08:56 Saña hat / Kimligi möhümmi ýa nähilidigi | |
SAŇA HAT KIMLIGI MÖHÜMMI ÝA NÄHILIDIGI?! Salam dost! Bu hat saňa! Haty okap başlan bolsaň,dur,tagapyl et! Adatdakylar ýaly goýuja gök çaýyňy demlen,çünki men saňa çynlakaý pikirlenere sowal ýollaýan. Dost jan, aýdaly men bir işiň başyny başladym. Bu işe meýletin goşant goşmak islegli biri bar diýeli. Emma men onuň kimligini bilemok,gaýbana tanaýan. Hemmelerem gaýbana tanaýar diýeli. Indi biz onuň ýagşy işlerine,goşantlaryna begenmekden,guwanmakdan,alkyş aýtmakdan geçen,bar işimizi taşlap,şol adamyň kimligini dörjelemelimikäk? Aýtsana,dost , eýsem-de biz indi şeýle derejä ýetdikmi? Köpümiz zerre ýaly ýagşylyk etsek,adymyzyň tutulmagyny kem göremzok,munuň gelşikli däldigine aňryýany bilen düşünsegem. Ýagşylygy näçe gizlin etseň,şonça-da sogabynyň köp bolýanlygyna düşünsegem, ýene-de kimligimiziň tanalmagyny isleýäs. Gadrymyzyň bilinmegini,arzylanmagymyzy näler isleýäs. Bu adaty adama mahsus häsiýet,emma...dostjan emma näme üçin ýagşylyk edip hem adynyň tutulmagyny islemeýän adama “Brawo” diýmekden,minnetdar bolmakdan geçen, biz oňa “Bagyşlaň,weli siz kimligiňizi aýtmasaňyz, biziň bilesigelijilik duýgymyz minnetdarlyk bildirijilik hem-de ýagşylyga ýol açyjylyk duýgymyzdan üstem gelýär we ýagşylyklaryňyzy-da gözümiz görmez hala gelýäris” diýýäsmi indi?! Uzyn gepiň keltesi dostjan kişiniň kimligi möhümmi ýa bolmasa nähilidigi? © Meňli Aşyrowa | |
|
Ähli teswirler: 4 | |
| |