Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

00:51
"Sebäbi ol meniñ..."

"SEBÂBI OL MENIŇ..."

Sözde keramat bar. Ynsanyñ haýwandan tapawudy-da şonda. Özem käbir söz aýdylyşy taýdan ýönekeý eşidilse-de, özünde uly manyny jemläp gelýär welin, eşideniñden ýa-da okanyñdan  beýläk her haçan, her pursatda şol jümle ýüregiñi syzladyp özüni ýatladyp başarýar.

Irräkler  teatr sahnasynda spektakl gidip dur,  ýalñyşmasam "Abyl we Kabyl" bolmaly, spektaklam, artistlerem ýadymda galmandyr, sebäbi mekdep okuwçysydym ol mahallar, emma şol sahnadan birje sõzlem hiç ýadymdan gitmeýär. Ol sözlem maña şeyle bir täsir edipdi, biri sähel ynjadygy şol ses gaýtalanan ýaly bolardy.  Soñra-ha  kärim adamlaryñ saglygy bilen bagly bolansoñ-a hasam ol jümle meni hiç kimi ynjytmazlyga, adamlar,  hat-da ähli ýaradylanlar bilen seresap bolmaga çagyryş ýaly ýañlanýar bir ýerlerde.
Ol sahna şeýleräk galypdyr ýadymda:
Adam Ata, How Ene "betçilik edip" jennetden Zemine ugradylýar, soñ bir-birini tapýarlar, ikisem ak eşikde, (artistler ýadymda däl, ) özleri jennetde iýmeli dälkäler iýip jezalandyrylyp ugradyldylar-da Ýere, düşübem ajygyp başladylar, bir zatlar iýesleri gelip hars urýar-da How Enemiz. Ahyr Adam Atamyz oña dözmän gidip bir akja owlajygy awlap gelip, ot ýakyp ony kebap edip bişirýärler, (şol ýerde owlagy nädip awlaýany ýadymda däl, ýogsa ony awlaýşyny görkezýärdiler ýaly spektaklda) onsoñ Adam Atamyzam, How Enemizem heziller edip çapbyldadyp iýip: "baý-ý munuñ süýjidiginiiiiiii" diýýärler ikisem, edil şol ýerde diýseñ näzik, kinaýaly, kemşerip aýdylan ýaly ses bilen bir jümle ýañlanýar: "sebäbi ol meniñ şirin janym-da". Onsoñ Adam bilen How Ene oña ünsem berenoklar, süýjedip baý iýýärler-ä owlajygy.
Ine, şondan bärem şol bir agyz ýañlanan sõz janly jemende bilen örän seresap çemeleşmelidigini ýatladýan ýañ bolup siñipdir hakydama.

© NURDAN
Bölümler: "Jahanda näler görüner" | Görülen: 120 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Nurdan | Рейтинг: 4.5/4
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 3
avatar
1
1 Мango • 18:54, 19.09.2023
"sebäbi ol meniñ şirin janym-da..."
şuny öňem bir ýerde okap halapdym.

"Adam Ata, How Ene "betçilik edip" jennetden Zemine ugradylýar..."
şujagaz ýerine iki sany bellijek edesim gelýär.
meniň pikirimçe (aslynda dini meselelerde meniň, seniň pikiriňçe diýmeli dälem welin) "betçilik" diýip näme göz öňünde tutulandygy anygam däl welin... olar Adam we Howa diňe Allahyň (belki wagtlaýyn) gadaganlygyny bozdular, iýmesiz miwäni iýdiler...

sözlemde jennetden "kowulýar" diýmän "ugradylýar" diýileni welin dop-dogry. sebäbi olar kowulmady-da çykaryldy. kowulan - şeýtan. çykarylanlar welin ýene-de dolanyp ol ýere bararlar. kowulan barmaz.

gowy oýlanma. minnetdar.
avatar
1
2 Medicall • 20:08, 19.09.2023
Betlik etmegi, betçilik etmegi başga şiweler nähili manyda ulanýar bilmedim, bizde betlik etmek, bet bolmak diýip çagalaryñ ene atanyñ diýenini etmän, etme diýenini edip garagollujak eden mahallary aýdylýar. "men gelinçäm betçilik edäýme, akyllyja bolgun" diýilse çaga garagolluk etme, etmeli däl işi etme diyildigi,
Ýaradanyñ Adama beren synag wezipesine "betlik" diymäge hetdim ýok elbetde, gürrüñi spektaklyñ ýadymda galan ýerine görä ýazdym, şondan üzlem saplamdyr)

"betçilik edip" sözi kawiçka almagymyñ sebäbem şol manydady, sagboluñ!
avatar
1
3 Балканов • 17:38, 20.04.2024
Олжас Сулейменов

Любая влага, влитая в кувшин...  

Любая влага,
влитая в кувшин,
спешит принять
его литую форму,
а слово,
проникая в глушь души,
ей сообщает
собственную форму.
Тьму искажает образами
ночь,
в конях отстали
борзые комони...
Всегда,
повсюду —
горлом превозмочь
границы ужасающих гармоний.
Так, в мир входя,
мы изменяем мир,
он — оболочка,
мы — его основа,
мой мир,
рябясь, морщинясь,
как эфир,
приобретает очертанье СЛОВА.
Искрится дым —
сгорел последний том...
Но
вечен знак над лёгким пеплом
букв,
над кошмами,
над каменной плитой
изогнутый лекалом мысли
ЗВУК.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203