00:19 Şaglawuk saçlaryñ ýaýyp goýberdiñ... | |
Şaglawuk saçlaryñ ýaýyp göýberdiñ, Tolkunladyp, gök köýnegiñ etegin, Ynamly... Gadamly barýarsyñ işe, Her geçeñde duýýaryn men öteniñ. Duýýaryn köçeden her geçeniñde, Deñiziñ gomundan birje bölegi Azaşyp düşäýdimi bilmedim, Gün berenok, ýürek dörjelemegi, Hawa, ýürek gursagymy çitikläp, Şol tolkuna aşyk bolup çarlak deý Köçäniñ kenaryna barýaryn, Umutlanyp, señ görküñi görmekde. "Salam" diýip geçip gitýäñ deñimden, Men bolsa, baş atýaryn çalaja, Aşykmy men? bu bolşum nä? Sen ata ahyryn... Elbet aşyk boldum, söýüp däl ýöne, Aşyk bolsañ hökman söýmeklikmi nä? Men görýärin, onda öz hyjuwumy, Öz yhlasym, Goşgym, Joşguna görä. Öñler her gözelden çöplärdim setir, Bu gyz bolsa tutuşlygna bir goşgy, Neneñ onsañ oña aşyk bolmaýyn, Ol, Poeziýañ bir bölegi ahyry... Remezan Mämetgurbanow | |
|
Ähli teswirler: 0 | |