Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

04:01
Señ üçin...

«ELEGANT ESER» baýragyna hödürlenýär


SEŇ ÜÇIN...

Seň üçin şükür etsem,
Süýşüp gidýär tebigat.
Ol hakda pikir etsem,
Men munda şonçarak şat.

Seň üçin etsem şükür,
Ykbal möňňürip başlar.
Ol hakda etsem pikir,
Arşyň gözleri ýaşda.

Ol hakda etsem pikir,
Günälerim ýuwulýar.
Seň üçin etsem şükür,
Düşnüksizlik duýulýar.

Seň üçin etsem şükür,
Gargap ugrar perişde.
Ol hakda etmän pikir,
Betbagt men hemişe.

Seň üçin şükür edip,
Daş diredi maňlaýym.
Ahyry pikir edip,
Men namazy saýladym.

Seň üçin şükürlerim,
Nätsemem güldürmedi.
Ol hakda pikirlerim,
Şu çaka öldürmedi...

21.02.2024ý.
Bölümler: Goşgular | Görülen: 212 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Gurbanmyrat Saryýew, ELEGANT ESER baýragyna | Рейтинг: 2.5/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 36
avatar
0
1 Lacrymosa • 07:55, 22.02.2024
Dünyaları verseler,
tek gözünü vermezsin.
İki gözünü VERENE
neden secde etmezsin?

Nejip Fazyl.

bar, jomartlyk menden galsyn 10 bal.
şu gün nastroýeniýäm gowy.
şu wagta çenli goýlanlaň hemmesine-de menden 10 bal.
indiki goýuljaklara-da. ýeterki yaryş dewam etsin
avatar
0
2 Pero • 08:36, 22.02.2024
3/10
avatar
0
3 sussupessimist • 09:01, 22.02.2024
Okap otyrkaň bir zatlar
bolaýjak-bolaýjak
ýaly bolýar-da, bolanok.
Ýogsam goşgudaky minimalizm
erbet däl. Awtor aňyrdan geleni
dolulygyna sykyp alyp bilmedik ýaly.
Güýçli ýazyjylaň biriniň-ä sözi bardy:
"Biz mydama iki eser döredýäs.
Birini aňymyzda, beýlekisini - kagyzda".
Şol aňdaky goşgy 7 baly ogurlady öýdýän.
3/10
avatar
0
4 aygull • 09:17, 22.02.2024
Negözel temany elläpsiň, gozgap bilmänsiñ.
Bähbit bolsun, herne şek ýetirmänsiñ.
Indikide, gowy güýç toplap, bir zatlaram
başyñdan geçirip, ýene bir synan hany.
5/10
avatar
0
5 derwushhana • 09:17, 22.02.2024
Niýet gowy, pikir gowy ýöne beýan ediliş ýöntem hem uzak. 4/10
avatar
0
6 Küle • 10:45, 22.02.2024
Uzaklygy bn ylalaşýan, ýöntemligi bn doly däl. 4/10
avatar
0
7 Mekan2 • 10:52, 22.02.2024
6/10
avatar
0
8 Rowaç • 14:06, 22.02.2024
Doly açyp bilmedik ýaly, Mysal,
onuň üçin eden şüküriňe perişde
näme üçin gargasyn? Özi-ýä bir zat ýetenok,
bilmedim näme ýetenok. Şonuň üçrip, 4/10.
avatar
0
9 Hyýalbent • 16:50, 22.02.2024
5/10
Awtora üstünlik
avatar
0
10 paragraph • 04:34, 23.02.2024
5/10
avatar
0
11 Мango • 12:37, 23.02.2024
gurbanmyrat sarymyka şükür edýän, pikir edýän?
şüküri, pikiri "oýnap" zikiri ýatdan çykarypdyrmy?
magtymgulam bir wagt ýazypdy öýdýän
"pikir et, şükür et, zikir et" diýip...
3/10
avatar
0
12 garagar • 20:47, 24.02.2024
4/10
avatar
0
13 Seýrаn • 20:34, 26.02.2024
Birhili guraksy ýaňlandy. 4/10-a mynasyp gördüm.
avatar
-1
14 Ak-sary • 23:44, 26.02.2024
Jemleme juda gowşak...
avatar
0
15 Mekan2 • 12:26, 27.02.2024
goşgyň ady bir aýdymy ýada saldy.
şeýle başlaýa:

gellllllllll-lllääääääääääääääääääää
äääääääääääääääää
äääääääääääääääääääääääääläm, gel, läläm, niýetlän
güllem açyldyyyy,
gel, kirpiklem bilen daraýyn saçyňňň...

