Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

08:56
Sähra ýollary göni bolmaýar / nowella
SÄHRA ÝOLLARY GÖNI BOLMAÝAR

Ol maňa ilkinji döwet galamyny tutduran adam. Ady Taýmaz. Şonuň üçin obamyz oňa hormat edip “Taýmaz mugallym” diýip ýüzlenýä.

Taýmaz mugallym maňlaýy sakarrak, siňregi belent, gözleri hemişe ýaşaryp duran ýaly, ýöne şo gözleriň gyrasyndaky nähilidir bir çaganyňky ýaly mähremlik sende nebsagyrmak diýen ýaly bir zady oýarýar.

Ana şol gözlere-de Ogulla gyz – Ýerbendiň Ogullasy aşyk boldy.

Taýmaz mugallym obamyz bilen öwrenişdigiçe bizem oň bilen öwrenişdik. Ol ýeke bir obamyza mugallymçylyk etmäge gelmän, çöl barada ylmy işem ýazýar diýdiler. Hatda oň gazet-žurnallar bilenem aragatnaşygy barmyşyn. Men muňa diýseň begendim. Sebäp obamyzda edebiýat barada gepleşmäge hiç kim ýokdy. Indi bolsa, Hudaýa şükür, hekaýa ýazýan adam bar.

Taýmaz mugallymam meniň hekaýa ýazjak bolýanymy, ýöne ýazyp bilmeýanimi bilse-de maňa okuwçy hökmünde däl-de, edebiýatçy hökmünde garaýar.

Men sapagyma gowşak ýetişýädim. Ýöne edebiýaty gowy görýänim üçin Taýmaz mugallym 4-lik goýmasa-da, 3-ligi gysganman goýýady. Sebäp şo döwürler Taýmaz mugallymyň öwredýän, ýylyň dowamynda Braziliýada näçe ýagyşyň ýagýandygyndan, gymyldy-hereketi aňladýan zada işlik diiýilýändiginden meň üçin edebiýatyň çeper ýazylan ýekeje sözi gymmatlydy. Taýmaz mugallym bolsa meni heýjana getirip, gowudan-gowy hekaýalar ýazýardy. Onuň ýazan bir hekaýasyny okamsoň-a hasam oňa bolan garaýyşym üýtgedi. Şol hekaýanyň mazmuny häzirem meniň ýadymda. Men-ä ol hiç-haçanama hakydamdan çykar öýdemok. Sebäp gürrüň adamlara bolan söýgi baradady.

…Güm içinde bir han özüniň müňbaşysyny diýseň gowy görýän eken. Müňbaşam gowy görler ýaly hereketler edýän eken. Bir gezek ol söweşden ýeňiş bilen dolanyp gelende Han bütin märekä ýüzlenip şeý diýýär:

– Men guran döwletimiň, adamlaryň ykbalynyň ygtybarly gola geçjekdigine begenýärin. Şonuň üçin Müňbaşy, sen menden näme dilegiň bar bolsa dile! Men mähelläniň öňünde ony berjaý etjekdigime söz berýärin.

Müňbaşy pikirlenmän jogap berýär:

– Han aga, men Müňbaşy, maňa hiç zat gerek däl, bar zadym üpjün. Ýöne sen eger bir zat berjek bolsaň, ho-ol gazak gyrlaryndan ýesir alnan naçary beräý.

Han ýüzüni aşak sallaýar hemem şol ýerde özüniň ýalňyşandygyny, onda-da gaty ýalňyşandygynyduýýar.

– Müňbaşy, sen näme sorasaň sora, ýöne şo naçary dileme, ol meň galanja ömrümiň guwanjy. Meni ýaşadýan şol gyzyň söýgüsi…

Hanyň ýetmiş ýaşy bar eken. Ýöne şo gyza sataşany bäri göwresine gujur gelen ýaly bolupdyr. Erkek adamda güýç-gaýrat bolsa, zenanada şol gerek.

Soň ýene han müňbaşa şol naçary dilemezligi üçin towakga edýär. Ýöne müňbaşam öz diýenini tutýar.

– Han aga, sen şu sözi bütin mähelläniň öňünde aýtdyň ahyry. Maňa şo gyzdan başga hiç zat gerek däl.

Han uzak pikir edýär hemem şeýle diýýär.

