17:24 Salam, kaka... | |
SALAM, KAKA... Salam, kaka. Men Arzyman. Birwagt - Arasyna siňip giden türkleriň... Türkmeniň düzünden üzüldiň diýme, Düzüldiň diýmegin hatarna durnaň. Bu aýralyk agyr deger ejeme, Emma doganlarym boýnuny burman ýaşar, hem oňlar meniň gaýdanym. (Aýdanym bilenem ýeňlemez ýüküm, Gowusy bar zatda gysaýyn dişim.) Bu ýerde ähli zat gülala-güllük, Ugruna işim. Razy, ykbalymdan, müňde bir razy, Agyr günler agsap galdy ýeňsede. Bilip bolmaz, ömrüň galan günleri Belent serim dik başaşak egse-de, Ýyllar öwürse-de enter pelegim, Köwlenmerin, näçe agyr degse-de... Bilýäň-ä, Meni bu ýerlere getirdi birçak, Ters aýlanan täleýimden ürkmegim. Şoň üçin göwnümi bire baglaryn, Hem galaryn arasynda türkleriň... © Aýbölek ABDYÝEWA | |
|
Ähli teswirler: 4 | |
| |