01:53 «Öýlerde bir-birden sönensoň yşyk...» | |
*** Öýlerde bir-birden sönensoň yşyk, Älem galyp onuň ygtyýaryna, Gör, bir aşyk gara gijä dyrmaşyp Ýyldyz kakyp berýär söwer ýaryna. Men hem bu gijäniň muşdagy, bilseň, Akmaýanyň süýdün paýlaber, Saky! Adam ömri çäkli däldir, söýülseň Bir gijede ýaşap bolýandyr baky. Ýok, özüm çekmedim beýle bijäni. Aýdanym meňzemez gury bir söze. Müň ýyldan synlaýyň gara gijäni, Ýoklugymy asla bildirmez size... © Orazgylyç ÇARYÝEW | |
|
Ähli teswirler: 3 | |
| |