Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

06:37
Pyşdyl

Düşjek bolup belent ýerden,
Düňderildi
Pyşdyl birden.
Turup bilmän indi ine,
Ýatyr
Jyzzyk bolup Güne.

Geçip barýar bir begemot,
Pyşdyla haýry degenok:
"Ýykylypmy,
Özi galsyn!
Ýol ýörände
Ägä bolsun!"

Penjek geýip bir üýtgeşik,
Geçip barýar semiz pişik.
Geçip barýar synçgap dişin:
"Pyşdyl bilen
Ňeň nä işim!"

Tirkäp ekiz owlagyny,
Şahlak geçi,
Barýar geçip:
"Ýatsa-ýatsyn,
Serhoşdyr ol,
Ýykylandyr aşa içip!"

Barýar horaz,
Barýar towuk,
Ýüzlerini kese sowup —
Esetmän pyşdyla taýa:
"Kömek bersek bordy welin,
Üst-başymyz bolar zaýa!"

Geçip barýar
Bir epeý şir:
"Mertebäňi sakla, eý şir!
Herýetene kömek etseň,
Il saňa:
"Ýukaýürek" diýr!"

Geçip durlar
Parhsyz bakyp.
Ýatyr pyşdyl
Aýak kakyp.
Ýatyr
Ýaş aýlap gözüne.
Ýatyr
Jyzzyk bolup Güne...

© Hemra ŞIROW
Bölümler: Çagalar edebiyaty | Görülen: 64 | Mowzugy paýlaşan: Lacrymosa | Teg: Hemra Şirow | Рейтинг: 5.0/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 3
avatar
1
1 Мango • 01:17, 12.01.2024
Barýar horaz,
Barýar towuk,
Ýüzlerini kese sowup —
Esetmän pyşdyla taýa:
"Kömek bersek bordy welin,
Üst-başymyz bolar zaýa!"

"pyşdyla taýa" gelişmän dumy?
ýetmeýän ýekeje boguny başgarak çözüp bolan bolaýsady.
Esetmän pyşdyla taýa Hiç esetmän pyşdyl taýa diýeňde näderdikä?
avatar
0
2 Мango • 01:20, 12.01.2024
Geçip barýar
Bir epeý şir:
"Mertebäňi sakla, eý şir!
Herýetene kömek etseň,
Il saňa:
"Ýukaýürek" diýr!"

Hemra ŞIRiň özem o pyşdyl görgülä kömek etmännir...
gynanyşşyl.
çagalaň ýüreginde rehim oýaryp biljek goşgy...
avatar
0
3 sussupessimist • 09:37, 12.01.2024
Ine bu gowy, çagalar üçin bolsa-da, ula-da sapak!
Kömek ediň pyşdyllara! (ýöne zorluk bilen däl. ilki "Pyşdyl, dost, kömek edeýinmi, ýa özüň Güne çoýunyp ýatyrmyň?" diýip soramaly)
avatar

Старая форма входа
Total users: 203