11:01 Özbekleriň ýurduna syýahat | |
ÖZBEKLERIŇ ÝURDUNA SYÝAHAT Registan (agşam) _________________________ Nesibämiz çekip özbekleň ýurduna gitdik, Ylýas bilen, gezelenje. Buhara, Taşkent, Samarkand şäherlerinde bolduk. Buharada diňe Nagyşbendä zyýarat edip bildik hem şo ýerde juma namazyny okadyk. Ýolda bizi haýran galdyran zat — diňe halaýan häsiýetlerimizdäki adamlar ýoldaş boldy. Halamadyk, keýpimizi gaçyran hiç zat bolmady. Aslynda menem, Ylýasam 1976–77 ýyllarda Taşkende iki gezek gelip görüpdik. Men TW-de işlämsoň iki aýlyk kurs powyşeniýä iki gezek ugradypdylar. Şol ýyllar men özbek maşgalalarynyň hemmesiniň Taşkentde ýewropa biçüwli eşige doly geçendikleri hem ýüzlerine reňk çalýandyklary bolupdy. O ýyllar Aşgabatda ýüzüňe reňk çalmak däl, başy ýaglyksyz aýal-gyzy görüp bolanokdy. Indi meni bu ýagdaý geň galdyrmady, sebäbi Aşgabatdakylaram bu meselede taşkentlileriň yzyndan ýetiberdiler. Diňe etekleri gysgaldylmadyk diýäýmeseň. Ýaşkam muňa uly hadysa ýaly seredýärdim. Indi daş sypatyň, eşigiň möhüm däl, esasy içki dünýäň, içki haýaň bolsun diýen düşünje bilen seredýän. Bilmedim, bu dogrumy ýa-da alaçsyzlykdan özüňi köşeşdirmemi? Taşkentde özümi köne Aşgabatdaky ýaly duýdum. Aslynda Özbegistan gözüme Türkiýe ýa-da Malaziýa ýalydaşary ýurt bolup görünmedi. Rus dilini köp kişi, ýaşlaram normal derejede bilýär. Ruslar köp. Syýahatçy ruslaram, ýaşap ýören ruslaram gaty kän eken. Bu meselede Türkmenistan deňeşdirer ýalam däl. Asla syýahatçy dünýäň ähli ýerinden köp gelýän eken. Şonuň üçin, söwda gaty ösüpdir. Bazarlarynda adyny tutan zadyň barmyka diýdim, ýöne şonda-da gawun gyrar ýaly gyrgyja duş gelmedim, dogrusy iş edinip gözlemedimem welin. Indi aklymy haýran eden zatlar barada. Özbegistanda gaty köp taryhy ýadygärlikler, welileriň ýatan ýerleri — öwlüýäler kän eken. Hasam Samarkand, hasam Ulugbegiň awserwatoriýasy haýran galdyrdy. Ulugbegiň beýik alymdygyny öňem az-owlak bilýädim, ýöne bilişimden kän-kän beýik eken. Şeýle ýönekeýje usullar, gurallar bilen şeýle uly açyşlary etmek, häzirki döwürde, ylymyň, enjamlaryň ösen döwründe-de olaryň ýalňyşsydygyna ynanar ýaly däl. 128 ýyldyzyň (sany ýalňyşýan bolsam düzedeweriň) ýerleşýän ýerini ýerden daşlygyny we ş.m. hasaplamalary şeýle takyk çykaryňdyr. Ýyl, gün, aý, sagat, minut bularam üstüne. Ol adama diňe Hudaý beren diýäýmeseň başga düşündiriş ýok. Şeýle adamyňam şehit edilmegi gaty gynandyrdy. Fanatlar ony Hudaý boljak bolýar diýip öldüripdirler, özem hem alym hem soltan döwründe. Elbet, bolmalysydyr, şeýle üýtgeşik adam şehitlik mertebesine-de ýetmelidir-dä. Ymam Buharyň, Maturidiň, Nagyşbendiň öwlüýäleri şeýle seni arassalaýar. Temirleňiň mowzaleýine-de bardyk. Gaty gowy taryhy ýer, muzeý eksponatlary, güýçli täsir edýär. Ýöne näme üçindir o ýeriň her kerpiji gerşimden basdy durdy. Bu ýadygärlikleri suratlandyryp, aýdyp gutarar ýaly däl. Gitmediklere gitmegi maslahat berýän. Täsin ýerler. Nagyşbendi hezretleriniň ýatan ýeri _________________________ Nagyşbendi hezretleriniň mesjidi _________________________ Hawa özbek palawynam iýdik. Umuman özbek naharlary gaty tagamly. Göwnüme bolmasa özbeklerem nahary gaty gowy görýän ýaly göründi. Gybat bolmasyn, ýöne ýognas adamlara köp duş geldik. Elbetde süýji tagamlar iýýän adamlaryň arasynda ýognaslarynyň bolmagy tebigy zat. © Hydyr AMANGELDI Çeşme: https://medium.com/@h.aman....a54b173 | |
|
Ähli teswirler: 6 | |
| |