22:53 Seniñ keşbiñ | |
SENIÑ KEŞBIÑ Didaryña juda suwsapdyrynmy ýa-da saña garşy oýuna salynyp aýdylan sõzden soñ hossarlygym has berkäpdirmi bilmedim namesinden, jemalyña maýyl bolup synladygymça sõýgim ýüregimiñ çuñlugyndan syzylyp merdemsi gerişleriñe sary ýol salyp atygsap barýar. Belent başyñ, agras keşbiñ ene zemin bilen asman aralygynda sütün kimin direnip durşyna: "berkligiñ müdimiligiñ menden bolsun, tupanlarda tozma, harasatlara synmaz bol!" diyip mertlige çagyrýan dek pikir dõredýar serimde. Men seniñ sähraýy uzyñ- Mertligi baýdak edinen, Pederleriñ demi siñen, Heýkeliñ togap ederin. Seniñ keşbi didaryñdan geçmişiñ syryny okajak bolýan ýaly ençeme hasratlara ýana ýana gatan bagryñy, gara daşa dõnen dõşüñi gayta gayta synlaýaryn, husny jemalyñdan keremli hikmetleri syzmak isteýip õwran õwran intizar nazarym mertebeli başyña gõnügip, hyýallarym belentligiñde perwaz urýar. Saña: "gara dag" diyenler tapylaýanda-da hiç kemsinmegin... Seniñ degresinde maýa bozlan, ýaýlasynda jeren oýnan, saýasynda küren-küren iller õrlan dereleriñ berekediñ mesgenidir. Seniñ şahyr ýürek ogullaryñ waspyñy ýetirebilendirler. Biri seni kap dagyñ bõlegine deñäp, tarlañ, sugun, laçynly altyn başyñy taryp etse, ýene biri seniñ şaglap inen bürgütleriñe buýsanyp, saña at dakanyñ mûñkürdigini aýdyp geçendir. Sebabi seniñ durkuñ genji kaniñ gara altynyñ mesgenisiñ. Uzalyp gaýdýan belentli pesli gerişleriñi synlaý synlaý uly Balkanyñ gyrasyny syryp, gelip gelip kiçi Balkanda bir başyñ deñize diräp howalanyp duran kert gaýañda duran ýerimden õzümiñ seniñ deýin daglaryñ maralydygyma, hut seniñ adyñ baglanşykly toprakda önüp-ösüp kemal tapanlygyma şükürler edip, deñziñ seniñ ýylçyr gaýañy ýuwup, birden-birdenem oýun edesi gelýan ýaly haýbat bilen urup, galkan kimin dõşüñ sarsman duruşyndan tasanjyrap, pagyş para boluban ak kõpürjige õwrülip uly goh turuzýan gomlaryñ sesine goşulyp hiñlenýarin: Men seniñ deñizli uzyñ Gerşiñden dünýä bakaryn. Barlygyñ baýlygma des-deñ, Balkan dagym - bal akanym! 2017 © NURDAN | |
|
Ähli teswirler: 0 | |