Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

10:46
Saňa

SAŇA

Sazlaryň şirini, sözleň şekeri.
Daglarbaşy,
ak suwlaryň akary.
Seň barlygyň başlangyjy ekeni,
Dünýädäki iň ajaýyp zatlaryň.

Daşy umman bilen gurşalan ada.
Dünýä deýin täsin,
dünýä deý sada.
Sen — şanyna ýazlan iň beýik oda
Dünýädaki iň ajaýyp zatlaryň.

Ajaýyplyk görsem, mysaly senden.
Manysy, maýasy, hasaby senden.
Men nädip diýmäýin, baryna degseň,
Dünýädäki iň ajaýyp zatlaryň.

Sapagy sen, iň owadan nagyşlaň.
Şapagy sen, öýle ýagan ýagyşlaň.
Sen bolaňsoň bary bilen tanyş men,
Dünýädaki iň ajaýyp zatlaryň.

Asmanyň arassa wagtyna meňzeş,
Gupbaň ýüzündäki altyna meňzeş.
Nädip, birje özüň barsyna meňzeş,
Dünýädaki iň ajaýyp zatlaryň?!

© Aýgül BAÝADOWA
Bölümler: Goşgular | Görülen: 156 | Mowzugy paýlaşan: Aygul | Teg: Aýgül Garaýewa | Рейтинг: 5.0/5
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 7
avatar
1
1 Pero • 10:51, 02.05.2023
Bu ajaýyp goşgyny okap,her kim öz ezizlerini ýatlasa gerek. Ylhamyña bereket!
avatar
0
2 Medicall • 12:07, 02.05.2023
Toýlarda okamaly, mylaýym saz ýaly ýakymly goşgy! Duýgynyñ, päkizeligiñ ajaýyp simfoniýasy ýaly owazly goşgy!
avatar
0
3 lirika • 22:48, 02.05.2023
Gowy gosgy

,,Sazlaryň şirini, sözleň şekeri.
Daglarbaşy,
ak suwlaryň akary.
Seň barlygyň başlangyjy ekeni,
Dünýädäki iň ajaýyp zatlaryň." --su topbakda AKARY-ZATLARYÑ rifmalasmaýan ýalymy?
avatar
0
4 lirika • 00:09, 03.05.2023
Gowy sowal (seýle sorag berersiñizem öýdýärdim-le).
Gosgyñ diñe rifmasyna ýa bognyna seredemok. Gosgyny okap baslamda gözüme ilýän zatlaryny ýazýan. Dogry, gosgynyñ üstün tarapynam görýän ýöne siz eýýäm olary aýdypsyñyz-a.
Men gosgyny analiz edýänçi däl, basardygymdan pikirimi gysgaça aýdýan (onam wagtym bolsa).

Hawa, men bärde gosgymy (tapawudy ýok, lirika diýip) paýlassamam siz meni tanarsyñyz-a,onsañ lirika diýip girmegim ne haýry bar!
Bir sahyra ,, Oñat, gowy ýazýar" diýip ýüzlenseler, sol sahyryñ gowy setirlerini görmäge çalysýan, kemçiligini däl, ýalñys düsünmäñ!
avatar
0
5 lirika • 00:18, 03.05.2023
Onsañam, menem size bir sowal bereýinle...
Aýgül hanymyñ gosgularyny beýle gowy görýän bolsañyz, näçeräk gosgysyny suwara ýatdan bilýäñiz? Eliñizi ýüregiñize goýup aýdyñda: 10-15 ýa 20 sansynymy. Men bolsa seýle gowy görýän sahyrymyñ (Aýgüliñ) 30-a golaý gosgusyny ýatdan bilýärin...
avatar
0
6 Aksary • 01:46, 03.05.2023
ŞAPAGY sen, öýle ýagan ýagyşlaň???
avatar
0
7 Pero • 08:26, 03.05.2023
Lirika,tüweleme size! Onda siz öz eserleriñiziñ dagy baryny ýatdan bilýänsiñiz,eger bar bolsa elbetde. Beýle ýatkeşlik hemme kişä berlibem duranok.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203