Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

14:48
Özüňden gözle
ÖZÜŇDEN GÖZLE

Eger söýgiň köýen bolsa elenme,
Gam-gussa-da senden alysda galsyn.
Oýlanyp gör, dostum, ýeri gelende,
Belkem, sen söýgiňe mynasyp dälsiň.

Düýn Leýli deý söýen bolsa ol eger
Gyzlyk ejabynyň çäginden geçip,
Niçik bu gün öz bagtyny terk eder,
Söýgüsinden geçip
Hem senden geçip.

Biwepa saýma sen,
saýma bigäne,
Ýazgarma, belkem, ol seni tanandyr.
Söýgüsne degmäniň üçin biçäre
Gijeler ah çekip ýalňyz ýanýandyr.

Ýagşylary söýmän bilmeýär gyzlar,
Olarda günä ýok söýgüden özge.
Düýn söýen gyz
bu gün seni ýigrense,
Onüň sebäbini özüňden gözle!
Bölümler: Goşgular | Görülen: 80 | Mowzugy paýlaşan: Bagabat | Teg: Nobatguly Rejebow | Рейтинг: 4.0/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 5
avatar
1
1 Мango • 17:15, 20.02.2023
bäh. mark şagal daýyň bu suratyndaky ýaşyl ýüzli gözel edil türkmene meňzeýän ekenaý. köýneginden şeýle görünýämikä?
şu pisint suratlary halaýan (goý, meni akademist-klassikçiler bagyşlasyn.)
hä... bu aýdanlam surat baradadyr.
goşga bolsa söz ýok.
avatar
1
2 Мango • 00:19, 21.02.2023
Düýn söýen gyz
bu gün seni ýigrense,
Onüň sebäbini özüňden gözle!

kyn-da şo, sebäbi özüňden gözlemek, Nobatguly däde.
Adam atadanam "kim iýdi gadagan miwäni?" diýip soranda Adam atamyz gyssanjyna, ýa gorkusyna, ýa sebäbini özünden gözlemänjik:
- How ene iý diýdi. men günäkär däl...-diýýenmişin.
ähli günäni How enä atýamyş.
avatar
1
3 Medicall • 06:48, 21.02.2023
Nobatguly aga ýaşka ýazan bolmaly bu goşgyny, az-maz bärden gaýdan ýaly, ýagny Nobatgulyçalanmadyk ýaly bu goşgy
avatar
1
4 Medicall • 06:50, 21.02.2023
Surota görä aýtsañ goşgydaky-da saýry gyz bolyomy)
avatar
0
5 Bagabat • 08:11, 21.02.2023
Rene Dekart: "Cogito ergo sum" (Oýlanýan, diýmek men bar) diýýär.
Gürleşmegem oýlanmagyň esasy ýüze çykmalarynyň biri.
Bir ýerden okapdym (ýöne nirdendigi ýadyma düşenok) - "Hakyky şahyrlar ölmeýär" diýip.
Nobatguly aga ýogalanam bolsa okyjylar onuň bilen ol diri ýaly "gürleşmegini" dowam edýär.
Diýmek Nobatguly aga "ölmändir", ol diri.
Diýmek Nobatguly aga - hakyky şahyr.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203