Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

17:27
«sergin ýellerinde başym sämedip...»


***

sergin ýellerinde başym sämedip,
meñzimi saraldyp, tüýsüm özgerden!
hyýal içre ugur bilmez gämi dek
gaçyp geldim berilmedik sözlerden.

bar bolan zat geçip gitdi düýn ýaly
sazymyñ kirşini üzemsoñ dartyp.
men başyma ýapaýynmy dünýäni
bu toprakdan üzňe, bu ilden artyk?!

ýetse bolýar iki garyş ýer diñe
ýapraga gar, topraga gan damanda,
ýöne salyp barýar aldym-berdime
däli ganlar karar tapman damarda.

harplar harap bolup, açyp dur syryñ
pikirler perişan, duýgular göýdük.
şeýle bir,
şeýle bir ýalñyşypdyryn:
bu baglaryñ bary meñkidir öýdüp.

dumly-duşa dargar gaýgylarym meñ
ak süýdünden gana-gana ememsoñ.
meger, diñe şonda aýñalaryn men
"oglum, senden razy" diýse, enem soñ.

boldum soñsuz çäklerinde kagyzyñ
başbermezek pikirleriñ tussagy.
gülkülemde ysy bardyr agynyň,
şonuň üçin setirlerim gussaly.

düýşlerim bar gijelerden daşarda,
arzuwlar bar ýüregime gabalan.
damarymy tutup, diñle, başarsañ,
sesi geler gözi ýaşly çagalaň.

bir käse çaý owurtlara maý barka
ýaşym dama-dama daşy deşermi?!
şeme goýan tüňçäm haçan gaýnarka?!

© Sungat GURBANGELDI
Bölümler: Goşgular | Görülen: 120 | Mowzugy paýlaşan: sussupessimist | Teg: Sungat Gurbangeldiýew | Рейтинг: 4.6/7
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 9
avatar
0
1 sussupessimist • 17:28, 22.12.2023
Sungat Gurbangeldiden täze goşgy
avatar
0
2 Мango • 17:50, 22.12.2023
goşguda baş harplaň ýoklugy - eýýäm bu ullakan zat.
avatar
1
3 Medicall • 19:37, 22.12.2023
"men başyma ýapaýynmy dünýäni
bu toprakdan üzňe, bu ilden artyk?!"

Ajap! 10 ballyk!
avatar
0
4 Kyyas • 20:10, 22.12.2023
Gowy goşgyda
şeýle bir,
şeýle bir ýalñyşypdyryn:
bu baglaryñ bary meñkidir öýdüp. Şeýle bir iki gaýtalanyp, höwes bilen joşgunly aýtmak isläniñki ýaly,
Men bolsa şol setiri ýöne
Men,
şeýle bir ýalñyşypdyryn:
bu baglaryñ bary meñkidir öýdüp.

Okadym, meniñ öz okaýşymça owadan we meniñ göwnüme gowy akymly goşgy bolup eşdildi, goşga 5 dyldyý
avatar
0
5 Мango • 22:21, 22.12.2023
dumly-duşa dargar gaýgylarym meñ
ak süýdünden gana-gana ememsoñ.
meger, diñe şonda aýñalaryn men
"oglum, senden razy" diýse, enem soñ.

şu ýerdäki "süýt" göçme manydamy?
"süýt emilýän" ýaşda "gaýgy" bolmaly däl.
"gaýgyly" ýaşda "emilen" bolsa onda ol süýt başga manyda(myka)...

süýt - arassalygyň, halyslygyň, saplygyň... simwoly bolmaly.

"düşündiriň" sözi gadagan bolmadyk bolsa düşündiriň diýerdim welin...
avatar
0
6 garagar • 00:17, 23.12.2023
Ak süýtli ýerinde topraga ýüzlenýärmikä diýýän.
Akmak görünäýmäýin diýip, soragam berip bolanok, Sungat agaň goşgularyna. Agyrdan salyhatly goşgulary bar. Düşünmeseň, köpräk oka (bilimiňi artdyr manysynda) diýýän ýaly bu goşgy.
avatar
0
7 sussupessimist • 01:15, 23.12.2023
"düşündiriň" sözüni gadagan etsegem, pikir alşalyň diyen ajayyp jümle bar.
Barysam dogry bolup biler. Ak süyt - belki, päklikdir, saplykdyr, halallykdyr.
Belki-de, mukaddes hasaplayan ahli zadymyzdyr. Meň diyyänimem şol, instinktiw derejede biz hemme zada düşünyäs, yone başga sözler bilen düşündirip, aňlatma berip bilemzok. Aslynda, bu yerde duyup, duygulara açylyp okasaň, yalňyşmak ähtimallygy juda pes.
avatar
0
8 Seýrаn • 08:41, 23.12.2023
Bah, dushindirish talap etmeyan, yurege degiji ajap goshgy yazypdyr.
avatar
0
9 Lacrymosa • 14:41, 23.12.2023
Men-ä halap goýberdim-eý myny
Sebäp başga ýol goýmady
ähli ýerem gowy
ähli ýerem ter-tereňlik
myssaran ýa öli ýeri ýok
hapaçylygam ýok
igenjem ýok, zeýrenjem
gussa-da şirinje duýuldy
Zehiniňe saglyk, Sungat efendi!
Goýana-da Berekella!
Mango daýymyň beýik sözi bar: hem ajaýyp surat görýäs, hem ajaýyp goşgy okaýas.
Ösdüreýin bu pikiri: hem wirtual didarlaşýas, hem şirinje söhbet kylýas
avatar

Старая форма входа
Total users: 203