Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

22:06
Şirinjemal Ýegelekowadan goşgular

EDA BILEN...

Eda bilen ýöräp gelýäň diýýärsiň,
Diýýäň, ýere degenok-la dabanyň.
Gara ýer injikden aslyşýar, nätjek,
Üstümde-de asman dur-a abanyp.
Ýene penjireden synlapsyň meni,
Diýýäň, her ädimiň oýlanyp basýaň.
Nätjek, ýogsa, tebil tapjak gara ýer,
hem depämden süýşüp gitjek gök asman.

Tüweleý

Aýagyny ýerden hiç üzüp bilenok,
Tüweleý başyny asmana diräp.
Ýeriň ähli tozan-totuny toplap,
Tüweleý, jogap ber, barýarsyň niräk?

Başyňy asmana tutsaň-da uzap,
Barybir, ykbaldan gaçyp bilmersiň.
Gujagyňy dolduryp hapa-hupadan,
Sen hiç wagt, hiç wagt uçup bilmersiň.

Umyt

Uzak gije ýagyş ýagdy daşarda,
Şabyrdap, şabyrdap sesi ýatmady.
Bulutlaryň Ýere ýollan habary,
Asman-Zemin arasynda gatnady.

Gije ýuwaş-ýuwaş yzyna teser,
Günem säher bilen dogar ýalbyrap.
Ol hökman umydyň tohumyn seper,
Uzak gije ýagyş ezen kalbyma.

Geñ göremok

Geň göremok biri göwnüme degse,
Göwnüm göterse-de, duramok geňläp.
Ýa özüm üýtgämok, ýa iller hil-hil,
Eliňde bäş sany barmagyň deň däl.

Biparh bolupdyryn ähli zada men,
Ýagşynyň-ýamanyň deňläp ölçegin.
Jak-jaklap gülenim ýada düşenok,
hem duranym, gözlem ýaşdan öljerip.

Ot ýakdym...

Ot ýakdym közi galdy,
Suw sepdim köli galdy.
Köne keçe tüýdülip,
Bir penje göli galdy.

Kölüne eňek basyp,
Gulak saldym tüýdüge.
Depämde ala asman,
Ýerde keçe tüýdülen...

Göwün açarym

Darak kakyp görmedim,
Tamdyr ýakyp görmedim.
Bedew atyň toýnagyna,
Nalyn kakyp görmedim.

Düşegim köz dek haly,
Tamdyr nanly saçagym.
Bedew atyň şemaly,
Tapýar göwnüň açaryn.

© Şirinjemal ÝEGELEKOWA
Bölümler: Goşgular | Görülen: 102 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Şirinjemal Ýegelekowa | Рейтинг: 3.7/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 3
avatar
0
1 sussupessimist • 09:22, 19.01.2024
adyny düzetmeli
avatar
0
2 Kyyas • 10:06, 19.01.2024
Şu gyzyñam goşgulary gowy,

Berekella!
avatar
0
3 Lacrymosa • 17:41, 21.01.2024
Bu goşgularyň goýulanyna üç gün bolupdyr, men bolsa şu gün okadym. Şeýle haryka goşgular goýlup, sen --- Hudaýýokdurmadygam şu gün okaýan bolsaň, Shame, Laçhka, shame!
Janyň sag, ömrüň uzak, paýhasyň dury, zehiniň ýiti, sözüň ötgür bolsun, Şirinjemal hanym! Okaman geçseň, müýnürgedýän, okamadygyňa utandyrýan, adamyň ynsabyny gozgap bilýän, duran duýgy bolup duran goşgularyň üçin sag bol! Ýazyp, ýetirip dur! Size ullakan MAŞALLA!
P.S. adamyň ynsabyny gozgap bilýän diýildigi --- goşgularyň sagdyn pikirlidigini, şirin duýgulydygyny, sowatlydygyny aýtman, olaryň ajaýyp goşgulardygyny ykrar etmän bolmaýar diýildigidir
avatar

Старая форма входа
Total users: 203