– Eger ol meň gözümiň alnynda gezip ýörse, men ýaşap bilmerin. Şonuň üçin gel bir zat edeli. Goý gyz owadan dünýe bilen hoşlaşsyn…

Olar şeýdişip gyzyň haremhanasyna barýarlar. Han ony görenden öz matlabyny aýdýar. Gyz hany pugta diňläp şeýle diýýär:

– Şeýle netijä geldiňizmi. Men şeýle bolaram öýdüpdim. Ýöne senden etjek bir haýyşym bar: sen meň dünýeden hoşlaşjak ýerime barýançam goltugyňda göterip alyp git.

Han şonam edýär. Han özüniň gujurly gollary bilen gyzy göterip barýarmyşyn. Müňbaşam onuň yzyndan barýan eken. Ahyry Müňbaşy durup bilmän şeýle diýýär:

– Han aga, men seniň öňüňe geçeýinle, birden hanjaryň ýiti tygyny kebzäňden uraýmaýyn…

Han pikirlenmän şeý diýýär:

– Müňbaşy, oglum, bu sözleri sen diýeňok, gyza bolan otlukly söýgüň diýdirýä. Ýöne şeýle söýgi meniňem gursagymy ýaryp barýar…

Olar şeýdişip gyzyň owadan dünýe bilen hoşlaşjak ýerine ýetýärler. Han gyrnak gyzyň maňlaýyndan üç ýola ogşap, uçut-gaýanyň depesinden ony oklaýar. Aşakda bolsa däli-derýa towlanyp akyp ýatyrmyşyn. Han maňlaýyny tutup esli salym oturýar. Kän wagt geçenden soň Müňbaşy oňa ýüzlenýär:

– Han aga, beýdip oturma, ýör gideli, wagt birçene ýetdi.

Han ümezli başyny galdyryp şeý diýýär:

– Nirä gideli?

– Köşge!

– O ýerde näme bar?

– O ýerde seniň täji-tagtyň, gazanan uly ýeňişleriň, saldyran owadan binalaryň, tükeniksiz genji-hazynaň bar.

Han başyny sallap agyr gürleýär.

– Olaryň bary jansyz zatlar. Maňa janly söýgi gerek. Ana şol söýgüni men ýesir gyzda görýädim. Beýleki aýallarymam diňe gorkýandyklary üçin maňa hormat goýýardylar. Bu naçar gyz bolsa meni tüýs ýürekden söýýädi. Söýülmän ýaşaljak bolsa, sen kim bolaňda häme… Ol ýaşaýyş däl-de, manysyz ömri geçirmek.

Han şeý diýip olam uçut gaýadan bulanyp akýan hesretli derýa özüni oklaýa.

Men Taýmaz mugallymyň hekaýasyny okap, heniz oglanam bolsam dünýede söýgüsiz ýaşamagyň hiç zatdygyna gözümi ýetiripdim. Bu hekaýa meni soň-soňlaram oýlandyrdy. Häzirem o hakda pikir edip ýörün.

***

Şol ýylyň ýazy ýaňy saçy örüme gelen gyzy ýatladyp ir geldi. Dünýe hezildi, oň içinde obamyzyň barlygy ony hasam hezilleşdirýärdi. Meniň oglan göwnüme eger obamyz bolmadyk bolsa çaýkanyp ýatan uly dünýede beýle owadan, hezil bolmajak ýalydy.

Durnalar uçup gelende obamyz hasam owadanlaşýar. Olar Enebeýigiň üstünde üzülen hünji ýaly ap-ak boluşyp oturýarlar. O bolşy synlamak ýakymly. Ony synlaýan ýeke men däldim, bütin obamyz synlaýardy. Durnalar bolsa öz dillerinde – guş dilinde gugullaşyp daranýardylar. Ganatlaryny gerişip, obamyza owadanlyk getirýänine begenişýärdiler.

Şu ýyl guşlar has ir geldi. Durnalar pessaý uçup ene Enebeýigi bezediler. Sähralar ýaňja aglap diňen gyzjagaz ýaly mylaýymdy. Tebigatyň ýylgyryşyny gören ot-çöpler heniz arzuw-hyýalyndan saplanmadyk gyz ýaly uýaljaň seredýärdi. Bu bolşy şahyr gözi bien däl, çopantak adamyň gözi bilen seretseňem begendirýärdi. Men şu ýerde özümiň şahyr bolup dogulmadygyma gaty ökündim. Ýöne onda-da oglan gursagymyň bir ýerlerinde özüme-de düşnüksiz bolan bir zatlar ak çägäniň ýüzüne ýazyldy. Soňam olar ak kagyza geçdi. Ýöne men ony gazete ugratmana utandym. Ýöne men utansamam, kinniwanja gyzlar Enebeýigiň üstüne çykyp bu gamsyz aýdymy läle hökmünde aýdýarlar.

