Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

20:54
Seniň gözleriň

SENIŇ GÖZLERIŇ

Ah, seň jadyly gözleriň!
Ah, seň jadyly gözleriň!

Bir bakyşda maýyl eden,
Ähli zada kaýyl eden...
“Gaýdaryma boldy bir çak,
Meniň wagtym doldy birçak!
Örteme, özelendirme...

Onda işim-aladam köp,
Gijä galsam, ederler gep...
Ne diýse, diýsin başgalar,
Ýöne, ogul-gyz... Maşgala...
Şeýle bir ynjyk özlerem...

Bary bakýandyr ýoluma,
Haýpyň gelsin bu halyma...
Men onda söýýän, söýülýän,
Olaň derdine gyýylýan!
Wah, men saňa-da dözmerin...

Arman, ýok munda aralyk,
Gideýin, durma ar alyp...
Ýok, ýok men-ä eýgeremok,
Gözleň meni goýberenok!”
…Haýry ýok häzir sözleriň…

Ah, seň jadyly gözleriň!
Ah, seň jadyly gözleriň!

© Annamuhammet KIRŞEN
Bölümler: Goşgular | Görülen: 123 | Mowzugy paýlaşan: sussupessimist | Teg: Annamuhammet Kirşenow | Рейтинг: 5.0/4
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 7
avatar
1
1 Aýgül_Baýadowa • 22:06, 10.04.2024
Surat toçno şu goşga degişli?)) Bu skoreýe meň goşgyma gelişýän ýaly-la, Merdanyň gözleri hakyndaky.
avatar
0
2 sussupessimist • 23:37, 10.04.2024
Awtordan:
"Merdanyn gozi Garayewan gozune jadylydyr welin, suratdaky goz gyzyn gozumika diyyan.
Merdan nire, Annamuhammedin gosgusy nire?))"
avatar
0
3 sussupessimist • 23:39, 10.04.2024
Oz adymdan:
Türkmenistanyň milli yygyndysy 1:0 utup durka ozbeklerden 3 gol goyberende Merdanyň gozi şuň yalyrag-a bolupdam
avatar
0
4 aygull • 00:02, 11.04.2024
Menden: gepem şonda-da. Merdanyň gözlerini gören gyzyň gözleri
avatar
0
5 aygull • 00:04, 11.04.2024
Göz bolansoň göz diýäýýän-dünýä ol))
Ah, şol futbol bolmadyk bolsady.
avatar
0
6 Medicall • 00:36, 11.04.2024
"Maña sözleriñden gözleriñ ýakyn"

Gowy görýan Aýgüliñ şu goşgusyny, sesli okamagy gowy görýan, ýöne ýeke özümkäm özüm özüme okapberýandaý))
avatar
0
7 Medicall • 01:15, 11.04.2024
"Ala gözleriñ, gözleriñ" bolupdyr bu goşgy.

Ýöne, ogul-gyz... Maşgala...
Şeýle bir ynjyk özlerem...

Bary bakýandyr ýoluma,
Haýpyň gelsin bu halyma...
Men onda söýýän, söýülýän,
Olaň derdine gyýylýan!
Wah, men saňa-da dözmerin


Siziñkem añsat däliken diýesim geliiip dur şu ýerine:))

Annamuhammet aga, gowy goşgularyñyza garaşýas, ylhamyñyz joşup dursun
avatar

Старая форма входа
Total users: 203