Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

11:54
Saçly Dursunowa
SAÇLY DURSUNOWA

Saçly Dursunowa 1918-nji ýylda dünýä inip, çagalygyndan ýetim galýar. 1925-nji ýylda ýaňy ýedi ýaşyny dolduran Saçlyny özünden bir ýaş uly gyz dogany Çeper bilen bir ýaş ýigit Aşgabadyň çagalar öýüne alyp gelýär. Büzmeýinde bu ýetim galan çagalara hossarlyk edip, olary çagalar öýüne getiren ýaş ýigit soň-soňlar meşhur ýazyjy bolup ýetişen Ata Gowşudowdy. Bu iki çaganyň öz kakalarynyň atlaryny bilmändikleri üçin ejeleriniň ady bilen «Çeper Dursun gyzy» we «Saçly Dursun gyzy» diýip resminamalar doldurylýar.
1932-nji ýylda Aşgabadyň ozalky Lukmançylyk tehnikumyna okuwa girip, ony tapawutlanan bahalar bilen 1936-njy ýylda tamamlan Saçly şol wagtky Türkmen döwlet medisina institutyna girýär. Onuň soňky gutardyş synaglary galanda nägehan uruş başlanýar, okuwyny tamamlan ýyly bolsa, Garrygala (häzirki Magtymguly) şäherçesine işe ugradylýar. Emma uruşdaky ýaralylara ýardam etmek maksady bilen, ol fronta gitmeli diýen gutarnykly netijä gelýär. 1942-nji ýylyň aprel aýynda Saçly Dursunowa Stalingradyň eteginde söweş alyp barýan 62-nji atyjylyk diwiziýasynyň 534-nji medisina sanitar batalýonynda ordinator-lukman bolup harby gulluga başlaýar. Ol bütin urşuň dowamynda Krymyň, Belorussiýanyň, Pribaltika ýurtlarynyň, Gündogar Prussiýanyň çäklerinde bolan söweş hereketleriniň janly şaýady bolýar, şol ýerlerde ýaraly esgerlere hem ruhy tarapdan, hem lukmançylyk tarapdan yzygiderli ýardam edýär. Şeýdibem, ýeňşiň gazanylmagyna özüniň uly goşandyny goşýar. Görkezen edermenlikleri üçin gahryman zenan «Lenin», «Gyzyl ýyldyz», «Hormat nyşany» ordenleri, «Edermenligi üçin», «Söweşjeň hyzmatlary üçin», «Stalingradyň azat edilendigi üçin», «Kýonigsbergiň eýelendigi üçin», «Germaniýanyň üstünden gazanylan ýeňiş üçin» medallary bilen sylaglanýar.
Beýik Watançylyk urşunyň ýalnyndan doly geçenleriň hatarynda gahryman zenan Saçly Dursunowany hem agzamak bolar. 1945-nji ýylda ýeňiş gazanylsa-da, ol harby medisina gullugynda harby gullugyny dowam etdirmek bilen, bejergä mätäçlere soň hem kömek edýär. Ol 1946-njy ýylyň sentýabrynda frontdan dolanyp gelýär we belli artist Muhammet Çerkezow bilen durmuş gurýar.
Medisina gullugynyň kapitany Saçly Dursunowa 1955-nji ýylda lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty, 1972-nji ýylda lukmançylyk ylymlarynyň doktory diýen alymlyk derejesini alýar. 1961-nji ýylda Türkmenistanyň halk suratkeşi Aman Amangeldiýew Saçly Dursunowanyň portretini şekillendirýär. Suratkeş öz işinde gahrymanyň içki dünýäsine aralaşmaga synanyşmak bilen, iş pursadyndaky çuňňur pikire batyp oturan ynsany görkezýär. Bu eserde gahrymanyň zenan dünýäsinde ýyly mähir az duýulýar. Oňa derek ol ony uly bir zadyň aladasyny edýän ýaly ummasyz pikire çümen görnüşde suratlandyrýar.
Aslynda, Saçly Dursunowa durmuşda-da, köplenç, gamgyn halda gezýän eken. Munuň sebäbini soranlarynda, ol: «Gulagyma owaz gelýär. Bu owaz howada bar. Ol ýaraly esgerleriň agyrydan jebir çekýän iňňildileriniň uruş döwründen galan yzaly owazy» diýip jogap berer eken. Hakykatdan-da, şol agyr ýyllaryň owazyny kalby bilen syzyp, ýüregini gyýan, 56 ýaşyna çenli şol owaz bilen ýaşan gahryman zenanyň özi aramyzdan gitse-de, onuň uruşda bitiren hyzmatlary hakdaky gürrüňler heniz-henizlerem dillerden düşenok.

©Züleýha RAHYMOWA
Bölümler: Zenan şahsyýetler | Görülen: 78 | Mowzugy paýlaşan: Bagabat | Teg: Saçly Dursunowa | Рейтинг: 4.5/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 3
avatar
0
1 Bagabat • 11:57, 22.12.2022
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň karary bilen Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde gurlan lukmançylyk orta hünär okuw mekdebine tanymal şahsyýet, birnäçe döwlet sylaglarynyň eýesi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory Saçly Dursunowanyň adyny dakmak we mundan beýläk ony «Saçly Dursunowa adyndaky Ahal welaýat lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi» diýip atlandyrmak bellenildi.
avatar
0
2 Bagabat • 12:08, 22.12.2022
Daşkent şäherinde gysga möhletli ýörite taýýarlykdan soňra Saçly Dursunowa lukmançylyk gullugynyň leýtenanty bolup, 162-nji atyjylyk diwiziýasynyň 33-nji lukmançylyk-sanitariýa batolýonyna ugradylýar. Stalingradyň etegindäki söweşde ýaralananlara lukmançylyk kömegini berip , meýdan şertlerinde geçirilýän gaýragoýulmasyz operasiýalarda hirurglara kömek edipdir.Soňra sowet goşunynyň harby birleşigi
bilen Don boýundaky Rostowy, Donbassy halas etmäge gatnaşypdyr. Soňra ol 2-nji Belorus frontunyň düzüminde „Bagration“ operasiýasyna, Kenigsbergiň we Latwiýanyň halas edilişine gatnaşyp, ençeme esgerleri ölümden halas edýär. Ýeňiş gününde Saçly Dursunowa lukmançylyk gullugynyň kapitany diýen harby ada, „Gyzyl ýyldyz“ ordenine, „Söweşde gazanany üçin“ , „Stalingradyň goragy üçin“ , „1941-1945 ý.ý.Beýik Watançylyk urşunda Germaniýadan üstün çykanlygy üçin“medallaryna eýe bolupdyr.
Ol özüniň geçiren 67 sany ylmy işi çap edilen, medisina parazitologiýasy babatynda teoretiki-amaly soraglaryň birnäçesiniň çözgüdini tapan we ylmy baýlaşdyran alym. Saglygy goraýyş ulgamynda işjeň we öndürijilikli işleri üçin „Saglygy goraýyşda tapawutlanan“ , „Türkmenistanyň at gazanan lukmany“ diýen ýokary atlara mynasyp boldy.
avatar
0
3 Pero • 15:49, 22.12.2022
Hawa,düýn Watan habarlar gepleşiginde diñlänimde,Saçly Dursunowa barada gyzyklandym we bu saýtdan tapdym. Sagboluñ ýetireniñize! Bu zenana buýsandyk. Adynam eşidip görmändim,ol bolsa gör nähili beýik ykbally zenan eken. Gör şeýle näçe sany şahsyýetler bardyr bilinmeýän,tanalmaýan ägirt ykbally
avatar

Старая форма входа
Total users: 203