Enebeýigiň depesine,

Durna guşlar uçup geldi.

Emaý bilen ganat kakyp,

Gör nirelek rowan boldy.

Hernä tebigatyň ýylgyran mahaly biz gyş ýakylan odunlaryň külüni alyslarda galdyryp, ýazlaga çykýarys. Şol gezekki ýazlaga Taýmaz mugallymam biz bilen bile çykdy. Ogulla ýaly ulygyzlar kösügiň kejebesidir ýuwanyň jygasyna seredip nagyş ederdiler. Jümjümäniň gülüni bolsa gültahýa keşde edip çekerdiler. Bu görnüş hasam owadandy. Sebäp sähralar öz göwsünde özleri gözellik döredýärdiler.

Taýmaz mugallym öň ýuwany görmedik borly. Ol ýaşsowany ýatladyp duran gum ýuwasyny çeýnäp, üsgürinjiredi.

– Bu ajy eken-ä…

Adamlar ilkinji ýolam gum ýuwasyny dadan adamyň şeýle sözi diýäýmeli hökmünde ylalaşykly başyny atdylar. Ýöne Ogulla beýle zatlary aňsat duşundan geçirmeýä. Ol aýlawlyja sözüni suňşurdy.

– Gum ýuwasy ajy bolýandyr, mugallym!

Bu Ogullanyň Taýmaz mugallyma aýdan ikinji teýenelije sözüdi. Sebäp öň bir gezek Taýmaz mugallym öz ylmy işi üçin sähralary öwrenmek üçin meýdana gitmekçi bolanda Gülsün eje onuň aýagyndaky gumda ýöremäge agyr boljak köwşe dözmän Meretliniň ýelkenini beripdi. Taýmaz mugallym gidende aýagy ýelkenli gidenem bolsa, gelende ýelkeniniň bir taýyny eline alyp geldi. Aýagyny bolsa çöp-çalam çyzym-çyzym edipdir. Şonda men gülmän saklananam bolsam Ogulla durup bilmän şeýle diýipdi:

– Mugallym, çöl hakynda ylmy iş ýazsaňam ýaz, ýöne ýelkene gulak dakmanam öwreneweri…

Mahlasy ýelkeniň gulagy üzülipdir. Taýmaz mugallym bolsa ony oňarman aýagyny çöp-çalama çyzdyryp gelipdir. Ýelkene gulak dakmak iň bir aňsat iş. Bir gysym ýüňi işip, oňa dakaýmaly.

Ikinji ýola özüni duzlan gyza bu gezek Taýmaz mugallym seretmän durup bilmedi. Ol bir gezek seredeni bilen oňman ýene seretdi. Soň ýene-de… Ogulla bolsa başga hiç zat geplemän kirpikmen gözleri bilen uzakdaky daraýy depelere seredýärdi. Indi Taýmaz mugallymyň gözleri Ogulla nirä gitse onuň yzyna düşýärdi. Hatda gyz gülen mahalam, gaharlanan mahalam şondan bir ajaýyplygy tapjak bolýan ýaly oňa aňkarýardy.

Men şonda ak çägeleriň arasynda ýene bir syryň peýda bolanyny oglanam bolsam aňypdym…

***

Biz ilkinji sagady geçen pursatymyz – ol edebiýat sagadydy, Ogulla guýa suw almaga gidýädi. Taýmaz mugallym sapak geçip duranam bolsa penjireden onuň her bir ädimini synlaýardy. Haçan-da guýudan suw alyp yzyna dolanan mahalam ýene şol ýagdaý dowam edýärdi. Okap oturan kitabyndan başyny galdyrman hasrat bilen uludan demini alardy. Biz şonda şeýle hasrat kitapda ýazylandyr öýderdik. Ýöne beýle dälligini men şu gün agşam bildim.

Asmanda symgylt ýyldyzlar matam çekijilikli ýyldyraşýardy. Akmaýanyň ýoly Ýedigene tarap edil çarwalaryň guşagy ýaly uzalyp ýatyrdy. Men Ýedigene seredip ýatyşyma birdemde Gülsün ejäniň öwredişi ýaly dem alman ony sanajak bolýardym.