seň üçin,
ba-ba-ba-bap
seň üçin,
ba-ba-ba-bap
diňe seň üçin,
ýeközüň üçin
avatar
0
16 aygull • 12:53, 27.02.2024
Gowy sesiňiz bar eken, myhman aga.
Özüňize goýan aýdymlaryňyzam bar bolsa,
aýdybermelidir))
Sazynam özüňiz çalýan ekeniňiz, allanäme
avatar
0
17 Mekan2 • 13:01, 27.02.2024
aýtma, aygull hanym. (töweregimde adam galmady :-))
avatar
0
18 aygull • 13:17, 27.02.2024
Toba, men nä adam dälmikäm? Sesiňizi
eşidip geldim men-ä gaýtyp:)))
avatar
0
19 Medicall • 14:00, 27.02.2024
baýbuuuu, ýuwaş, tondan çykypsyňyz myhmandaýyy,
sesiňiziň ýarsyny kesmeli bolýan, kän ää-läpsiňiz,
inni siziň damagyňyzy bejermeli bolup baty bärde)
(ää-ň ýarsyny aýyrmasak bolonok)
avatar
0
20 aygull • 14:15, 27.02.2024
Ýetişiň, gargalar bilbili hordan kowjak bolýalar)))
avatar
0
21 Mekan2 • 14:16, 27.02.2024
öýkene derek kompressor oturan ýalydyr
görseň. zakaz alýan däldirin toýa beýlekä.
avatar
0
22 Mekan2 • 14:20, 27.02.2024
dogryňy aýt, aygull genje, goýun
mäläýändir öýdüp geldiňiz gerek :-)
avatar
0
23 aygull • 14:48, 27.02.2024
Yok, men birini urýandyrlar, halas edeýin diýip gelipdim.
avatar
0
24 Medicall • 15:42, 27.02.2024
baagyr owasynna gördüm özüniiiii

ine gygyrmanam aýdyp bolýa kenä,
avatar
0
25 Medicall • 15:45, 27.02.2024
Aýgül, biza toý etsek şo bagşyny tutjak, öňünden aýdýandyryn)))
avatar
0
26 aygull • 15:52, 27.02.2024
Toýa-beýlekä gidemok diý-dä, şeýle çagyraýmasañ))
avatar
0
27 Mekan2 • 15:54, 27.02.2024
toý bolýara, toý bolýa
"awazada" toý bolýa
toýda men aýdym aýtsam
hazar deňzinde gaý bolýa

hany, balkan gözelleri, haýsyňyz gazal aýdyşýaňyz
avatar
0
28 Medicall • 15:59, 27.02.2024
ýoo, ony getirmegem gerek bolmazlaý,
ýaňky gygyrşy ýaly oturan ýerinden
gygyyryp berse-de eşdiljek eken,
gördüňa wes türkmenistana eşitdirdi
sesini, ýanyňda gygyrsa-da näme boljagy
belli däl))
avatar
0
29 Medicall • 16:00, 27.02.2024
gazal aýdyp bilemok, hiç aýdyp görmedim,
avatar
0
30 Medicall • 16:05, 27.02.2024
küşt depip bilýäniňiz barmy?
avatar
2
31 Gülkamat • 16:11, 27.02.2024
Küşti başga yeriñ folklorçylaram Balkanyñ kiçijek cagasyça depip bilenok. Olarda awtomatiki yagdaýda bolýar... ))
avatar
0
32 Gerceknazar96 • 19:47, 27.02.2024
Şygyrda şol bir sözler gaýtalanyp dursa halamok . 4/10 . Galamdaşymyň galamy ýiti bolsun .
avatar
0
33 Мukam • 21:59, 03.03.2024
Bir zatlar diýjek bolýar. Sen Alla üçin şükür edýänmi? Ýa-da Allanyñ seni synaga goýanyna... Nähili bolsa-da bir ýerini laýyk getirip bilmejekden boldum. Alla üçin etsen şükür Perişde gargamasy ( diýjek bolýany "Melgun atly perişde" diýseñem boljakdan) kim ýazanam bolsa, bärden gaýdypdyr. Üstünlik! Gowyja täzeçilliklerem ýok däl.
avatar
0
34 LegLek • 19:59, 04.03.2024
«Sen» diýip ýüzlenilýäni, düşünişimçe, ynsan bolmaly, «Ol» bolsa — Hak.
Seň üçin şükür etsem,
Süýşüp gidýär tebigat.
Ol hakda pikir etsem,
Men munda şonçarak şat.

«Süýşüp gidýär tebigat» diýip, «tukat, sarsgynly, ala-tupan dünýäm» diýýän ýaly, ýöne näme üçin «Seň üçin şükür etsem»?!
Ol hakda pikir etse, şat bolýa, Arşyň gözleri ýaşarýa we şol ýaşlar — ýagyşlar bilenem günäleri ýuwulýar, ýaşamaga bolan umydy direlýär.
Ol hakda pikir etmese welin betbagtlygyny bilýär.

«Ony» unudyp, «Sen» hakda pikir etseň, şahyr dogan, perişdeleriň «gargajagy» ikuçsuz, edil bir gargamasa-da, göwnäp-goldabam barmaz.
Akylyňa aýlanyp, Ony we namazyňy saýlanyň gowy :)

Pikiriň erbet däl, haladym, ýöne şony aňladyp bilmekde bar mesele.
Gaýtalanmalar ýerliksiz. Çeperçiligi gowşagrak.

Awtora üstünlik! Saýlanlaryň ýardam etsin!
5/10
avatar
0
35 janjennet • 13:43, 13.03.2024
5/10
avatar
0
36 Gülkamat • 17:06, 21.03.2024
5/10
avatar

Старая форма входа
Total users: 203