Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

19:29
Polat Garryýew"Ýagty gün"2014
Polat Garryýewiň pikirini okamak örän çetin. Esasan hem başy höwürtgeli işi hakda dogry zat atmak kyn. Eserdäki şahsyýet suratkeşiň öz awtoportreti. Başyndaky guş, höwürtge hem ýumurtga ählisi nyşan. "Är başy gowgaly bolarmyş" diýleni. Olaryň ählisi mümkin öz maşgalasydyr. Höwürtge öý ojak manysy bolsa, guşyň şekili maňlaýyna gonan bagt guşy öz maşgalasydyr. Ýumurtga bolsa perzentleri diýse bolar. Eserdäki ýaly başyň dik bolsa, maňlaýyna bagt guşy gonsa, höwürtgäň sypaly ýaly jebis öý-ojagyň bolsa, içinde kemally perzendiň bolsa ynsan üçin şondan ýagty gün hem gerek däl. Suratkeş eserde sada dilde öz ömrüniň "ýagty günini" şekillendirýär. Emma onuň gözleri ýumuk , eýsem ol haýsy zat hakda pikir ýüwürtýär? Mümkin başyndaky nyşanlar sebäpli gowgasy tükeniksizdir. Ol bolsa nakgaşyň filasofiýasy...
Bölümler: Sungaty öwreniş | Görülen: 162 | Mowzugy paýlaşan: Merw | Teg: Döwletmyrat Durdyýew | Рейтинг: 3.4/5
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 12
avatar
1
1 sussupessimist • 22:27, 17.05.2024
Interpretasiýa bilen ylalaşmanam bolar. Her kim özüne geregini gözlemäge hakly. 
Belki, durmuşynyň ýagty günlerini - mähriban höwürtgesini ýatlaýandyr? Belki-de aňyrsyndaky Gündür öýdüp oturanymyzam - ýumurtgaň sarysydyr... Sungatyň gyzygam şonda. 
Surat gyzyklyja eken. 
Paýlaşanam, çekenem, interptretirlän sungat öwrenijem sag bolsun.
avatar
1
2 Aýgül_Garaýewa • 23:43, 17.05.2024
Bagt guşundan-a zerre nyşanam ýokmuka diýýän bu suratda.
avatar
1
3 janjennet • 00:23, 18.05.2024
Gündür öýdülýän ýer- boşluk, ýumurtagalaram içinden näme çykjagy nämälim zat bolup göründi.( surata seredýän wagtyňdaky ruhy ýagdaýa da bagly bolsa gerek)
*
Şuň ýaly suratkeşleň esbaplaryny nireden tapyp bolýarka, dökülmeýän reňkler, kendir, çotga we.ş.m
avatar
0
4 Merw • 05:41, 18.05.2024
Sussupissimist pikirine köp sag bol ylalaşýan.
avatar
0
5 Merw • 05:44, 18.05.2024
Bagt guşy filmlerdeki aňymyza guýlan akja kepderi bolup bilmezä! Eger nakgaş islese gara gargada bolmagy ahmal ol nyşan bilen düşündirjek bolýar.
avatar
1
6 Seýrаn • 09:37, 18.05.2024
Saçyny höwürtge eden bolmagam ahmal, belki suratyň reňkini özi halap saýladymyka? Çala gymyldadygy guş uçar, ýumurtgalary döwüler, ýumurtgalardan çykjak guşjagazlar geljek nesildir, göz ýumýan adamam geljek barada oýlanýandyr... -diýen esli many ýükläbermeli.

Çylşyrymly suratlary gowy görýän, isleýşiňçe ýorup bolýar.
avatar
0
7 hanturebs • 10:27, 18.05.2024
Maňada Seýranyňky ýaly ýorum geldi kelläme. Başyňy elmydam dik tutmasaň, sähelçe bolsa-da aşak egseň başyň täjiň hasaplaýan ähli gymmatlyklaryň çym-pytrak, kül-peýkun bolar. Şoň üçin mydama başyňy dik tutmaly.
avatar
0
8 aygull • 14:04, 18.05.2024
O guş, bagt guşy däl-de, ylham guşy bolaýmasa. Ýumurtgalaram pikirlerdir. Haýsy ýumurtgany çüňki bn döwüp, haýsyny basyrjagy guşa bagly. Awtoram gözüni ýumup, şoňa garaşýar öýdýän.
avatar
1
9 Medicall • 14:14, 18.05.2024
8-nji teswiriñ bilen ylalaşasy tutup dur pikirimiñ, @Aýgül)
avatar
1
10 Pero • 08:26, 20.05.2024
Belki-de höwürtge -dünýä,
Ýumurtga-dogulyş bn ölüş,ýagny olaryñ arasyndaky "2 günlûk" sürülýän ömür.
Guş-adamyñ ruhy
Adam üçin bi dünýe bir düýşdir,belki şonuñ üçin adamyñ gözleri ýumukdyr.
avatar
1
11 Мango • 11:22, 21.05.2024
kellä gelenler:
(ýalňyşmaýan bolsam) Isfendiýar hanyň frazasy (takmynan): Bulary erkine göýberseň, kelläňde höwürtge ýasarlar.
---
kellede ýasalan höwürtge, gözüni ýuman adam,
ýürekgysgynç sary reňk,
ýürekgysgynç simmetriýa: sary günmi, ýumurtgaň sarysymy kartinaň deňje ortasyna sazlanan, deňje simmetriçnyja kelle...
---
bu sary ýene-de türkmen tomsunyň süýr günortanyny ýatlatdy: ýüregedüşgünç ünsümlik, hiç zadyň başy gymyldanok, diňe bir ýerlerden gumrularyň "guk-gugy" ýüregedüşgünç gaýtalanýar...
kartinaň bu ýürekgysgyç однотонный birsydyrgyn sarysy adamyň reňkinede çykypdyr...
bäh, bu sary kartinaň köp bölegini tutup duraý...
....
avatar
0
12 Merw • 22:27, 27.05.2024
Pikirleriniňizi paýlaşanyňyz üçin hemmäňize minnetdar köp sag boluň!
avatar

Старая форма входа
Total users: 203