Ýedigenim ýedi ýyldyz,

Ýedi göçer, ýedi gonar,

Sanasaň sogaby bolar…

Durmuşyň iň soňky demi – Baltagyň sesi haýbatly üýrüp köşeşdi. Haýsydyr bir awuna çykan äpet guş ganatlaryny ýaýyp, golaýjagymdan geçip gitdi. Edil şol pursadam Ogullalaryň agyllarynyň golaýjagynda pyşyrdy ýaly ses eşidildi. Men gijeligem bolsa oň Taýmaz mugallymyň sesidigini tanadym. Ol haýyş edýän äheňde şeýle diýýädi.

– Ol ýeri şäher, seň göz öňüne getirişiňdenem owadan, şol ýerde ýaşasak gowy bolar.

Ilki hiç hili ses çykmady. Soňam buýsançly owaz ýaňlanan ýaly boldy.

– Ýok, bu ýerem – obamyzam owadan.

Taýmaz mugallym ýene ýalbaryjy äheň bilen gürledi.

– Ol ýeriň kölegesi goýry, suwy süýji, köwşüňe tozan siňdirmän uzakly gün gezip bolýar.

– Bu ýeriň suwy ýogyn, oty ajam bolsa, meniň üçin ol has hezil.

– Bir ýere gitjek bolsaň awtobuslar ýygy-ýygydan gatnap dur. Pyýada ýörejek işiň ýok. Şäherde hemme zat bolmalysy ýaly edip gurlan.

– Ýok, men saňa diýdim-ä. Men bu ýerden – obamyzy taşlap gidip biljek däl. Sebäp biz öem az-a. Menem gitsem, obamyz hasam çolalar.

Soň Taýmaz mugallymyň hasratly demi eşidildi. Men bu şaýat bolan wakama begenjegimem bilmedim, gynanjagymam. Ogullanyň aýdyşy ýaly, obamyz azdy, bary-ýogy on ýedi hojalyk. Onsoňam Ogulla ýaly gyz gum içinde-de seýrekdi. Ol tüýs atýeňse, ýuka dodak diýlip tarypy ýetirilýän gyzlardandy.

Ýene bir zat, sähralar-a şeýle ajaýyp gyzy döredýär, a olam soň şähere siňip gitse meniň oglan göwnüme hakykata dogry gelmeýän ýalydy. Birneme ýaşan adamlaram gyz çykanda belli bir adama aýtman ýüzlerini aşak salyp şeýle diýýärdiler.

– Gyz çykarsaňyz çykaryň, ýöne köprak obamyza gelin getiriň.

Bu olaryň “Öňem biz az, köpeliň” diýdigidi.

Şeýdip günler geçip durdy. Men indi her gün agşam Taýmaz mugallymyň “O ýeriň kölegesi goýry, şo ýerde ýaşaly” diýýän sözüni eşidýärdim.

Men indi her gün Ogullanyň gyz pyşyrdysy bilen “Biz öňem az-a” diýen sözlerine şaýat bolýardym.

Men indi her gün ak çägeleriň ýüzünde ertir ýatlanjak düýni görýärdim.

Dogry, Taýmaz mugallyma-da nebsim agyrýardy. Ýöne Ogullanyňam öz obamyzda örlemegini isleýärdim. Oglan kalbym olaryň haýsyny bijebaşy etjegini bilenokdy. Taýmaz mugallymyň ýalbaryjy sözlerimi ýa Ogullanyň tekepbir pyşyrdysy…

Bi söýgi basym obamyza ýaýrady. Taýmaz mollumam indi birneme gahralyrak gezýärdi. Gürlände-de edil Soratyňky ýaly elini maňlaýyna ýetirýärdi. Obamyzyň adamlaram kim Taýmaz mollumy mamla edýärdi, kimem Ogullany. Akyllyrak adamlar bolsa Taýmaz mollumyň bolşuna dözmän şeýle diýýärdiler.

– Wagty geler, gahar köşeşer, ýöne oglana söýgüni köşeşdirmek kyn bolar…

***

Şeýdip okuw ýyly tamam boldy. Taýmaz mugallym bolanja goşlaryny düwüp şähere tarap ýola düşdi. Men ýör meni ugrat diýmese-de onuň yzyndan ýöräp barýardym.

