyşyk barka diýip geňirgenmegiňiz hem mümkin. Internetde gören bir suratym bilen bagly bolsa-da bilmedim, meniň üçin-ä bu ikisiniň arasynda berk baglanyşyk bar. Ol surat: sahypalary guşlara öwrülip, uçup gidýän kitap (Kyýamat golaý gelende Mukaddes Kitapdan hem hatlar uçmaly diýýärler ahyry)! Onsoňam, näme, baglanyşdyrsaň, baglanyşar duruberer-dä...

Sözümiziň başyndaky Ependi düýä ganat bitmänine şükür edipdi. Baglanyşyp-baglanyşmazlyga dahylly gürrüň bilen bagly şu wagt näme ýadyma düşýär diýseňizläň. Ependi ýaly başga-da bir zada şükür edýän bir kişi ýadyma düşýär: Ýarym asyr töweregi mundan ozal ýokary okuw mekdebinde okaýan bir talyp, özüni alada goýýan synagy tabşyransoň kakasyna: «Hudaýa şükür, ateizmdenem bäşlik aldym!» diýip hat ýazypdyr. Pikirler käte şeýleräk ýol bilen hem baglanyşaýýar-da.

Ýene-de Ependiden ozalky pursada dolanaýyn. Hawa, şol pursat men arzuw edýärdim. Gowy kitap ýazmagy hyýalymda besleýärdim. Islendik ýetilen dereje, amala aşyrylan iş owalbaşda arzuw bolupdyr ahbetin. Meselem, ussat ýazyjy, goja dostum Sapargeldi Annasähet Iner ogly başga bir ussat ýazyjynyň arzuwyny bir jümlede şeýle beýan edipdi: «Hydyr Derýaýew: «Ykbaly» bäbegini emdirip oturan gelinleriň hem elinden düşürmän okamagyny arzuw edýärin...» diýipdi». Belli bir derejede bu şeýle-de bolupdy ahyry. Biziň Şor obamyzda hemişe «Ykbaldan» söz açyp, mysallar getirýändigi üçin, Ykbal lakamy berlen adam hem bolupdyr...

Ýöne arzuwyň amala aşyp, «ykbally» bolmak üçin janyňa dözmeli. Ine, şu meselede hem ejiz geläýýäris öýdýän. Aram-aram «Adam arzuwsyz bolmaz, guş – ganatsyz» diýip, özüme göwünlik hem berýärdim. Indi welin hereket bolmasa, bu nakylyň güýjüni gaçyrýandygyna akylym çatýar. Hereketsiz halda ol «Düýe örküçsiz bolmaz» diýen ýalyrak ýaňlanýar. Herekete getirilmän, soňa goýlan arzuw, şo-ol köne tymsaldaky ýaly garrap, lagşap gidýän bolmaly-da...

Ýaş, ter, nur saçyp duran Arzuw adamyň ýanyna gelipdir-de, haýyş bilen ýüzlenipdir:
– Meni durmuşa geçirsene, hasyl etsene!
– Entek wagty gelenok. Men beýle Arzuw üçin juda ýaş – diýip, adam jogap gaýtarypdyr.
Esli wagt geçenden soňra Arzuw ýene-de oňa ýüz tutupdyr:
– Indi sen uly adam, meni amala aşyrsana, haýyş edýän!
Adam başyny ýaýkapdyr-da:
– Şindi ir, ilki bir ymykly aýaga galyp, özüňi tutmak gerek – diýip jogap beripdir.
Wagt geçip, adam ymykly özüni tutanyndan soň, Arzuw ony ýene gyssapdyr:
– Ýeri, wagty geldimi?
– Ýok, entek laýyk wagty gelenok, çagalary aýaga galdyrmak gerek öňünçä, soňra görübereris – diýip, adam ýene soňa goýupdyr.
– Belki, indi wagty gelendir? – diýip, Arzuw onuň körpe gyzynyň durmuş toýunda sorapdyr.
– Ýok, ýok, ýok, heniz ir, derdim başymdan agdyk, çagalar, agtyklar... soňa goýaýaly-la şu gürrüňi – diýip, adam ýene garşy çykypdyr.
– Ýeri, bolýar-da, soň bolsa, soň eken-dä – diýip, Arzuw uludan dem alypdyr. Ine, bir gün ýaňky adam pensiýa çykypdyr, şonda onuň ýadyna şol Arzuw düşüpdir.
– Eý, Arzuw, niredesiň? Ine, indi wagty geldi seni wysal eýlemegiň, gel hany!
Reňki öçüşip, lagşap, sandan galan, garrap giden Arzuw zoraýakdan dillenipdir:
– Indi giç, indi giç!

Belki, bu ýazgylarym hem garrap, sandan galan arzuwyň soňky sedasydyr. Ähtimal, ol hereketsiz halda örküje öwrülip giden ganatdyr. Bu ýazgyny okap, kimdir biriniň: «Şuňa ganat bitmänine şükür!» diýmegi hem mümkindir. Ýöne siz bir synanyşyň, örküç, belki, ganatdyr!

© Orazmyrat MYRADOW
“Örküç, belki, ganatdyr” kitabyndan.
Bölümler: Edebi makalalar | Görülen: 126 | Mowzugy paýlaşan: Мango | Teg: Orazmyrat Myradow | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 2
avatar
0
1 Gerceknazar2941 • 06:00, 12.04.2023
Gowy makala eken. Başy gülkilije,soňy manyly we täsirli. @Mango senem kitap ýazmagy arzuw edýäň öýdýän. Menem "Goşgyly bir kitap ýazyp bilsedim" diýip içimden gaýtalap ýörün. "Örküç,belki,ganatdyr" Inşalla menem gowja kitap ýazyp bilerin.
avatar
0
2 Medicall • 06:25, 12.04.2023
Gerçeknazar, bir zat aýdaýyn-la menden soramasañam: Mangoñ õzi kitap :)
avatar

Старая форма входа
Total users: 203