23:35 Sankt Peterburg / esse | |
SANKT-PETERBURG Питер пахнет ПапиРоссом Eger asmandan garaňkylyk düşäýse, ilki bilen şol köpgatly jaýyň depesinden inýär. Ýöne başga bir tarapdan seretmeli bolsa, onda ilki bilen şol köpgatly jaý asmana beýleiklerden ýakyn ýerleşýär. Onuň oturyşy diýip ýerde fundamenti bolan we ýerden o diýen saýlanmadyk jaýlar babatda aýdyp bolardy, ýöne köpgatly jaýyň fundamenti ýerde bolsa-da, asmana ýetmek babatda galan jaýlardan has beter erjellik görkezipdir. Onuň ýokarky gatlarynda ýaşaýan adamlar hakynda ýeriň däl-de, howanyň ýaşaýjylary diýen meňzetmäni ulanmak ýerlikli bolardy. Şol sebäpden köpgatly jaýyň “oturyşy” däl-de, “dik durşy” diýen meňzetme bilen kesgitlemeli. Elbetde, häzirki zaman adamsyny geň galdyrmak nähili kyn bolsa-da, howada dik durýan jaýlar we onuň ýaşaýjylary bilen barybir geň galdyrara zat tapyp bolarmyka diýýärin. Asmana has golaý dik duran jaýyň agşamlaryna çyralary ýalpyldaýar. Peterburgda gyşyna her gün gar bolýar. Bu ýerde gyşyna güneşli günleri sanabermeli diýen ýaly. Gyşyna şäher garaňkylyk bilen ýaşaýar, sebäbi gündiziň ýagtylygynyň ömri örän gysga Siz, heý, birwagt ömri gysga suw siňegi barada eşidip gördüňizmi? Tomsuna ýata suw howdanlarynyň köpüsinde oňa duşmak mümkin. Eger suwda gözüňizi açsaňyz, daş-töwerek solak ýagtylyk we ýaşyla golaý çal reňk bilen boýalandyr. Sankt-Peterburguň gündizleri hem gyşyna şeýle solak ýaşyla golaý çal reňk bilen reňklenýär. Eger gözüňizi açsaňyz, suw howdanynda şol solak ýaşyla golaý çal reňkiň içinde siziň daşyňyzy kiçijek gara nokada çalymdaş suw siňekleri gurşap alar. Ýöne olary tutjak bolup azara galmaň. Sebäbi bu mümkin däl diýen ýalydyr. Olar dünýäde ömri iň gysga jandarlar bolýar. Sankt-Peterburguň gyşyna gündizleriniň ömri hem şeýle gysgalyk bilen geçýär. Bu şäher, esasan, tümlük bilen ýaşaýar. Uzak günüň dowamynda sessiz duran çal binalar agşamlaryna edil knopkajygy basanyňdan çyralary ýanýan oýunjaklara çalym edýär. Haýran galaýmaly görnüş. Gündizlerine iň azyndan bir asyr wagt aralygy bilen ölçenýän gadymy daş binalar gijelerine häzirki zamanyň dürli çyraly oýunjaklaryna meňzeýär. Bu bir tarapdan, gündizlerine näçe çytyk bolsa-da, gijesine çaga ýaly bilesegeliji adamlary hem ýatladýar. Peterburglular, umuman, öz şäherini gowy görýärler. Onuň baý taryhyna örän buýsanýarlar. Ýöne bu şäheriň bary-ýogy üç ýüz ýyl ömri bar diýip ýörenlerine-de duşdum. Olar Ýewropanyň müň ýyllyk taryhy jemleýän binalaryny meselem getirýärler. Meni häzirki zaman Peterburgunda haýran galdyran zatlar hakda punktma punkt aýtmak isleýärin. Şolaryň iň ilkinjisi, Peterburguň ähli ýerinde diýen ýaly binalaryň birinji gatyny, galaba, söwda öýleriniň eýelemegidir. (Dowamy bar) © Bägül ATAÝEWA | |
|
Ähli teswirler: 1 | |
| |