Ýol barha inçelip, ikä bölünýärdi. Çep tarapky ýol – ol biziň odun ýygmaga gidýän ýolumyzdy. Sag tarapky bolsa Enebeýigiň daşyndan bir aýlaw edip, soň şähere tarap uzalyp gidýärdi.

Taýmaz mugallym bilen hoşlaşmankam ol öz deň-duşuna diýýän ýaly ýüzüme seretmän şeý diýdi.

– Eý, ýazyn eý!

Biz şeýdip ýürege salnan ýarany her kim özüçe göterip aýrylyşdyk. Taýmaz mugallym garaja nokada öwrülýänçä men onuň yzyndan seretdim. Ol gidip barýardy. Meniň oý-pikirlerimem onuň yzy bilenm barýardy.

Bir adamsy kemelen obamyz giňelmegiň ýerine tersine daralan ýaly boldy. Iň ýaman ýerem Taýmaz mugallymyň ýaşaýan kiçijik jaýynyň indi çyrasy ýananokdy. Şo elçyra ýanyp duranda ýeke obamyz däl, uly dünýä-de ýagtylýan ýaly bolýardy. Indi bolsa meniň şol höwes edip seredýän jaýym özüniň gap-gara tümligi bilen haýbat atýan ýalydy…

***

Obamyzdan şähere çykan gyz – Kyna bardy. Ol gaýtarylyp gelende gürlemedigem bolsa, dönüme gelende saklanyp bilmän şäher barada birtopar zatlar aýtdy. Henize çenli şäheri görmämsoň maňa oň aýdýan gürrüňlerini diňlemek ýakymlydy. Olar penjiresi köçä tarap açylýan ikigat jaýyň ikinjisinde ýaşaýarmyşlar. Golaýjagynda bulka bişirilýän ýer bolansoň her gün turanda ilki bulkanyň ysyny alýarmyşyn. Özem her gün ýatmanka iki sany bulka iýýärmişin. Olar beýle bir gymmadan däl diýýä – ikisi 16 teňňe.

Ondanam başga Kynanyň “Şäherde görülýän düýş obanyňkydan süýji bolýar” diýýän sözi maňa has berk täsir edýärdi. Şonda öz ýanymdan ýekeje gün şähere gidip ýatmagyň arzuwyny ederdim.

***

Biz şeýdip ýaşap ýördük. Göräýmäge hemme zat ýerbe-ýer ýalydy. Ýöne Taýmaz mollumyň ýaşan jaýyndaky çyra ýananokdy. Bu meni lapykeç edýärdi. Oňa näçe seretmejegem bolsam barybir seredýärdim. Göwnüme ýeke Taýmaz mollumyň penjiresi däl-de bütin obamyz tümlüge öwrülip barýan ýalydy.

Indi obamyzda Taýmaz mollumy ýatlaýan ýokdy, asala ýatlajak bolýanam ýokdy. Diňe hasrat bilen Gülsün eje namazynyň soňunda onuň adyny tutup Ogulla nägilelik bildirýärdi. Ogulla bolsa tersine öz hakykatyny berk gorap şol öňki gyz owadanlygy bilen ýaşap ýördi. Ýöne men onuň şäherden obamyza gelýän ýola ogrynça garaýandygyny görýärdim.

Söýgi diýlen zat meniň pikir edişim ýaly däl eken. Meniň oglan başym gyz bilen ýigit halaşsa boldugydyr, bar zat çözülýändir öýderdim. Asyl ol beýle däl eken. Halaşansoňam tapyşaýmak hyllalla eken.

Şeýle günlerde ýaşalyp ýörkä bir gün men irden köşek sürmäge gidemde aňyrdan bir garanyň bärik gelýänini gördüm. Obamyzdan çykarýan ýoluň bolşy ýaly, obamyza alyp gelýän ýolam bardy. Bu hut Taýmaz mugallymyň özüdi. Aýagyndana şol agyr patynkasy. Ol aňyrdan gelşine göni öýüne barman ilki entegem özüniň mähriban dilinde gepleýän Üpük gojanyň gapysyndaky ak sözeniň ygşyldysyna diň saldy. Soňam ysyrganyp sähralardan gelýän ajy ýowşanyň ysyny temegine dartdy. Soňam, hawa, soňam esli wagt ýapyk duran gapysyny açyp, jaýyň içini bezäp duran elçyrasyny ýakdy. Şo gün begenen ýeke men bolmadym, megerem bütin obamyz begenen bolsa gerek.

