02:32 Şeýleräk | |
ŞEÝLERÄK Köçe. Arça. Kölegesiz saýawan Ädimler bir öňe, bir yza harplar Bulutlar parlaýar, ýeri saýalap Gepleşýärin özüm bilen, kitaplar Hyýalymyň töri, gapy kakylýar Näme agtarýaryn, açylgy gözlem Nokat goýulmanka gutardy sözlem Kagyz, şekerli çaý, zyýanly tüsse Bökjekleýär howalaryň sowugy Ýoda, näbelliler, otyr müň esse Dünýä-de aýlanýar, gelip gidipdir Gorkular çalypdyr ýüregiň taryn Ölýänçäm, hatda soň, ýene ýaşaryn Bir agajyň baldagyny penalap Salgymlaryň suwy şeýle bir süýji Duýgular ýumulmaz, bakylmaz nalap Güýç berer bir ene ýatladyp düýşi. Çyralar, geçelge, biriniň öýi Mekdep, güller, ýylgyryşlar, pikirler Nirede aýlanýar eýýamyň küýi Ynha meýdan, jeňňel, düzlük we döwür Çylşyrymly aňsatlaşýan bu ömür. © Seýran OTUZOW | |
|
Ähli teswirler: 4 | |
| |