Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

08:53
Saña gynanjak ýok, bir senden başga.

SAÑA GYNANJAK ÝOK BIR SENDEN BAŞGA!.

Saña gynanjak ýok bir senden başga,
Özüñi özüñ söý ana şol ýeter,
Özüñi bilmeklik günä iş bolsa,
Özüñi unutmak ondanam beter.

Saña gynanjak ýok bir senden başga,
Ýykylyp ýatsañam gol berjek bolmaz,
Üstiñden gülerler, ejiz diýerler,
Ymtylan ugryña ýol berjek bolmaz.

Eneñ diri bolsa aýatda entek,
Gynanar, gynalar, ezizlär, aglar,
Şondan ötri ynsan hemaýat bermez,
Käte hossaryñdan ýakyndyr daglar.

Emsiz galan ýaly derdiñ içinde,
Ýatsañam demiñi alañda haşlap,
Her bir hoş sözlere ynanyp ýörme,
Saña gynanjak ýok bir senden başga!.

© Baýram BEJIDOW
Bölümler: Goşgular | Görülen: 137 | Mowzugy paýlaşan: @Baýram_Bejidow | Teg: Baýram Bejidow | Рейтинг: 5.0/4
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 9
avatar
0
1 Мango • 09:35, 17.10.2023
"Saña gynanjak ýok bir senden başga!"
özüňe gynanjak ýok özüňden başga! -diýjek bolýaňmy?
beýem diýme, dünýe giňdir...
bu günler senden pessimistik şygyrlar gelýäle, Baýram kaka?...
avatar
0
2 Medicall • 09:43, 17.10.2023
heý, jigimjan, jigimjan, gynandyryp nätjeksiň daşyňdakylary, hany, bir begendirjek bolsana:)
toý bar diý, öýlenýän, aýdymly diskim çykdy, div, gowy gyz sataşdy diý, işimi täzeledim diý, garaz gowy zatlary buşlasana:)
avatar
0
3 Medicall • 09:52, 17.10.2023
gynanan tapylar, esasy zat: ýagdaýyň gynanarlyk bolmasyn
avatar
0
4 Myhman1185 • 10:20, 17.10.2023
Ýokardaky suratda oglan: "toý ba, gowy gyz duşdy, öýlenýän" diýipdir.

"Dur, dur... şo gyz senn, sennnnnnn..."
avatar
0
5 Мango • 10:32, 17.10.2023
surat amerikan söýgi romanlarynyň ilýustrasilaryna meňzeýär.
oglanyň umydy uly bolarly, uly çemenem beripdir. :-)
avatar
0
6 Medicall • 10:40, 17.10.2023
Näme-de bolsa gül bilen urýar, sumkasy bilen ursa nätjek, ýa-da ökjeli köwşi bilen depse nätjek)))
avatar
0
7 Myhman1185 • 11:12, 17.10.2023
Yznaçit näme eken: birileri üçin hoş habar beýlekileri üçin şum habar eken.

Bize üçin toỳ bolsa bolýa, Artyk kime öýlense şoña öýlensin.
Aỳna üçin welin beýle däl :-)
avatar
0
8 Pero • 08:24, 18.10.2023
Hawa,hawa esasy zat ýagdaý gynanarly bolmasyn,amin!
Adam bir täsin ýaradylyṣ-da. Aslynda baṣga biriniñ agyr ýagdaýyna gynanmak adama ezelden berlen duýgy. Heý,biri gynanar-da,heý biri aglap durar-da sen oña gyýylmarsyñmy?! Gyýylarsyñam,gynanarsyñam,hat-da has aýylganç bolsa tanamaýan birleriñ üçin aglarsyñam. Meselem,uruṣlarda pajygaly ölūmli habarlary diñlåp nähili bolýañ?! Eger özüñ baṣga biri üçin gynanýan bolsañ,señ üçinem gynanýanlar hökman bardyr,kändir. Emma ýa saña beýle adamlar gabat gelen däldir. Ýa bolmasa-da barlygyny bilýän dälsiñ. Olaryñ kömek goluny uzatmaýanlygy saña gynanmaýandygyny añlatmaýar ahyry. Ṣonuñ üçinem geliñ mydam dilegde bolalyñ:"Eý,Allah,ýamanlardan azaṣdyr,ýagṣylara ýanaṣdyr"
avatar
0
9 Pero • 08:27, 18.10.2023
Ṣonda hökman daṣymyzy gallaýan adamlaryñ köpüsiniñ ýagṣylardygyna göz ýetireris.(baý akyl satyp bildim-aý,yok-la aslynda mugt. Mugt wagty bir alyñ:))) )
avatar

Старая форма входа
Total users: 203