***

Kölegeleriň goýry düşýän ýerinde ony-muny ýazmak birneme ýeňiliräk bolar öýdüp süýji düýş görmek maksady bilen obamyzdan ýüz öwürdim. Ondan bäri ýetmişinji ýylyň gary mazaly çalaran başyma sepeledi. Men ne mazaly ýazyp bilýän boldum, ne-de ýazyp bilmeýän. Indem ikijahan owarrasy bolup gezip ýörün. Bu meniň bimany ömrümiň hiç haçan günäsini geçip bolmajak ýalňyşym boldy. Eger men Ýerbendiň gamly ýelleriniň şuwwuldysyny eşidip obamyzda galan bolsam, wakalaryň, unudylmajak geçmişiň arasynda ýaşardym.

Obamyz meni gussa bilen garşy almadygam bolsa, birhili ugrum ýokdy. Sebäbi men hiç haçan günäsini geçip bolmajak günärdim.

Taýmaz mugallymyňam başy mazaly çalaran eken. Ol meni görüp hiç bir gypynçsyz şeýle diýdi:

– Men senden birzatlar çykar öýdüpdim, sen bolsa… Ýene obamyzyň adynam adyň gapdalynda goýýaň. Uly ýaýlaň adyny dünýä bir zat berip bilýän adamlarlar goýýalar. Seniň bi ýazyp-pozýan pozzam oýny ýaly hekaýalaryň kime derkar… Päheýde-weli…

Hawa, ol “obamyzyň” diýdi. Men şol söze begendim. Sesimi çykarmadym. Onuň aýdýany hakykatdy. Meniň ýekeje-de bäh diýdiren zadym ýokdy. Obamyzyň adyny götermegimiň sebäbi bolsa ol şeýle etseň göwnüme gowy ýazylaýjak ýaly bolýardy. Ýöne Alla bermese bendesi näçe çytraşsada ýazyp bilmejek ekeni. Belki onuň üçin oglan aýak yzlarymyň galan ak çägeleri meni bagyşlar…

Men hemişe owlantak döwrümdäki edişim ýaly daşarda ýyldyzlara seredip ýatmagy höwes edip ak çägeleriň üstünde süýndüm. Düýnki ýagan ýagyşa ýuwlan Altyn Aý meniň oglan yzlarymyň üstüni ýagtylandyrjak bolýan ýaly obamyza tarap süýşüp gelýärdi. Akmaýanyň ýoly öňküsi ýaly süýnüp ýatyr. Ýedigeniň agzam Zöhre ýyldyzyna tarap öwrülipdir. Men hemişeki edişim ýaly tanyş sanawajymy birdemde sanasym gelli.

Ýedigenim ýedi ýyldyz,

Ýedi göçüp, ýedi gonar…

Sanap bilmedim. Demim ýetmedi. Allajanlarym, ýa garralyp ýörmükä…

Daňa golaý köp wagtdan bäri Günüň dogşuny görmämsoň ony görmek üçin ýola çykdym. Obamyz şo öňki parahatlygy bilen dem alýardy. Haýsydyr bir gartmaç enäniň hažžyldyly üsgülewigi eşidildi. Yz ýanyndanam ukusyna garygan çagajyk närza ýaly aglady. Arkasyna çalaja kaksaň sesi diňjek.

Birdemem meniň garaşmaýan zadym ýüze çykdy. Mallaryny örä tarap alyp barýan çopan oglanyň inçemik sesi obamyzyň üstünde pel-pelledi.

Bizem dogulypdyk şo garyp oýda,

Selinli-sazakly ili Ýerbendiň.

Tarypyna ýetip bolmaz gözelniň,

Perigatançlydyr gyzy Ýerbendiň.

Meniň gerşimden agyr ýük aýrylan ýaly boldy. Bi goşgy maňa tanyşdy. Meniň şu goşgyma Taýmaz mollum 5-lik goýmadygam bolsa, gysganman semiz 4-ligi goýupdy. Ömür biderek geçmändir, kimem bolsa biri ýazan zadyňy ýatlajak eken. Meniň barha gojalaşýan göwnüm bir wagtky Taýmaz mollumdan 3-lik alamda begenişim ýaly ýene begendi…

© Öwezmyrat ÝERBENDI
Görülen: 66 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Öwezmyrat Ýerbendi | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 0
avatar

Старая форма входа
Total users: 203