15:54 Saragt Babaýewiň "Ejemiň ýatlamasy" eseriniň taryhy | |
Heýkeltaraş: © Saragt Babaýew Türkmen sungat ussatlarynyň döreden eserlerinde diňe bir göwrüminiň gözelligi özüne çekmän, eýsem onuň bilen baglanyşykly wakalar hem tomaşaçyny gyzyklandyrýar. Her bir sungat eseriniň özüniň uly taryhy bar. Sebäbi döredijilik adamsy gyzyklanýan, özüni biparh goýmadyk temalara ýazlenip şol esasda hem eseri döredýär. Ylaýtada şeýle eserler şekillendiriş sungaty ussatlarynyň döredijilik eserlerinde köp duş gelmek bolýar. Şeýle eserleriň biri hem halypa heýkeltaraş Türkmenistanyň halk suratkeşi Saragt Babaýewiň “Ejemiň ýatlamasy” (1989) atly işidir. Heýkeltaraşyň bu eseriniň döremeginiň özboluşly taryhy bar. Ussat heýkeltaraşyň bu eseri Beýik watançylyk urşy ýyllarynyň wakasyna bagyşlanýar. Eseriň adyndan belli bolşy ýaly bu wakany heýkeltaraş hut öz ejesiniň gürrüň berişi esasynda beýan edýär. Ýagny Beýik watançylyk urşy halkymyzyň başyndan apat bolup indi. Her bir türkmen ojagynyň ýüreklerini daglady. Obalar öýün-öýün boşap galdy, hat-da towuk soýarada erkek göbeklisiniň hem galmadyk ýerleri bolupdyr. Bu waka Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň Hasyl obasynda bolup geçýär. Ýagny şol obanyň sürüsini bakýan çopan gumda wagty amanadyny tabşyrýar. Muny gören onuň kömekçisi çoluk näderini bilmän aljyraňly ýagdaýa düşýär. Eger jesedi oba özi alyp gitse yzynda obanyň ynanyp berilen dowarlary gurtlara şam boljakdy, dessura laýyk etmän jesedi özi şol ýerde jaýlasa merhumyň dogan-garyndaşlary gaty görjekdi. Indi ony bir günden artyk saklap bilmejegine göz ýetiren çoluk oba bilen çopan goşunynyň arasynda gidip gelýän düýesi ýadyna düşýär. Ol jesedi keçeleriň birine emaý bilen ýerleşdirip, onuň daşyny eplenmez ýaly sazak bilen jebis dolaýar we çök düşüp oturan düýä berkitýär. Şeýlelik bilen ol düýäni oba tarap ýola salyp goýberýär. Öýle guşluk ugradylan düýe oba ertir gün günorta düşende gelipdir. Düýe şol merhum çopanyň öýüniň gapysyna gelip özi çök düşüp oturypdyr. Oba adamlary düýäniň bu gezek adamsyz gelenine allaniçiksi bolup, oňa golaý gelenlerinde keçä dolanan çopanyň jesedine gözi düşüpdirler. Bütün obany ahy-perýat gaplap alypdy. Ozalky ýaraly ýürekleriň ýarasy täzelendi. Obada merhumy jaýlar ýaly erkek adam bolmansoň aýal maşgalalar jaýlamaly bolupdyr. Şeýle waka heýkeltaraşa ýiti täsir etdi. “Orta mekdep, çeperçilik uçilişesinde okan döwürlerim, soňra Moskwada instituda talyp ýyllarym hem şol agyr ýyllar barada eser döretmek hyjuwy hiç hyýalymdan çykmady” diýip ussat heýkeltaraş gürrüň berdi. Bu eser ilkinji synanşykda şowly çykyp oturybermedi. Onuň üçin birnäçe taslamalar, gözlegler ýerine ýetirildi. Olaryň içinde şowsuz çykanlary hem bolman durmady. Emma şol bolup geçen wakanyň ruhy güýji heýkeltaraşy bir ýerde oturtmady. Ol gözleglerini dowamly gözledi. Halypa heýkeltaraşyň gürrüň berişi ýaly ahyr soňunda 1989-njy ýylda Riganyň etegindäki Ýurmola döredijilik öýünde iş sapary wagtynda döretmek başartýar. Ençeme ýyllaryň dowamynda heýkeltaraşyň ylham köňlünde bişirilen bu eser ahyrynda dünýä indi. Ol eser many hem göwrüm taýdan ussatlyk bilen ýerine ýetirilen. Bu işiň ýerine düşendigini gören sungatşynaslar onuň şamot materialyndan ýasalan asyl nusgasyny şol wagtky SSSR-iň çeperçilik akademiýasyna, soňra bolsa bürünç materialyndan edilen ikinji nusgasyny bolsa dünýä belli Tretýakow galereýasyna satyn aldylar. Soňra heýkeltaraş ony gaýtadan şol bir görnüşde ýerine ýetirdi. Indi onuň gaýtalanan görnüşleri häzirki wagtda Turkiýanyň şahsy kolleksiýasynda (ýygyndysy) we ussat heýkeltaraşyň ussahanasynda ýerleşýär. Eserde görkezilýän gahrymanlar yzygider gidip barýan görnüşde şekillendirilýär. Öňdäki görnüşde eşegiň üstünde oglanjygyň şekili, arabanyň üstünde bolsa şol çopanyň jesedi görkezilýär. Onuň yz ýanynda bolsa aglap gelýän zenanlaryň topary bar . Eserdäki oglanjygyň şekiliniň goýulmagynyň özboluşly manysy bar. Merhumy jaýlamaga diňe aýal maşgalalaryň bolandygy sebäpli gonamçylyga ilki bilen erkek göbekli girmeli diýip düşünen adamlar eşegiň üstünde oglanjygy oturdypdyrlar. Eserdäki oglanjygyň keşbi entek türkmen neberesiniň dowamynyň dowamdygy nyşanlandyrýar. Eseriň manysy şekillendirilen keşpler bilen özboluşly bitewligi emele getirýär. Döredilen gahrymanlaryň egin lybasyna seredeniňde bu waka gyşyň bir güni bolandygyna ynanmak bolar. Olaryň hiç biriniň hem ýüz keşbi takyklaşdyrylmandyr. Bu ýerde heýkeltaraş keşpleriň takyklygyny däl-de eseriň emosional güýjini öňe çykarýar. Şeýle eserler tomaşaçyda uly tolgunma döretýär. Kiçi göwrümliligine garamazdan monumental häsiýetleri özünde jemleýän eser halypa heýkeltaraşyň diňe bir uly göwrümli heýkelleriň däl-de eýsem kiçi göwrümli heýkel eserleriniň hem ussadydygyna ýene-de bir gezek şaýatlyk edýär. © Döwletmyrat DURDYÝEW sungaty öwreniji | |
|
Ähli teswirler: 2 | |
| |