Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

01:40
SAŇA AÝTMALY ZATLARYM BAR!..
Hawa, bu men, saňa hat ýazmagy gowy görýän dostuň! Meniň saňa aýtmaly zatlarym bar!Men arzuw etmekden ýadadym, gadyrdan! Çünki köňül aýnam döwüleni bäri äpişgämden sowuk şemal girýär ýüregime... Ol ýerdäki gürsüldiniň sesi bolsa barha haýallap, gursagymam daşa öwrülip barýan ýaly... Bärde üşesemem seniň getirjek baharyňa henizem garaşýan men. We ähli güýjim bilen saňa hat ýazýaryn, gadyrdan, seniň kimdigiňi bilmesemem! Hiç kime aýdyp bilmedik zatlarymy saňa ýazyp ugradasym gelýär birhili. Bir ýerlerde maňa ynanjak, meni gorajak, meni diňlejek biriniň bardygyna ynanýanym üçin saňa hat ýazasym gelýär. Ynanmak gowy zat, ýöne saňa ynanmak has-da gowy bolarly. Ýogsa-da ynam bilen umyt aýratyn zatmy hä-ä ? Çünki iň soňky umydyma çenli ýadadym, gadyrdan. Halys tapdan düşdim. Güýçli görünmekden ýüregim gysýar indi. Aslynda sähel zada ynjaýan, öz-özündenem öýkeläp bilýän, iň bärkisi garaňkylykdanam gorkýan biri men. Belki pikir edişimdenem ejizdirin Bilmedim, sen meni tananyňdan soň, güýçli kişi däldigimi bilip näderkäň? Ýagny öz garşyňda göresiň gelýän kişi aslynda seniň garaşýanyň ýaly bolmasa näderkäň? Menden ynjarmykaň? We şuňa meňzeşler... Içimde ondan başga-da jogapsyz soraglar gaty köp, gadyrdan, öz soraglaryma özümem jogap berip bilemok indi. Bu ýagdaý eýýäm on müňünji gezek bolsa gerek. Hemem ýalňyşymy, dogrymy tapawutlandyryp bilmän başladym göwnüme. Bu bolsa menim üçin gaty gorkunç zat. Gowusy sen meni çaltyrak tap! Ýogsa-da meni asmanlardan gözleýän bolsaň ýalňyşýaň, gadyrdan! Soňky wagtlar Ýerde ýöremegi öwrenip başladym, asmanda uçmaga ganatlarymyň ysgyny galmany üçin. Aslynda ýöremek hem gowy zat eken, ýaraly ganatlarym her wagt ejir berýä diýmesem. Täsin, Daşlaşanym üçinmi-kä Asmandaky hemme zadyň üýtgeşik görünmegi?! Bulutlaryň mawydan açyk reňlisini has haladym. Aşakdan seretseň guşlaryň uçuşam artykmaç owadan görünýän eken. Esasan hem guýrugy gaýçy ýalylaryň! Öň uçýakam ol ajaýyplyklary görmedim oguşýa. Beýlede bir ünssizlik bormy diýsene?! Aşyk bolmasamam gözi açyk kör bolan ekenim. Kinoda görüpdim diňe aşyk bolan kişiler gözi açyk kör bolýanyny. Durmyş kinonyň tersinemiş, geň... Ýogsa-da, saňa aýtmaly zadym bar: pikirlenmek ejir berýän bolsa-da, sen hakda düşünmek has ýakymly maňa. Belki senem men ýaly Ýerde ýöremäge karar berenlerdensiň! Onda-ha ne ajaýyp! Ikimizem bilelik-de ýöräp bilsek, bilelik-de uçup bilsek. Ýöne seniň bir ganatlaryň ýaralanmasyn, gadyrdan, olara aýawly seredewer! Iň bolmanda meni tapýançaň!

23:10.
28.11.2024. (Aşgabat).
Guwanowa Enemähri.
Bölümler: Oýlanmalar | Görülen: 9 | Mowzugy paýlaşan: Garlawac | Teg: Enemähri Guwanowa | Рейтинг: 0.0/0
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 1
avatar
0
1 Zenan8609 • 17:22, Сегодня
Hat maňa ýazylmadyk bolsa-da, meniňem saňa käbir zatlary aýdasym geldi gadyrdan... belki bir gün aýdarynam...
avatar

Старая форма входа
Total users: 203